
Articles
1308

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň döredilenine 130 ýyl bolýar. Ýurdumyzyň kitaphana ulgamynyň taryhyndaky bu şanly sene mynasybetli kitaphanamyzda edebi söhbetdeşliklerdir sergiler, ýazyjy-şahyrlar bilen duşuşyklar hem-de kitap synlary geçirilýär.
Döwlet kitaphanasynyň taryhy XIX asyryň ahyrlaryndan gözbaş alýar. Has takygy, 1895-nji ýylyň 1-nji awgustynda 3 müň nusgalyk kitap hazynasy bolan Zakaspiý oblast jemgyýetçilik kitaphanasy açylyp, okyjylara hyzmat edip başlaýar. Ol 1933-nji ýylyň 1-nji iýunyndan Karl Marks adyndaky Türkmen döwlet kitaphanasy, Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan soňra, 1992-nji ýylyň 24-nji dekabrynda bolsa Türkmenistanyň Milli kitaphanasy diýlip atlandyrylýar.
2007-nji ýylyň 16-njy fewralynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda täze binalar toplumy — Türkmenistanyň Milli medeniýet merkezi açylyp ulanmaga berildi. 2013-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Karary bilen, Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky bu merkeziň ady üýtgedilip, ol Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezi, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy diýlip atlandyryldy.
Ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň binasy üç toplumdan ybarat bolup, olaryň biri-de Döwlet kitaphanasydyr. 7 gatly kitaphana birbada 1 müň 100-e çenli okyjyny kabul etmäge niýetlenendir. Onuň dört sany okalga zaly bolup, dördünji gatynda 150 we 40 adamlyk mejlisler zallarynyň ikisi, internet zaly, audio-wideoteka, kompýuter merkezi, ylmy işgärler we işgärler üçin iş otaglary hem-de 17 sany bölüm ýerleşýär. Bu ýerde 6 milliona golaý neşir önümlerini saklamak, kitaphana işini döwrebap guramak hem alyp barmak, hünärmenlere netijeli zähmet çekmek üçin ähli döwrebap şertler döredilendir. Kitaphananyň birinji gatynda kataloglar we kartotekalar ýerleşdirilip, okyjylar ol ýerde ornaşdyrylan kompýuterler arkaly elektron katalogdan, şeýle-de ýöriteleşdirilen bölümleriň hem-de kitap saklanýan bölümiň hazynalaryndan peýdalanyp bilýärler.
Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň iri ylmy-medeni ojaklarynyň biridir. Ol häzirki günde döwrüň ösen talaplary esasynda durmuşa ornaşdyrylan bitewi elektron kitaphana ulgamynyň dolandyryjy merkezi hem bolup durýar. Bitewi elektron kitaphana ulgamy kitaphana işini talabalaýyk alyp barmaga, okyjylaryň isleg bildirýän neşirlerinden bökdençsiz peýdalanmaklaryna ýardam berýär. Bu ýerde gelip gowuşýan neşir önümleriniň ähli görnüşleri, ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallardaky ylmy makalalar elektron kataloga salynýar. Munuň özi okyjylara gerek bolan maglumatlary peýdalanmakda giň mümkinçilikleri döredýär. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň döredilmegi, esasan-da, ösüp gelýän ýaş nesliň ylym-bilime bolan höwesiniň artmagyna, dünýägaraýşynyň giňelmegine uly itergi berýär.
Döwlet kitaphanasy ýurdumyzyň ähli kitaphanalarynyň işini sazlaşdyryjy we utgaşdyryjy, medeni aň-bilim, ylmy-habar beriş kitaphana-bibliografiýa maglumatlary toplaýjy hem-de ýaýradyjy esasy merkezdir. Bu ýerde ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurtly raýatlara mugt kitaphana hyzmaty guralýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Diýarymyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklar we şanly seneler mynasybetli guralýan kitap sergileri-de hemişe köp adamly bolýar. Mundan başga-da, kitaphanaçylaryň hem-de kitap muşdaklarynyň gatnaşmagynda gelip gowuşýan täze kitaplara bagyşlanan kitap synlarynyň geçirilmegi okyjylaryň sanynyň artmagyna uly ýardam berýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň milli medeni mirasymyzy, döwletlilik ýörelgelerimizi ylmy maglumatlaryň üsti bilen çeper beýan edýän kitaplaryna okyjylar tarapyndan uly isleg bildirilýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi biz — kitaphanaçylary has-da yhlasly işlemäge, täze üstünliklere ruhlandyrdy. Bu Karar geljekde kitaphana işini has-da ösdürmäge ýardam berer.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň kitaphanalary üçin ylmy-usuly merkez bolup, olaryň işini sazlaşdyryjy we utgaşdyryjy edaradyr. Döwlet kitaphanasynda uzak ýyllaryň dowamynda zähmet çekip gelýän tejribeli işgärleriň sany barmak büküp sanardan kän. Olardan «Gaýrat» medalynyň eýesi Bibigözel Mämmedowany, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgärleri Tuwakgül Gylyjowany, Oguljemal Orazdurdyýewany hem-de Akjemal Saparowany görkezmek bolar.
Kitaba uly hormat goýýan, ýurdumyzda kitaphana ulgamynyň işiniň ýokary derejede alnyp barylmagy üçin taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz bimöçberdir.
Annagül ŞIRLIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy.