Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

Sanly bilim

«Yhlasa — myrat»

26.08.2025

227

«Yhlasa — myrat»

Eziz Diýarymyzyň ähli künjeginde Bilimler we talyp ýaşlar gününe uludan taýýarlyk görülýär. Biz hem täze okuw ýylynda «talyp» diýen ada eýe bolan bagtyýar ýaşlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris:

Begenç ANNAÝEW,

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň «Medeniýeti öwreniş» ugrunyň magistranty:

— Islendik zadyň mukaddeslige öwrülmegi üçin onuň ynsanyýet durmuşyna uly täsiriniň bolmagy zerurdyr. Mahlasy, atamyň mugallym hem-de käte galam ýöredendigine, kitaphon bolandygyna, kakamyň mugallym hökmünde mekdep okuwçylaryna bilim berendigine buýsanýaryn. Men hem Türkmen döwlet medeniýet institutyny okap, dramaturgiýa hünärini ele alanymdan soň, degişli ýokary okuw mekdebiniň magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň «Medeniýeti öwreniş» ugrunyň magistranty bolmak bagtyna miýesser boldum. «Ata kesbi — ogla halal» diýlenine eýerip, geljekki medeniýet işgärlerine bilim berip, mugallymçylyk kärini, galyberse-de, metbugat sahypalarynda ýurdumyzyň ösüşlerini öz eserlerimiň üsti bilen şöhlelendirmegi maksat edinýärin.

Goý, her birimize ak arzuwlaryň hasyl bolýandygynyň şaýady bolmak miýesser etsin!

Ogulşat PIRJANOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň 1-nji ýyl talyby:

— Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan gözbaş alyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli ösdürilýän bilim ulgamynda ökde hünärmenleriň täze tapgyryny kemala getirmekde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň ykdysady ösüşini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, täze hünärler açylyp, bilimiň netijeliligi ykdysadyýete gönükdirilýär. Mekdep durmuşyndan talyplyga gadam basan häzirki bagtyýar döwrümizde meniň esasy maksadym geljekde mähriban Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly bolup, öz söýen kärimde yhlasly zähmet çekmekdir. Ýaşlaryň okamagy, işlemegi, bagtyýar ýaşamagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Döredilýän şol mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Nurana HEZRETOWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 1-nji ýyl talyby:

― Islendik adam çagalykda ençeme arzuwlar edýär. Ine, bu ýyl hem çagalyk arzuwlarymyň naýbaşysy bolan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby bolmak baradaky arzuwym hasyl boldy. 

Ýurdumyzda ýaşlaryň sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli amatly şertler döredilendir. Türkmen türgenleri bolsa geçirilýän iri we abraýly halkara ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanyp, ýurdumyzyň medal gaznasyny baýlaşdyrýarlar. Men hem öz gezegimde 2023-nji ýylda Eýran Yslam Respublikasynda Kuraş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç, 2024-nji ýylda Mongoliýada geçirilen Dünýä çempionatynda kümüş, 2025-nji ýylda Koreýa Respublikasynda geçirilen Aziýa çempionatynda bürünç medala mynasyp bolup, ýurdumyzyň ýaşyl Tugunyň belentde parlamagyna goşandymy goşdum. Türkmenistanyň hem birnäçe gezek çempiony bolmagy başardym.

Goý, türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklary, okap-bilim alyp tejribelerini baýlaşdyrmaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Öwezmuhammet PAŞYKOW,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kesel bejeriş fakultetiniň bejeriş işi hünäriniň 1-nji ýyl talyby:

― Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly meniň durmuşymda ýatdan çykmajak ýyllaryň birine öwrüldi. Çünki bu ýyl ýüregimde besläp ýören talyp bolmak arzuwym hasyl boldy. Synaglardan üstünlikli geçenimi eşidenimde diýseň begendim. Yhlasyň ýerine düşende ganatlanyp uçuberesiň gelýär.

Men Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internaty üstünlikli tamamladym. Okan döwrümde rus, iňlis we nemes dillerini çuňlaşdyryp öwrendim we dürli ders bäsleşiklerine gatnaşdym. Ösüşlere beslenýän döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar ― Watanyň daýanjy» diýip, biz ýaşlara uly ynam bildirýär. Men hem geljekde yhlasymy gaýgyrman, mekdepde alan bilimimi has-da kämilleşdirip, saýlap alan kärimiň hakyky eýesi bolup ýetişjekdigime ynandyrýaryn.

Arzuw AMANGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby:

― «Guş ganatsyz bolmaz, adam arzuwsyz» diýlişi ýaly, meniň hem talyp bolmak barada çagalykdan bäri eden arzuwlarym wysala gowuşdy. Men Aşgabat şäherindäki Daşary ýurt dilleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebi üstünlikli tamamladym. Mekdep döwründe «Altyn asyryň ― altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginde matematika dersi boýunça gatnaşyp, döwlet derejesinde III orna mynasyp boldum. Geljekde saýlap alan hünärimi ele alyp, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandymy goşaryn.

Talyp ýaşlara döwrebap bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Taýýarlan Mährijemal ÇARYÝEWA,

«Watan».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

sanly@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.