Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
slogan
slogan

neutrality.gov.tm

Centralized services and information portal of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

Sanly bilim

Ylym — ähli üstünlikleriň gözbaşy

28.08.2025

195

Ylym — ähli üstünlikleriň gözbaşy

Düýn Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda «Parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde ylmyň orny» atly halkara onlaýn webinar geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat, we milli golýazmalar, Taryh we arheologiýa, Himiýa, Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutlarynyň, Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alymlary, ylmy işgärleri, aspirantlar, doktorantlar, alymlyga dalaşgärler, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary onlaýn görnüşde gatnaşdylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen halkara maslahatda türkmen alymlary bilen birlikde, Hytaý, Ýaponiýa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Rumyniýa, Russiýa, Belarus Respublikasy, Täjigistan, Özbegistan, Gazagystan ýaly döwletleriň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri dürli ugurlar boýunça çykyş edip, häzirki zaman ylmynyň, innowasion tehnologiýalarynyň durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ähmiýeti, alyp barýan ylmy barlaglary barada gyzykly maglumatlary beýan etdiler.

Çärä gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, häzirki döwürde islendik döwletiň üstünlikleriniň girewi, ilkinji nobatda, ylym-bilim ulgamynyň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Ylmyň iň täze gazananlaryny döwlet dolandyryşynda, ykdysadyýetde, önümçilikde netijeli ulanmak uzak möhletleýin durnuklylygyň we ösüşiň binýadyny emele getirýän möhüm şertleriň biridir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, daşary ýurtlaryň ençeme ylmy ojaklarynyň Hormatly professory, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, hil taýdan täze derejelere çykarmak, ylym-bilim edaralaryna ýokary tehnologiýalary ornaşdyrmak, türkmen alymlarynyň döredijilikli hem-de netijeli işlemegini gazanmak, dünýäniň ösen döwletleri bilen ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky beýik başlangyçlaryny bu günki gün hormatly Prezidentimiz üstünlikli dowam etdirýär.

Halkara webinaryň umumy mejlisine gatnaşan daşary ýurtly alymlaryň çykyşlary arheologiýa, medeni we edebi mirasy öwrenmek, tehnologiýa ýaly ylmyň dürli ugurlaryny öz içine aldy. ABŞ-nyň Pensilwaniýa uniwersitetiniň professory, taryh ylymlarynyň doktory Frederik Hibert Türkmenistanyň taryhyny, şol sanda Änew medeniýetini öwrenmekde alyp baran işleri barada çykyş etdi. Ol alym Wiktor Sarianidiniň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Gadymy Margianany we Änew depelerini öwrenmek boýunça arheologik ekspedisiýalara işjeň gatnaşypdyr. Onuň nygtamagyna görä, Türkmenistanyň çäginden tapylan arheologik tapyndylar bu ýerde dünýäniň ösüşine täsirini ýetiren gadymy medeniýetiň bolandygyna şaýatlyk edýär. Tapyndylar täze gözleglere ruhlandyrýar. Şunda ýaşy 7 müň ýyla uzaýan Günorta Änew depesinde ylmy barlaglary dowam etdirmegiň türkmeniň medeni mirasynyň öwrenilişinde täze gymmatlyklaryň üstüni açyp biljekdigi bellenildi.

Beýik Britaniýanyň «Colvir Software Solutions Ltd.» kompaniýasynyň töleg ulgamlary we sanly maliýe tehnologiýalary bölüminiň bilermeni, ykdysady ylymlaryň kandidaty Alekseý Soluýanowanyň çykyşy töleg ulgamlarynyň ösüşinde ählumumy meýiller, ýakyn geljek üçin özgerişlikler barada boldy. Onuň nygtaýşy ýaly, töleg we tranzaksiýa ulgamlarynyň häzirki zaman talaplaryna laýyk döwrebaplaşdyrylmagy maliýe düzümleriniň we ýurduň umumy ykdysady ösüşine itergi berýär. Şol bir wagtda ol ulanyjylar üçin söwda amallaryny ýeňilleşdirip, dürli maliýe hyzmatlaryna elýeterliligi üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, alym banklaryň işini sanlylaşdyrmakda wekilçilik edýän kompaniýasynyň iş ugurlaryna we gazananlaryna maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi.

Halkara webinarda materiallary seljermegiň häzirki zaman usullaryna, genetika we sitologiýa, seýsmik howpsuzlygy üpjün etmekde taslama işi hem-de gurluşygy, organiki we organomineral dökünleri öndürmek, nebitgaz pudagynda metanyň syzmagyna gözegçilik etmek, ony dolandyrmak boýunça-da ylmy çykyşlar diňlenildi. Daşary ýurtly alymlaryň Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä medeniýetindäki ornuna, azerbaýjan-türkmen edebi gatnaşyklarynda dostluk we ynanyşmak ýörelgelerine bagyşlanan çykyşlary hem gyzyklanma eýe boldy.

«Parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde ylmyň orny» atly halkara webinaryň işi günüň ikinji ýarymynda bölümlerde dowam etdi. «Ynsanperwer ylymlar parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýollarynda» atly birinji bölüm Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň mejlisler otagynda, «Ylym we tehnologiýa durnukly ösüşiň binýadydyr» atly ikinji bölüm Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi. Türkmen we daşary ýurtly alymlar ylmyň dürli ugurlarynyň derwaýys meseleleri dogrusynda pikir alyşdylar.

Halkara çärä gatnaşyjylar ylym ulgamyny ösdürmekde we halkara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmakda ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderine, Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyklaryny beýan etdiler.

Begli ABDYKADYROW.

«Türkmenistan».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

© 2025 Ministry of education of Turkmenistan Innovation information center. All rights reserved.