
Articles
658

12-13-nji iýunda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Döwletli Diýarymyzda ylym-bilim arkaly ýagty geljegiň binýadynyň berkidilýändigini, ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň barha giňeldilýändigini alamatlandyran maslahata dünýäniň birnäçe ýurdundan alymlar gatnaşdylar. Olar maslahatda çykyş edip, häzirki döwürde adamzadyň ylymda gazananlaryny özleşdirmek hem-de iş ýüzüne geçirmek, şeýle-de bu ugurda dünýä döwletleri bilen parahatçylyga, hoşniýetli dostluga esaslanýan oňyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak barada pikir alyşdylar, täze başlangyçlary beýan etdiler.
Ylym — adamzady, dünýäni özgerdýän güýç. Döwletiň ösüş-özgerişi-de, geljegi-de ylymda gazanylýan sepgitlere bagly. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýurdumyzda ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň gerimi giňeldilýär, ylmyň gazananlaryny, iň kämil tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmakda zerur şertler döredilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, senagatynyň, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Häzirki wagtda Türkmenistan dünýä döwletleri üçin, ähli ugurlarda bolşy ýaly, ylym-bilim ulgamynda hem ygtybarly hyzmatdaş bolmagynda galýar. Biz muňa Ylymlar güni mynasybetli geçirilen halkara ylmy maslahata gatnaşan alymlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolanymyzda hem aýdyň göz ýetirdik. Özbegistan Respublikasynyň Ylymlar akademiýasynyň wise-prezidenti Sirojiddin Mirzaýew:
— Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda ylym we bilim ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk ýola goýlup, ol yzygiderli ilerledilýär. Akademiki toparlaryň arasynda hyzmatdaşlyk barha ýygjamlaşdyrylýar, şeýle hem ýurtlarymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy edaralarynyň arasynda yzygiderli duşuşyklar geçirilýär.
Biz indi ençeme ýyllardan bäri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýäris. Ylymda, tehnologik ösüşde ýetilen sepgitler boýunça özara pikir alyşýarys hem-de tejribelerimizi paýlaşýarys. Ine, şu gezekki giň gerimde geçirilýän ylmy maslahat hem munuň aýdyň mysalydyr. Maslahatda eden çykyşym barada aýtsam, häzirki wagtda dünýäde seýsmiki howpsuzlygy üpjün etmek juda möhüm mesele bolmagynda galýar. Sebäbi ýertitremeler uly möçberde ykdysady we sosial ýitgilere sebäp bolup biler. Güýçli ýertitremeleriň simulýasiýa modelleri, seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmak we çaklamak bilen baglanyşykly gözlegler dünýäniň öňdebaryjy hünärmenleri tarapyndan işjeň alnyp barylýar. Biz bu ugurdaky tejribelerimizi türkmenistanly alymlaryň işleri bilen utgaşdyryp bileris — diýip gürrüň berdi.
Halkara ylmy maslahatyň dowamynda alymlar häzirki zaman dünýäsine sanly ulgamyň ornaşdyrylyşyna, innowasion ösüşiň ilerledilmegine aýratyn baha berdiler. Häzirki wagtda dünýä ykdysadyýeti düýpli tehnologik öwrülişikleri başdan geçirýär. Jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryna sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýet ýurdy ösdürmegiň binýady bolup, döwletiň ähli pudaklarynyň işini döwrebaplaşdyrmaga oňyn täsirini ýetirýär. Gruziýanyň Milli ylymlar akademiýasynyň akademik-kätibi Wladimer Papawa ykdysadyýete sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ähmiýeti dogrusynda şeýle gürrüň berdi:
— Sanly tehnologiýalaryň giňden ulanylmagy durmuş-ykdysady gatnaşyklaryň we jemgyýetçilik institutlarynyň özgermegine getirýär. Biz häzirki wagtda sanly ulgamyň mümkinçiliklerini durmuşa ornaşdyrmakda Türkmenistanda hem netijeli işleriň alnyp barylýandygyny bilýäris. Aslynda, dünýäde ylmyň we tehnologiýanyň näderejede çalt ösýändigini bu ugurlardaky täzelikler hem aýdyň görkezýär. Şoňa görä, hut ylymdyr tehnologiýa şu günki özgertmeleriň hereketlendiriji güýjüdir diýmek bolar. Şonuň üçinem häzir tutuş adamzadyň ýaşaýyş-durmuş şertleri, esasan, hut şu ulgamda amal edilýän işleriň netijesinde ýeňilleşýär. Sanly özgertmeler döwründe maglumat tehnologiýalarynyň öňünde durýan wezipeler ýurduň ykdysadyýetini, şol sanda senagaty, hyzmatlar pudagyny, söwdany hem-de beýleki ulgamlaryň işini ilerletmäge itergi berjek täzeçil taslamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglydyr.
Diýarymyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek ugrunda durmuşa geçirilýän işler dünýä jemgyýetçiliginiň, halkara guramalaryň, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň giň goldawyna mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň bu ugurda gazanan üstünlikleri halkara derejede ykrar edilýär. Maslahatda çykyş eden alymlar Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitleri dogrusynda hem özara pikir alyşdylar.
Maksatmyrat ÇARYÝEW