
Makalalar
342

Ýurdumyzyň ähli etraplarynda, şäherlerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem bilim işgärleriniň ýanwar usuly-amaly okuwlary geçirildi. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen 2026-njy ýylyň ilkinji geçirilýän çäreleriniň biri bolan bu gezekki ýanwar usuly-amaly okuwlary guramaçylykly geçirildi. Usuly-amaly okuwda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň Meýilnamasyny, kämil, edep-terbiýeli ýaşlary kemala getirmek boýunça bilim işgärleriniň öňünde durýan wezipeleri durmuşa ornaşdyrmagyň iş tejribeleri barada giňişleýin söhbet edildi.
Ýurdumyzda mundan beýläk hem bilimi ösdürmek, döwrebap özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek möhüm ugurlaryň biridir. Şunda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge, sanly ulgamy ösdürmäge uly üns berilýär. Ýanwar aýynyň başynda geçirilen usuly-amaly okuwlarda hem bu ugurda mugallymlaryň, bilim işgärleriniň çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda möhüm ähmiýetli ugurlar hakynda durlup geçilip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda, orta mekdeplerde okatmagyň usulyýetiniň barha kämilleşdirilýändigi beýan edildi. Aýdyň mysallary beýan etmek bilen, bu usuly-amaly okuwda Aşgabat şäherindäki 18-nji orta mekdebiň müdiri G.Öräýewanyň çykyşynyň täsirli bolandygyny bellemek bolar. Ol «Okatmagyň usulyýeti — bilim özgertmeleriniň binýady» diýen temany beýan etdi.
Okatmagyň häzirki döwrebap usullarynyň sanly ulgam, multimedia tagtalary, slaýd şekilleri bilen berk baglanyşyklydygyny hem bellemek gerek. Häzirki zaman okuw usulyýeti multimedia tagtasynyň mümkinçilikleri, slaýdlary taýýarlamakdaky şertleri bilen baglanyşyklydyr. Slaýd şekilleri bilen düşündirmek okuwçylaryň ünsüni özüne çekýär we olaryň sapaga düşünmeklerine ýardam edýär. Sanly bilimi mundan beýläk hem ösdürmek üçin bilim ulgamynda zähmet çekýän mugallymlardyr hünärmenleriň, şeýle-de bilim alýanlaryň häzirki zaman kompýuter tehnologiýalaryndan ussatlyk bilen baş çykarýandygyny hem bellemek gerek. Şeýlelikde, häzirki zaman tehniki serişdeleriň we maglumat gorlarynyň ulanylyşynda bilim işgärleriniň bu ugurda taýýarlygyny kämilleşdirmek wezipesi öňe çykýar. Şunda ýurdumyzyň bilim edaralarynyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen üpjün edilmegi, mugallymlaryň kompýuter sowatlylygynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi örän uly ähmiýete eýedir.
Hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak işiniň mazmuny, okatmagyň täze, döwrebap usullary halkara tejribesiniň häzirki zaman gazananlary bilen utgaşdyrylyp, işlenip düzülýär. Bilim öwretmek işini amala aşyrýan mugallymlaryň hünär bilimlerini, nazary we amaly işlerini usuly taýdan dogry guramak ussatlyklary artdyrylýar, syýasy düşünjeleri baýlaşdyrylýar, täze-täze hünärler döredilýär. Ylmyň we tehnikanyň dünýäde iň täze gazanan üstünliklerine daýanyp, olaryň bilim öwretmekdäki işlerinde täzeçe usullary amal etmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär. Şunda olaryň täzeçe düşünjeleri almaklaryna bolan isleglerine uly ähmiýet berilýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaş nesilleriň dünýä derejesinde ýokary hilli bilim almaklaryny, olaryň ylmy binýadynyň kemala gelmegini doly derejede kepillendirýär. Ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda sapaklaryň interaktiw tagtalarda geçilmegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Paýtagtymyzda geçirilen usuly-amaly okuwlarda şular dogrusynda hem giňişleýin durlup geçildi we öňde durýan wezipeler kesgitlenildi.
Ylym-bilimi ösdürmekde giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Jennet HATAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň müdiri.