Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Centralized services and information portal of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan
slogan
Centralized services and information portal of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
Login

Articles

Sanly bilim

Iň gymmatly miras

03.05.2025

147

Iň gymmatly miras

Ynsan durmuşynda ajaýyp gymmatlyk hasaplanylýan türkmençilik ýörelgeleriniň dostlukly gatnaşyklaryň berkemeginde, synmaz söýgüden gurlan berk binýatly maşgalanyň döremeginde mynasyp paýy bar. Merdana ata-babalarymyzdan miras galan iň gymmatly peşgeş hem terbiýedir. Çünki onuň özeninde ömri manyly ýaşamagyň syrlary, bagtyýar durmuşyň dürleri jemlenendir. «Çaga eziz, edebi ondanam eziz» diýen aýtga berk eýerýän halkymyz edep-terbiýäni bahasyz baýlyk, gymmatly hazyna hasaplaýar.

Halkymyz nesil terbiýesine çynlakaý çemeleşip, oňa aýratyn uly üns berýär. Asyrlardan-asyrlara gol berip gelýän edep kadalary durmuşyň «altyn düzgünlerine» öwrülip, üstünden ençeme döwürler ötse-de, gymmatyny gaçyrmaýar. Çünki edep-terbiýe ähli döwürde-de adamy adam edýän, ony bezeýän, gözelleşdirýän gymmatlykdyr. Şonuň üçinem, ilki bilen, ösüp gelýän ýaş nesillere şeýle ajaýyp hazynanyň gymmatyny düşündirip, olary şol gymmatlykdan paýly etmek zerurdyr.

Çaga dünýä inen ilkinji günlerinden başlap, edep-terbiýe bermek barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ylmy-filosofik kitabynda täsirli tymsal-rowaýat beýan edilýär. Onda aýdylyşyna görä, ýaş gelinleriň biri çaga terbiýesi hakda maslahat soramak üçin akyldaryň huzuryna gelipdir. Akyldar çaganyň ýaşy bilen gyzyklanypdyr. Gelin: «Dek düýn kyrk çilesinden çykardyk» diýip, çagasynyň doglanyna ýaňy kyrk gün bolandygyny mälim edipdir. Akyldar muňa närazylyk bildirýän terzde başyny ýaýkap: «Keýigim, siz kyrk gün gijä galypsyňyz, irräk aladasyny etmeli ekeniňiz» diýip jogap beripdir. Gelin dana gojanyň aýdan sözlerine ör-gökden gelip: «Ýaňy kyrk gün bolan çaga heniz nämä düşünýär?» diýip, gaýta çagasynyň aladasyny öňünden etmek niýeti bilen gelendigini ýaňzydypdyr. Akyldar her gezek gelniň çagasy aglanda, onuň emdirendigini, şondan hem çaganyň aňynda: «Aglasaň, isleýän zadyňy alyp bolýar ekeni» diýen düşünjäniň berkäp galýandygyny, şeýdibem, her gezek ajyganda aglamak bilen maksadyna ýetýändigini aýdypdyr. Soň-soňlar hem ýeterlik terbiýe berilmese, çaga şol aňy bilen kemala gelip, özüniň islegdir matlabyny şerraýlyk, nadaralyk bilen gazanyp bolýar diýen düşünjä eýerjekdigini düşündiripdir. Beýle ýetişdirilen perzendiň bolsa köpe kössek, ile hossa bolup galyberýändigini akyldar jikme-jik aýdyp beripdir.

Ynha, bu tymsal-rowaýatyň üsti bilen perzent terbiýesine çynlakaý we ir çemeleşilmelidigi hakynda ybratly waka beýan edilýär. Eger-de çaga edep-terbiýe bermek meselesine perwaýsyz garalsa, onda beýle adamyň jemgyýetde öz ornuny tapyp bilmejekdigi aýratyn nygtalýar. Milli Liderimiz bu babatda şeýle diýmek bilen, tymsal-rowaýatyň ähmiýetini has-da açyp görkezýär: «Ýaňy dünýä inen perzent topraga ýaňy oturdylan nahal ýalydyr, oňa nähili idi-yssywat etseň, niçiksi täsir etseň, neneňsi mähir we söýgi siňdirseň, gerek ýerinde şahalaryny timarlap, gelşik berseň, yhlasyňy aýamasaň, datly miweli, goýry saýaly äpet daragt bolup ýetişer».

Dogrudan-da, çagalykda alnan bilim hem, edep-terbiýe hem edil daşyň ýüzüne ýazylan ýaly, ynsan ömrüniň dowamynda onuň baky hemrasyna öwrülýär. Şonuň üçinem halkymyz çaga terbiýe bermek meselesini üns merkezinde saklap, oňa aýny wagtynda çemeleşipdir. Her birimiziň aňymyzda uly orun alan türkmençilik ýörelgeleri hem edep-terbiýe atly äpet daragtyň gol ýaýradan pudaklarydyr. Türkmen halkynyň şeýle ajaýyp ýörelgeleri, milli däp-dessurlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da dabaralandyrylyp, dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Goý, halkymyzyň milli gymmatlyklaryna uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, alyp barýan döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Nury SAKÇYÝEW.

«Nesil»

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

Innovation Information Center. All rights reserved. 2024