Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

The Ministry of Education of Turkmenistan

Ähli zadyň sakasy — saglyk

14.10.2025

932

Ähli zadyň sakasy — saglyk

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni giňden bellenildi

Ynsan saglygyny goramak, saglygyň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy bellenilýär. Şunuň bilen baglylykda, lukman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen milli saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmakda, derman senagatyny işjeň ösdürmekde, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmekde taryhy ähmiýetli işler alnyp barylýar. 10-njy oktýabrda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen dabaralar munuň nobatdaky aýdyň güwäsi boldy.

Däp bolşy ýaly, paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda geçirilen «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara sergi we onuň çäklerindäki ylmy maslahat möhüm ähmiýetli çäreleriň birine öwrüldi. Oňa dünýäniň 40 döwletinden alymlardyr lukmanlaryň, hünärmenleriň 120-ä golaýy, şeýle-de lukmançylyk enjamlaryny, sport, ylym-bilim ulgamlaryna degişli tehnologiýalary öndürýän hem-de hyzmatlary hödürleýän öňdebaryjy kompaniýalaryň 180-den gowrak wekili gatnaşdy. Halkara sergi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýeten sepgitlerini giňişleýin açyp görkezmek bilen birlikde, dünýä lukmançylygynyň iň soňky gazananlary bilen tanyşmak üçin hem amatly mümkinçilik boldy.

Halkara serginiň çäklerinde guralan ylmy maslahat hem bilimleri we tejribeleri alyşmak babatynda ajaýyp meýdança bolup hyzmat etdi. Maslahat umumy mejlisden hem-de kesgitlenen ugurlar boýunça bölümlerden ybarat bolup, onuň «Enäniň we çaganyň saglygyny goramak» ugry boýunça bölümi paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde geçirildi.

Halkara forum köp sanly çärelere baýdygy bilen tapawutlandy. Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli, zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalyna, «Türkmenistanyň halk lukmany» hem-de «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri» diýen hormatly atlara mynasyp bolan ildeşlerimiz döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.

Baýramçylyk gününde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildiniň hem-de «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Nobatdaky jiltde gymmatly, şypaly hazyna hasaplanýan dermanlyk ösümlikleriň 107-si barada doly we düýpli maglumatlar berilýär. Milli Liderimiziň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaby hem «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek babatda ýetilen sepgitlere bagyşlanýar.

Halkara forumyň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyna degişli düzümlerde Türki dilli ýurtlaryň kardiologlarynyň XI kongresi, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň fiziologlarynyň halkara kongresi, şeýle hem Ýewraziýa döwletleriniň onkolog lukmanlarynyň halkara maslahaty geçirildi. Mundan başga-da, ýurdumyzyň käbir ýokary okuw mekdepleri bilen daşary ýurtlaryň iri bilim edaralarynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (UNFPA) Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikdäki 2025-nji ýyl üçin iş meýilnamasyna, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda satyn almak hyzmatlaryny üpjün etmek babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde 2026 — 2028-nji ýyllar üçin waksinalary we immunizasiýa enjamlaryny satyn almak barada Ylalaşyga gol çekildi.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň köpugurly düzüminiň üstüni ýetirjek döwrebap lukmançylyk desgalarynyň hem düýbi tutuldy. Şolaryň hatarynda Aşgabat şäherinde 500 orunlyk köpugurly hassahana, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahana, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi bar. Şeýle hem Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde 300 orunlyk Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň, paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň «Garadaşaýak» ýaşaýyş toplumynda döwrebap saglyk öýüniň açylmagy halkymyza ajaýyp sowgatdyr. Paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde geçirilen medeniýet we sungat işgärleriniň konserti bolsa il saglygy ýurt baýlygyna deňelýän berkarar döwletimiziň belent sepgitleriniň waspnamasy boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly täze kitabynda: «Saglygy goramak döwletiň baş wezipesidir» diýlip bellenilýär. Şoňa görä-de, baýramçylyk çäreleri «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygynyň hem-de milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen sepgitleriň özboluşly dabaralanmasyna öwrüldi.

Atamyrat ÝAZWELIÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, «Nesil».

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address