
Articles
579

Bilimler we talyp ýaşlar gününde Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ýanaşyk çäklerinde täze goşmaça okuw binasy, umumy ýaşaýyş jaýy, sport desgasy we aýlawly ýolda monument gurlup ulanmaga berildi. Bu ýokary okuw mekdebiň täze goşmaça binalar toplumynyň açylmagy talyp ýaşlar üçin täze okuw ýylynda toý sowgady boldy. Bu okuw mekdebinde talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin ähli oňaýly şertler döredilipdir. Ýaşlar geljekde bu bilim ojagynda saýlap alan hünärleri boýunça bilim alyp, hünärleriň eýeleri bolarlar. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň energetika we senagat pudaklary üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamaga niýetlenilen ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlaryna hakykatdan-da, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ajaýyp serpaýdyr.
Iki müň talybyň bilim almagy üçin niýetlenilen täze goşmaça binalar toplumynyň okuw binasy 5 gatdan ybarat. Okuw binasynyň birinji gatynda robottehnika merkezi, «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkezi, elektron kitaphana, mejlisler zaly, tejribehanalar, institutyň muzeýi hem-de naharhana ýerleşýär. Bu binanyň ikinji gatynda lingafon otaglary, tejribehanalar, kompýuter otaglary, umumy okuw otaglary, amaly okuw otaglary we mejlisler zaly bar. Üçünji gatda bolsa kitaphana, tejribehanalar we umumy hem-de amaly okuw otaglary ýerleşdirilen. Şeýle hem her biriniň kuwwatlylygy 66 kilowata deň bolan iki sany fotoelektrik Gün stansiýalary guruldy. Umumy kuwwaty 132 kilowata deň bolan fotoelektrik Gün stansiýasy kuwwaty 550 wata barabar bolan 240 sany Gün panelinde bolup, ýylyň dowamynda 186 megawat sagat elektrik energiýany öndürmäge mümkinçiligi bardyr. Bu ajaýyp binalar toplumy aýlawly ýoldaky monumenti öz içine almak bilen, onda kuwwatlylygy 30 kilowata deň bolan ýel elektrik stansiýasy hem-de kuwwatlylygy 15,12 kilowata barabar bolan fotoelektrik Gün stansiýasy ýerleşdirilendir. Okuw otaglarynyň ählisi talyplaryň ýokary hilli bilim almagy üçin zerur bolan iň ýokary tehnologiýaly enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýlelikde, okuw binasynda 3 sany fakultet, 12 sany kafedra bar.
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bu ajaýyp toý sowgady üçin tüýs ýürekden alkyş aýdýarlar.
Rawil HALIULIN,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň ylym bölüminiň hünärmeni.