
Articles
2847

Berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy dünýä derejesinde giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda milli bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, geçirilýän dabaralar kalbymyzda eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe hem-de beýik geljegine buýsanjy has-da artdyrýar. Şu şanly ýylda Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli beýik başlangyjy bilen işlenip taýýarlanan «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy» esasynda 12 ýyllyk okuw maksatnamalary boýunça bilim alan ilkinji uçurymlaryň okuwlaryny tamamlamagy, ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde uçurym talyplaryň durmuş ýolundaky indiki täze ädimlere ruhubelentlik bilen gadam basmagy, okuwçylaryň tomusky dynç alyş möwsüminiň gyzgalaňly dowam etmegi we beýleki wakalar milli bilim ulgamyny dünýä ölçeglerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara laýyklykda kämilleşdirmek ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işleriň miweleridir. Biz hem şular dogrusynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň degişli hünärmenlerine käbir sowallar bilen ýüzlendik hem-de olar boýunça söhbetdeşligimiziň mazmunyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.
12 ýyllyk umumy orta bilim alan ilkinji uçurymlar
Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň berýän maglumatlaryna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martyndaky «Türkmenistanyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda» Permanyna laýyklykda, umumy orta bilim berýän mekdepleriň işini has-da kämilleşdirmek, olarda berilýän bilimiň hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, 2013-2014-nji okuw ýylyndan on iki ýyllyk umumy orta bilime geçildi. 2004-2005-nji we 2012-2013-nji okuw ýyllary aralygynda orta mekdebe kabul edilen okuwçylar, şeýle hem 2013-2014-nji okuw ýylynda 7 ýaşdan orta mekdebe kabul edilen okuwçylar 11 ýylyň dowamynda on iki ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça okadyldy. Bu döwür içinde 12 ýyllyk orta bilimiň okuw meýilnamalary we okuw maksatnamalary döwrebaplaşdyryldy. Mysal üçin, 2013-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet umumybilim edaralarynyň esasy okuw meýilnamalary tassyklanylyp, olara ekologiýa, ykdysadyýetiň esaslary, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, Türkmenistanyň medeni mirasy, dünýä medeniýeti, informasiýa-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar, modelirleme we grafika ýaly täze okuw dersleri girizildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martyndaky Karary bilen «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasy» tassyklanyldy. Bu Konsepsiýa we «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (rejelenen görnüşi) 16-njy maddasynyň dokuzynjy we onunjy böleklerine laýyklykda, umumy orta bilimiň her derejeleri tamamlanandan soň, sepgit (4-nji synp we 10-njy synp) synaglary we jemleýji (12-nji synp) döwlet synagy tabşyrylýar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan her okuw ýyly üçin döwlet umumybilim edaralarynyň okuw meýilnamalary tassyklanylýar. Olaryň esasynda her synp boýunça derslerden okuw maksatnamalary taýýarlanylýar. Soňra okuw maksatnamalary Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Okuw-usuly geňeşi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan seljerilip, talabalaýyklary tassyklanylýar. Okuw maksatnamalary ministrligiň we Milli bilim institutynyň degişli hünärmenleri tarapyndan yzygiderli kämilleşdirilýär, döwrebaplaşdyrylýar.
«Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim edaralaryny döwrebaplaşdyrylan täze okuw meýilnamalary, maksatnamalary esasynda okuw kitaplarydyr gollanmalary bilen üpjün etmek boýunça işler dowam etdirilýär. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» ugur alnyp, bilim işi halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirilýär.
Okuw ýylynyň jemleri: uly üstünlikler, guwandyryjy netijeler
2025-nji ýylyň 6 — 8-nji ýanwarynda pedagogik işgärleriň «Bilim — kämilligiň binýady» ady bilen etrap usuly-amaly okuwlary, 9-njy ýanwarda etrap maslahatlary geçirilip, okuw kitaplaryny, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň, bilim işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň meseleleri maslahatlaşyldy. 13-nji ýanwarda orta mekdeplerde 2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymynyň ilkinji okuw sagady «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen geçirildi. Okuw ýylynyň dowamynda birnäçe usuly-amaly maslahatlar hem guraldy.
Pedagogik ugurly ýokary okuw mekdeplerindäki hünär derejesini ýokarlandyryş fakultetlerinde, Türkmenistanyň Milli bilim institutynda, Baş bilim müdirlikleriniň ýanyndaky Hünär derejesini ýokarlandyryş merkezlerinde jemi 6711 bilim işgäri hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlaryny geçdi.
Ýurdumyzyň mekdep okuwçylarynyň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly bäsleşigiň çäginde mekdep okuwçylarynyň okuw dersleri boýunça taslamalar (ylmy-döredijilik) bäsleşikleriniň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa jemi 811 okuwçy gatnaşdy.
2025-nji ýylyň 21 — 26-njy apreli aralygynda Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 131-nji orta mekdepde okuwçylaryň arasynda II Halkara matematika olimpiadasy guramaçylykly geçirildi. Oňa 15 ýurtdan zehinli ýaşlaryň 231-si hem-de 49 mugallym gatnaşdy. Olimpiadada Türkmenistanyň topary 5 altyn, 9 kümüş, 17 bürünç medal gazanyp, üstünlikli çykyş etdi.
Şu ýyl zehinli ýaşlarymyz Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça XXI Halkara Žautykow olimpiadasyna, Bosniýa we Gersegowina döwletiniň Saraýewo şäherinde geçirilen 42-nji halkara Balkan matematika olimpiadasyna, Saud Arabystany Patyşalygynyň Dahran şäherindäki 25-nji Aziýa fizika olimpiadasyna, Braziliýanyň Belu-Orizonti şäherinde Russiýa Federasiýasynyň Moskwa döwlet uniwersitetiniň guran 59-njy halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyna, Özbegistanyň Daşkent şäherinde 3-nji Al-Horezmi adyndaky halkara matematika we informatika olimpiadasyna, halkara matematika olimpiadasyna we beýleki abraýly bäsleşiklere gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bäş aýynda mekdep okuwçylarymyz halkara ders bäsleşiklerinde 8 altyn, 22 kümüş, 41 bürünç, halkara internet bäsleşiklerinde 127 altyn, 126 kümüş, 82 bürünç medal gazandylar, 4 müň 378 sany I, II, III derejeli diplomlara mynasyp boldular.
Zehinli çagalaryň arasynda «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigi, umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň arasynda «Ýylyň mugallymy», «Ýylyň terbiýeçisi» bäsleşikleri guramaçylykly geçirildi. Bulardan başga-da, bilim özgertmelerini durmuşa ornaşdyrmakda döredijilikli zähmet çekýän we tapawutlanyp işleýän, hünärine ussat bilim işgärlerini hem-de nusgalyk işler ýola goýlan göreldeli bilim-terbiýeçilik edaralaryny ýüze çykarmak, olary höweslendirmek maksady bilen bäsleşikler geçirildi.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde Bilim ministrligi we onuň garamagyndaky Innowasiýa maglumat merkezi, Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkezi, ýokary we orta hünär okuw mekdepleri giň gerimli işleri alyp barýarlar.
Bilimiň üznüksizligi we derejeleriniň baglanyşykly yzygiderliligi üpjün edilýär
Ýurdumyzda mekdebi tamamlan okuwçylaryň bilimleriniň, garaýyşlarynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmaklary, bilimiň üznüksizligi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligine mekdep okuwçylarynyň hünäre ugrukdyrylyşy, umumybilim edaralary bilen hünär okuw mekdepleriniň arabaglanyşygy hakyndaky sowalymyza şeýle jogap berildi: «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, mekdep okuwçylarynyň döredijilik işjeňligini artdyrmak, olary hünärlere ugrukdyrmak, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek maksady bilen, bilim ulgamynda hereket edýän mekdepden daşary bilim edaralarynyň ýanynda halypaçylyk döredijilik ussahanalary döredildi. Mekdep okuwçylaryny hünärlere ugrukdyrmak işlerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Aşgabat şäherinde we welaýatlarda her ýylyň aprel aýynyň ikinji ongünlüginde «Hünärler şäherjigi» atly hünärlere ugrukdyryş-sergi çäreleri geçirilýär. Mart — maý aýlarynda orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary bilen hünäre ugrukdyryş wagyz-nesihat işleri, hünär okuw mekdeplerinde «Açyk gapylar» günleri geçirilýär».
Şeýle-de mekdep okuwçylaryny ylmy gözleglere, hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen, ylmy-barlag edaralaryna okuw gezelençleri guralýar. Umumy orta bilim berýän mekdeplerde okadylýan degişli derslerde ýaşlarda hünärlere höwes döredýän, telekeçiligiň esaslaryny düşündirýän temalar göz öňünde tutuldy.
2023-2024-nji okuw ýylyndan ýurdumyzyň umumybilim edaralarynda hünär ugurly okuwlar okadylyp başlandy. Bu okuwlar boýunça okuw maksatnamalary taýýarlanyldy. Umumy orta bilim berýän mekdepleri tamamlaýan ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen, okuw maksatnamalarynyň mazmuny yzygiderli baýlaşdyrylýar. Muňa mysal hökmünde bellesek, 2024-2025-nji okuw ýylynda Arkadag şäheriniň umumybilim edaralary üçin tassyklanan okuw meýilnamalaryndaky saýlama okuwlaryň döredijilik işi görnüşinde, 5 — 7-nji synp okuwçy gyzlary hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen, haly dokalyş usulyýeti öwredilip başlandy.
Şanly ýylda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy
«Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasy» işjeň durmuşa geçirilýär.
Şu ýylyň 16-njy aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky Baş edarasynda geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň ikinji duşuşygynyň netijesinde kabul edilen Ýüzlenme Baş Assambleýanyň 79-njy mejlisiniň we Howpsuzlyk Geňeşiniň resminamasy hökmünde 6 dilde çap edildi. Bu waka Merkezi Aziýanyň ýaşlarynyň halkara derejesindäki sesiniň dünýä jemgyýetçiligine ýetirilendiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Ýüzlenmede 2025-nji ýylyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hökmünde yglan edilmeginiň möhümdigi we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitiň durnuklylygyna goşandy aýratyn bellenilýär. Ýaşlar «ýaşyl» ösüş, sanly diplomatiýa boýunça işlere jemgyýetçilik başlangyçlary bilen işjeň gatnaşmaga we 2025-nji ýylyň awgustynda Awazada geçiriljek forumda çykyş etmäge taýýardyklaryny nygtaýarlar. Dialogyň işini ulgamlaýyn alyp barmak üçin ony geçirmegiň tertibi işlenip taýýarlanyldy. Dialogyň resmi web-saýty dialog.bilim.tm salgyda işe girizildi.
Häzirki wagtda bilim ulgamynda beýleki döwletler we degişli halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda Ýewropa Bileleşiginiň «ERASMUS+» maksatnamasy, Germaniýanyň «DAAD» we «PAD» maksatnamalary, Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti, ABŞ-nyň bilim maksatnamalary («Techgirls», «Flex», «SUSI»), Hindistan Respublikasynyň «ITEC», Ýaponiýanyň «JIСА» we Koreýa Respublikasynyň «KOIСA» maksatnamalary boýunça hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Ýewropa Bileleşiginiň Ýewropa okuw gaznasynyň «Merkezi Aziýada ukyply ýaşlar üçin dialog we hereket» («DARYA») taslamasynyň çäklerinde daşary ýurtlaryň bilim edaralary bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde innowasion halkara tejribeler we umumybilim maksatnamalary okuw-terbiýeçilik işine ornaşdyrylýar. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň binýadynda daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň bölümlerini açmagyň mümkinçilikleri öwrenilýär. Bilim boýunça alyş-çalyş maksatnamalarynyň çäklerinde daşary ýurtly professor-mugallymlary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine işe çekmegi giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň wekilleri daşary ýurtlarda geçirilýän okuw maslahatlaryna, halkara ylmy maslahatlardyr sergilere, forumlara gatnaşýarlar. Ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen wideoaragatnaşyk arkaly okuw maslahatlary guralýar.
Geljekde Türkmenistanyň ýaşlaryna daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak üçin hödürlenilýän talyp ýerleriniň sanyny artdyrmak we bu babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek, ildeşlerimiziň halkara ýaşlar assosiasiýalarynyň hem-de ýaşlar klublarynyň taslamalarydyr çärelerine gatnaşmaklaryny üpjün etmek boýunça işler alnyp barylýar.
Şadyýan tomus: çagalardyr ýetginjekler wagtlaryny peýdaly geçirýärler
Şu günler Gökderede we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, welaýatlarda hereket edýän çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi guramaçylykly geçirilýär. Munuň üçin ýurdumyzyň çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk geçirmek üçin zerur şertler döredildi. Olarda dürli medeni-köpçülikleýin we sport-sagaldyş çäreleri guralýar.
Tomusky dynç alyş möwsüminiň bir tapgyrynda Gökderedäki 14 sany çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde 7 müň 145, Awazadaky 8 merkezde 1 müň 783, welaýatlardaky 5 merkezde 1 müň 500 çaganyň dynç almagy üçin şertler döredildi.
2-nji iýunda Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünden bu merkezlere çagalary guramaçylykly ugratmak arkaly tomusky dynç alyş möwsümine badalga berildi. Gökderedäki hem-de welaýatlardaky çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi 3 tapgyr bolup, her tapgyryň dowamlylygy 20 günden ybarat. Dynç alşa 1-nji tapgyrda 2-nji iýundan, 2-nji tapgyrda 27-nji iýundan, 3-nji tapgyrda 22-nji iýuldan başlamak meýilleşdirildi. Awazadaky merkezlerde dynç alyş möwsümi hersi 10 gün dowam edýän 4 tapgyrda guralýar. Onuň 1-nji tapgyryna 2-nji iýundan, 2-nji tapgyryna 17-nji iýundan, 3-nji tapgyryna 2-nji iýuldan, 4-nji tapgyryna bolsa 17-nji iýuldan başlamak meýilleşdirildi.
Täze okuw ýylyna taýýarlyk we öňde duran möhüm wezipeler
Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda ýeňil abatlaýyş işleri geçirilip, olar zerur enjamlardyr esbaplar bilen üpjün ediler. Bilim edaralarynda düýpli abatlaýyş işlerini meýilnama boýunça alyp barmak, orta we ýokary okuw mekdepleriniň okuw meýilnamalarydyr maksatnamalaryny dünýä tejribelerini nazara alyp kämilleşdirmek ýaly işleri dowam etmek göz öňünde tutuldy. Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli orta mekdepleri hem-de çagalar baglaryny dabaraly açmak bilen bagly taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Şu ýyl hem 1-nji synp okuwçylaryna ýurdumyzda öndürilen, türkmen, iňlis, rus dillerindäki maglumatlary özünde jemleýän «Bilimli» atly noutbuk kompýuterlerini gowşurmak boýunça taýýarlyk görülýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 5 — 8-nji awgusty aralygynda guraljak Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatyň çäklerinde Ýaşlar forumynyň, 10 — 12-nji oktýabrda bolsa «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we ylmy maslahatyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, bilim ulgamynyň hukuk binýady has-da kämilleşdiriler, ýokary hünär bilimi edaralarynda bilimiň, ylmyň we önümçiligiň arabaglanyşygy üpjün ediler. Ýurdumyzyň ýokary hünär bilimi edaralarynyň abraýly halkara reýtingleriň sanawyna goşulmagy üçin guramaçylyk işleri, şeýle hem bilim ulgamyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy dowam etdiriler. 2022-nji ýyldan bäri ulanylyp gelinýän Milli reýting derejelendirme ulgamynyň barlaglaryny geçirmegiň esasy guraly analitiki sanly platformadyr.
Ýokary we orta hünär bilimi edaralaryny akkreditirlemegiň milli ulgamy tapgyrlaýyn esasda döredildi. Mugallymlary, pedagoglary taýýarlamagy we gaýtadan taýýarlamagy dowam etmegi, döwrüň talaplaryna laýyklykda olaryň hünärini kämilleşdirmegi, okatmagyň häzirki zaman döwrebap usullaryny bilim ulgamyna ornaşdyrmak boýunça işleri alyp barmagy hem ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezmek bolar.
Köp ýyllyk monitoringiň we sanly analitik platformanyň görkezijileriniň Gahryman Arkadagymyzyň tabşyrygy bilen işlenip taýýarlanýan Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamyny ösdürmegiň 2026 — 2052-nji ýyllar üçin strategiýasynyň esasyny düzýändigini aýratyn bellemek gerek.
Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dowam edýän öňdengörüjilikli bilim özgertmeleriniň miweleri dünýä ölçeglerine laýyk ösüşleriň nyşanydyr.
Rahmanberdi GÖKLEŇOW