Articles
602
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bilim, ylym, medeniýet ýaly möhüm ulgamlar boýunça giň möçberli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
Çagalyk döwrümden bäri nakgaşçylyk sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenmäge yhlas edýärdim. Maksadyma ýetmek üçin men orta mekdepde berilýän bilimlerden daşary Aşgabat şäheriniň Medeniýet müdirliginiň 2-nji çagalar çeperçilik mekdebinde nakgaşçylyk hünäri boýunça we ondan soňra bolsa «Rodoguna» hojalyk jemgyýetinde suratkeşlik okuwy ugrundan bilim aldym. 2021–2025-nji ýyllar aralygynda Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebinde nakgaş hünäri boýunça okadym. 2023-nji ýylda «Reňkleriň öwüşgini» atly çeperçilik bäsleşige gatnaşyp, III orna mynasyp boldum. Şol ýylda hem Gyrgyzystan Respublikasynda geçirilen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda «Şekillendiriş sungaty» ugry boýunça on ýedinji Delfi oýunlaryna gatnaşmak miýesser etdi.
Gazanan üstünliklerim meni Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň stanok nakgaşçylygy hünäriniň talyby bolmak bagty nesip etdi. Täze bilim ýoluna baş goşmagym meniň durmuşymdaky iň buýsançly, ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Biz – ýaşlara okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlyklara beslensin!
Rahym Annanurow,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň 1-nji ýyl talyby
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.