Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

Sanly bilim

Usu­ly-ama­ly okuw­lar — tej­ri­be mek­de­bi

06.08.2025

708

Usu­ly-ama­ly okuw­lar — tej­ri­be mek­de­bi

Ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da döw­re­bap öz­gert­me­le­re, okuw ýy­lyn­da bi­lim eda­ra­la­ryn­da ýol­baş­çy­ly­gyň, okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi­ne gö­zeg­çi­li­giň ýo­la goý­lu­şy­na, hä­zir­ki za­man pe­da­go­gi­ka­sy­nyň, okat­ma­gyň usu­ly­ýe­ti­niň ýü­ze çy­ka­ran tä­ze­­lik­le­ri­ni okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi­ne or­naş­dyr­ma­ga aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şu ugur­da öň­de­ba­ry­jy iş usul­la­ry­ny öw­ren­mek hem-de köp­çü­li­ge ýaý­rat­mak, dün­ýä bi­lim ul­ga­my­nyň tä­ze­lik­le­ri bi­len ta­nyş­dyr­mak, hü­när kä­mil­li­gi­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri ara alyp mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len, her ýy­lyň ýan­war we aw­gust aý­la­ryn­da ýur­du­my­zyň bi­lim iş­gär­le­ri­niň mas­la­hat­la­ry, usu­ly-ama­ly okuw­la­ry ge­çi­ril­ýär.

Bi­lim iş­gär­le­ri­niň ýan­war mas­la­hat­la­ryn­da okuw ýy­ly­nyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, okuw ýy­ly­nyň ikin­ji ýa­ry­myn­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler, aw­gust mas­la­hat­la­ryn­da bol­sa, ge­çen okuw ýy­lyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­ler, tä­ze okuw ýy­ly­nyň bi­rin­ji ýa­ry­myn­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­ler gi­ňiş­le­ýin ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­ýar.

Aş­ga­bat we Ar­ka­dag şä­her­le­ri­niň hem-de we­la­ýat­la­ryň öň­de­ba­ry­jy bi­lim iş­gär­le­ri­niň ýan­war we aw­gust mas­la­hat­la­ry ýö­ri­te şy­gar bi­len ge­çi­ril­ýär. Bi­lim iş­gär­le­ri­niň 2025 — 2026-njy okuw ýy­ly­nyň aw­gust mas­la­hat­la­ry «Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly» di­ýen şy­gar bi­len ge­çi­ri­ler. Bu şy­ga­ry ýö­rel­ge edi­nip, mas­la­hat­lar­da we usu­ly-ama­ly okuw­lar­da Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň bi­lim ul­ga­myn­da ama­la aşy­ryl­ýan be­ýik öz­gert­me­le­riň ma­ny-maz­mu­ny gi­ňiş­le­ýin be­ýan edil­me­li­dir.

Usu­ly-ama­ly okuw­la­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly, ýo­ka­ry de­re­je­de, iş­jeň ýag­daý­da ge­çir­mek üçin bi­lim iş­gär­le­ri­ne hö­dür­le­ni­len te­ma­lar bo­ýun­ça çy­kyş­la­ryň taý­ýar­la­ny­ly­şy­na, ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny­na sel­jer­me be­ril­me­li­dir.

Usu­ly-ama­ly okuw­lar tä­ze ma­ny-maz­mun bi­len baý­laş­dy­ryl­ma­ly­dyr. Usu­ly-ama­ly okuw­la­ryň tä­sir­li we ne­ti­je­li bol­ma­gy üçin hö­dür­le­ni­len te­ma­lar bi­len bir­lik­de, iş tej­ri­be­dä­ki mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça çy­kyş­la­ryň edil­me­gi äh­mi­ýet­li bo­lar. Has ta­ky­gy, bi­lim ul­ga­my­na de­giş­li ka­bul edi­len Kon­sep­si­ýa­la­ra, Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň bi­lim işi­ni do­lan­dyr­ma­ga de­giş­li ka­da­laş­dy­ry­jy iş res­mi­na­ma­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni döw­re­bap gu­ra­mak, el­bet­de, umu­my­bi­lim eda­ra­la­ry­nyň mü­dir­le­ri­niň esa­sy we­zi­pesi bo­lup dur­ýar. Mek­dep mü­di­ri­niň jo­gap­kär­çi­li­gin­dä­ki res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň döw­re­bap ýö­re­di­li­şi, de­giş­li okuw me­ýil­na­ma­la­ry­nyň we okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­li­giň ama­la aşy­ry­ly­şy, ka­bul edil­ýän ka­rar­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­niň ýo­la goý­lu­şy mak­sa­da­la­ýyk bol­ma­ly­dyr.

Şeý­le hem umu­my­bi­lim eda­ra­la­ry­nyň mü­dir­le­ri­niň okuw iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sar­la­ry­nyň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň öz­leş­di­ri­li­şi­ni üp­jün et­me­gi uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Sa­pak­la­ryň ter­ti­bi­niň dü­zü­li­şi­ne, ýyl­lyk se­ne­na­ma­la­ýyn okuw çyz­gy­dy­nyň, sa­pak ýaz­gy­la­ry­nyň ýa­zy­ly­şy­na bil­di­ril­ýän ta­lap­la­ryň ýe­ri­ne ýe­ti­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­giň işiň ta­la­ba­la­ýyk guralmagyna tä­si­ri ulu­dyr. Ze­hin­li okuw­çy­la­ryň ýü­ze çy­ka­ry­ly­şy, olar bi­len ders bäs­le­şik­le­ri­ne taý­ýar­lyk iş­le­ri­niň gu­ra­ly­şy aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir.

Umu­my­bi­lim eda­ra­la­ry­nyň mü­dir­le­ri­niň ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bo­ýun­ça orun­ba­sar­la­ry «Bi­lim ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­nyn­da kes­git­le­nen ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni alyp bar­ma­gyň esa­sy ugur­la­ry bo­ýun­ça iş­le­riň döw­re­bap gu­ra­ly­şy­ny ga­zan­ma­ly­dyr­lar. Synp ýol­baş­çy­la­ry­nyň, usu­ly bir­leş­me­le­ri­ň işi­niň ta­la­ba­la­ýyk ýo­la goý­lu­şy­na, baý­ram­çy­lyk­lar we bel­li se­ne­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly ter­bi­ýe­çi­lik çä­re­le­ri­niň ge­çi­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik et­me­li­dir­ler.

Okuw me­ýil­na­ma­la­ry­ny we mak­sat­na­ma­la­ry­ny do­ly ýe­ri­ne ýe­tir­mek mak­sa­dy bi­len, ça­ga­la­ra ter­bi­ýe we bi­lim ber­mek­de öň­de­ba­ry­jy usul­la­ry, hä­zir­ki za­man se­riş­de­le­ri­ni ula­nyp, okuw-ter­bi­ýe­çi­lik işi­ni kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň mü­dir­le­ri tä­ze usul­lar­dan peý­da­lan­ma­ly­dyr­lar. Ça­ga­la­ryň iý­mit önüm­le­ri bi­len üp­jün­çi­li­gi we kör­pe­le­riň iý­mit­len­di­ri­li­şi, ma­li­ýe-ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ka­nun­çy­ly­ga la­ýyk­lyk­da al­nyp bar­ly­şy ta­la­ba­la­ýyk bol­ma­ly­dyr.

Şeý­le hem mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň ter­bi­ýe­çi-usu­ly­ýet­çi­le­ri­ne aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Olar kör­pe­ler bi­len okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­ni alyp bar­mak­da in­no­wa­sion teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, okat­ma­gyň we ter­bi­ýe ber­me­giň hä­zir­ki za­man usul­la­ry­nyň ula­ny­ly­şy­ny, bu me­se­le bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş res­mi­na­ma­la­ry­nyň ta­la­ba­la­ýyk ýö­re­di­li­şi­ni gö­zeg­çi­likde saklamalydyrlar. Usu­ly-ama­ly okuw­lar­da ter­bi­ýe­çi­le­riň ça­ga­lar bi­len ge­çir­ýän okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­niň, sa­pak­dan da­şa­ry gu­ra­ýan çä­re­le­ri­niň, bäs­le­şik­le­riň ge­çi­ri­li­şi­ne gö­zeg­çi­lik edi­li­şi we usu­ly kö­mek ber­li­şi bo­ýun­ça hem çy­kyş­la­ry gu­ra­ma­ly­dyr­lar.

Okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş res­mi­na­ma­la­ry­nyň yzy­gi­der­li we ta­la­ba­la­ýyk ýö­re­di­li­şi, sag­ly­gy go­ra­ýyş iş­gär­le­ri bi­len bi­le­lik­de ça­ga­la­ryň sag­ly­gy­ny go­ra­mak, be­de­ni­ni ber­kit­mek, ola­ryň akyl taý­dan ösü­şi­ni ke­ma­la ge­tir­mek­de öň­de­ba­ry­jy tej­ri­be­ler bo­ýun­ça mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň ter­bi­ýe­çi­le­ri­niň, mu­gal­lym­la­ry­nyň we şe­pa­gat uýa­la­ry­nyň usu­ly-ama­ly okuw­lar­da­ky çy­kyş­la­ry tä­sir­li bol­ma­ly­dyr.

Okuw­çy­la­ryň bi­lim de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li öw­ren­mek, sel­jer­mek, ba­ha­lan­dyr­mak we bu ugur­da ýe­ri­ne ýe­ti­ri­len iş­le­riň ha­sa­ba­ty­ny ýö­ret­mek (elekt­ron we ka­gyz gör­nüş­le­rin­de) bo­ýun­ça iş­le­riň al­nyp bar­ly­şy, okuw­çy­la­ryň ata-ene­le­ri ýa-da ola­ryň or­nu­ny tut­ýan adam­lar bi­len ut­ga­şyk­ly iş­le­me­gi ýo­la goýmak synp ýol­baş­çy­la­ry­nyň esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir.

Mek­dep ki­tap­ha­na­sy­nyň ka­da­ly iş­le­me­gi, okuw­çy­la­ryň okuw ki­tap­la­ry we gol­lan­ma­la­ry bi­len üp­jün edil­me­gi ze­rur­dyr. Şo­nuň üçin ki­tap goru­ny art­dyr­mak bo­ýun­ça de­giş­li çä­re­ler ge­çi­ril­me­li­dir. Kitaphanaçylar mek­dep ki­tap­ha­na­sy­na tä­ze gel­ýän ki­tap­lar bi­len okuw­çy­la­ry, mu­gal­lym­la­ry ta­nyş­dyr­ma­ly. Ki­tap­la­ryň abat sak­lan­ma­gy­ny üp­jün et­me­li.

Usu­ly-ama­ly okuw­lar­da öz kä­ri­ne us­sat, kär­deş­le­ri­niň we okuw­çy­la­ryň ara­syn­da uly ab­raý­dan, hor­mat-sy­lag­dan peý­da­lan­ýan mu­gal­lym­la­ryň, ylaý­ta-da, ýaş mu­gal­lym­lar üçin us­sat­lyk sa­pak­la­ry­ny gu­ra­mak ze­rur­dyr. Şeý­le-de dö­re­di­ji­lik­li iş­le­ýän mu­gal­lym­la­ryň iş tej­ri­be­le­ri­ni köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri ar­ka­ly giň­den ýaý­rat­mak, te­le­ýaý­lym­da goý­be­ril­ýän sa­pak­la­ra sel­jer­me ber­mek, ola­ry kä­mil­leş­dir­mek ba­ra­da öza­ra pi­kir alyş­mak ýer­lik­li usul­la­rdyr.

Usuly-ama­ly okuw­lar­da et­rap, şä­her bi­lim bö­lüm­le­ri­niň mü­dir­le­ri­niň, hü­när­men­le­ri­niň, mek­dep ýol­baş­çy­la­ry­nyň, usu­ly bir­leş­me­le­riň ýol­baş­çy­la­ry­nyň, mu­gal­lym­la­ryň gat­na­şan sa­pak­la­ry­na sel­jer­me ber­şi­ni, ba­ha­lan­dy­ry­şy­ny öw­ren­mek äh­mi­ýet­li­dir.

Mu­gal­ly­myň sa­pa­gy ta­mam­lan­dan soň, özü­niň sa­pa­gy ge­çi­ri­şi­ne sel­jer­me ber­me­giniň hem hü­när de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­ma­gyn­da uly äh­mi­ýe­ti bar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Älem iç­re at ge­zer» at­ly ro­ma­nyn­da Ber­di­mu­ha­met mu­gal­ly­myň gu­ran sa­pak­la­ry ba­ra­da şeý­le bel­le­ýär: «Okuw­dan soň, Ber­di­mu­ha­met sa­pak­la­ryň ge­çi­şi­ni öz ha­ky­da­syn­da ýa­ňa­dan aý­lap, kä­bir zat­la­ry baş­ga­ça­rak ede­nem bol­sam bol­jak eken di­ýen ne­ti­jä gel­di: ...Dog­ru­sy­ny aýt­saň, özüň mu­gal­ly­mam bol­saň, bil­me­li, öw­ren­me­li zat­la­ry­ňam köp. Mu­gal­lym bü­tin öm­rü­ne okap, öw­re­nip ýör­me­li, şon­dan soň öz­ge­le­re öw­ret­me­li eken».

Usu­ly-ama­ly okuw­lar­da öz-özü­ňi kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň mas­la­hat­la­şyl­ma­gy peý­da­ly­dyr. Öz-özü­ňe ta­lap bil­dir­mek, öz üs­tüň­de yzy­gi­der­li iş­le­mek, bi­li­mi­ňi art­dy­ryp, tej­ri­bä­ňi baý­laş­dy­ryp dur­mak hü­när taý­dan kä­mil­leş­me­giň mö­hüm şert­le­ri­dir.

Mas­la­hat­lar­da we usu­ly-ama­ly okuw­lar­da edi­len çy­kyş­lar­da­ky mag­lu­mat­lar çuň­ňur sel­je­ri­lip, kes­git­li ne­ti­je­ler, tek­lip­ler öňe sü­rül­me­li­dir.

Gün­dog­dy ŞA­DUR­DY­ÝEW,

Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li bi­lim ins­ti­tu­ty­nyň te­bi­gy we ta­kyk bi­lim­ler bö­lü­mi­niň mü­di­ri, pe­da­go­gi­ka ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty, do­sent

Çeşmesi: Türkmenmetbugat

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address