
Articles
687

Ösüp gelýän nesillerimize ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleriniň esasynda bilim we terbiýe berlişini has-da kämilleşdirmek bilim işgärleriniň wajyp wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de, bilim özgertmelerini işjeňleşdirmek, bu işiň döwrüň talaplaryna we halkara derejesine laýyklygyny üpjün etmek maksady bilen, möhüm çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň esasynda pedagogik işgärleriň hünär ussatlyklaryny, bilimlerini we başarnyklaryny yzygiderli ösdürmek, okatmagyň usullaryny nazaryýet we tejribe taýdan kämilleşdirmek babatdaky işler utgaşdyrylyp dowam etdirilýär. Ýaş nesillerimiziň bilimleriň we ylymlaryň esaslaryny, akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmekleri, olarda ýokary ahlak sypatlaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek üçin mugallymlarymyz hemişe döredijilik gözleginde bolmalydyr.
«Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» bilim işgärleri üçin ýakyndan gollanma bolup durýar. Bu möhüm resminama Türkmenistanyň umumybilim maksatnamasynyň çäklerinde bilim almagyň döwlet bilim standartlarynyň talaplaryna laýyklykda, bilimiň ähli derejelerinde okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmegiň maksatlaryny, wezipelerini we häzirki zaman çemeleşmelerini, şeýle hem okatmagyň milli we dünýä tejribesine, halkara standartlaryna laýyklygyny üpjün etmäge gönükdirilýär. Bu ugurda mugallymlar esasy orta bilim derejesinde okatmagyň usulyýeti, okuwçylarda akyl we fiziki zähmet endiklerini ele almak, höweslerini we gyzyklanmalaryny ýüze çykarmak ýagdaýlaryna aýratyn üns berýärler. Şu maksat bilen, umumybilim edaralarynda okuw derslerini çuňlaşdyryp öwretmek, barlag-gözleg işlerini alyp barmak, okuwçylary döredijilige höweslendirmek, goşmaça bilim hyzmatlarynyň giň toplumy döwrebap usullarda ýola goýuldy. Psihologiýanyň, pedagogikanyň we okatmagyň usulyýetiniň soňky gazananlarynyň esasynda umumybilim maksatnamalary boýunça ýaş nesle bilim we terbiýe bermegiň usulyýeti yzygiderli kämilleşdirilýär. Ahal welaýat Baş bilim müdirliginiň ýanyndaky döwlet umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi meýilnamalaýyn işlerini yzygiderli alyp barýar. Welaýatyň etrap bilim bölümleriniň düzümine degişli bolan umumybilim berýän orta mekdepleriň mugallymlary bilen usuly-amaly okuwlar guramaçylykly geçirilýär. Usuly-amaly okuwlarda halypa mugallymlaryň täsirli çykyşlary guralýar. Tejribeleriň üsti ýetirilýär. Okatmagyň döwrebap we interaktiw usullary boýunça sapagy guramagyň kämil usullarynyň ähmiýeti bellenilýär. Multimedia tagtasyndan, görkezme esbaplardan peýdalanyp, sapagy täsirli guramagyň işjeň usullaryna mugallymlaryň ünsi çekilýär. Bu ýerde öňdebaryjy mugallymlaryň iş usullary dogrusynda tejribeler artdyrylýar. Ýaş hünärmenlere degerli maslahatlar berilýär.
Miwegül MÄMMETJUMAÝEWA,
Gökdepe etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň mugallymy.