Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
slogan
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkeziniň  merkezleşdirilen hyzmatlar we maglumatlar portaly
Biz barada
Täzelikler
Makalalar
Suratlar
Wideolar
Bäsleşik
Ulgama gir

Makalalar

Innowasiýa maglumat merkezi

Milli terbiýe mukaddesdir

05.05.2025

133

Milli terbiýe mukaddesdir

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny okanyňda her setirinde çuňňur manyly sözler bar. Maşgala, maşgala terbiýesi, maşgala bitewüligi, agzybirligi, mizemezligi barada ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda halk döredijilik eserini sünnäläp, biziň şu günlerimize ýetiripdirler. Maşgala terbiýesiniň mizemez esaslaryny görnükli türkmen akyldarlary, şahyrlary öz eserlerinde beýan edipdirler. Ynsan öz nesline bilimleri we tejribeleri bagyş edipdir, durmuşda ulanypdyr we şu günki gün has kämilleşdirip, döwrebaplaşdyryp, şol asylly däbi dowamat-dowam edip gelýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynyň «Terbiýe — bagtyýarlygyň çeşmesi» bölüminde şeýle edebi terbiýeçilik setirler bar: «Terbiýe — bu hazyna. Onuň berekedi ýyllar geçdigiçe has artýar. Men döwlet sütünleriniň berk bolmagy üçin nesilleriň terbiýesi meselesine juda jogapkärli çemeleşmelidigimiz hakyndaky pikirimi ýene bir gezek nygtaýaryn. Maşgala ojagynda berlen terbiýäniň perzendiň tutuş geljegine täsir edip bilýändigi hakykatdyr. Gül-gunçaly bagtyýarlygyň ilkinji gämikleri öýde — maşgala ojagynda peýda bolýar. Dogry-dürs berlen terbiýe ynsanyň dünýä hem-de durmuşa bolan garaýyşlarynyň özenini düzýär».

Halk mugallymçylygynyň asylly däplerinden belli bolşy ýaly, çaga maşgala we jemgyýetçilik terbiýesini bermekde pederlerimiz usullaryň dürli görnüşinden peýdalanypdyrlar. Maşgalada ata-eneler, uly doganlar, bile oýnaýan çagalar topary, dostlary, mugallymy, okaýan kitaplary, görýän, eşidýän, diňleýän zatlary we beýlekiler çaganyň edepli bolmagyna, dünýägaraýşynyň giňemegine täsir edýär.

Şonuň üçin hem çagany ýaşlykdan terbiýelemek, olara bilim öwretmek asylly maksadymyzdyr.

Keýik NAZAROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň magistranty

«Mugallymlar gazeti»

Çeşmesi: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Meňzeş makalalar

Hyzmatdaşlarymyz

Sanly ulgamlar

Maglumatlary ulanmagyň düzgünleriGizlinlik syýasaty
Habarlaşmak

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Salgymyz

744000, Türkmenistan, Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Magtymguly şaýoly, 136 jaý

Innowasiýa maglumat merkezi. Ähli hukuklar goralan. 2024