
Makalalar
427

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýip başlanan 2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň döwlet usuly merkezi bolan Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabyny okuw-terbiýeçilik işinde peýdalanmagyň usullary» atly ylmy-usuly maslahat ýokary guramaçylykly geçirildi. Bu ylmy-usuly maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Ahal welaýat häkimligi gurady. Oňa Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň usulyýetçi alymlary we ylmy işgärleri, Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň wekilleri, Gökdepe etrap bilim bölüminiň ýolbaşçylary, hünärmenleri we bilim-terbiýeçilik edaralarynyň mugallymlary gatnaşdylar. Şeýle hem olar mekdepde geçirilýän tebigy, ylmy ugra degişli okuw dersleri boýunça geçirilýän hepdeligiň çäginde ýaýbaňlandyrylan sergä, onda mekdep okuwçylarynyň taýýarlan döredijilik işlerine tomaşa etdiler. Mundan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasyndan dörän nusgalyk kitaplarynyň sergisi bilen tanyşdylar.
Çykyş edenler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň peşgeş eden bu nusgalyk kitabyny ýaş nesilde watansöýüjilige, türkmen halkynyň ençeme asyrlaryň dowamynda döreden ajaýyp gymmatlyklaryna, milli mirasymyza buýsanjy we guwanjy terbiýelemekde, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmakda sapaklarda hem-de sapakdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň netijeli usullary barada gymmatly usuly maslahatlary berdiler.
Ylmy-usuly maslahata gatnaşan bilim işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly nusgalyk kitaby üçin tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler. Bilim işgärleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ogulşat DURDYÝEWA,
Gökdepe etrabynyň Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň müdiri.