
Articles
488

Ýurdumyzda bilim ulgamy döwrüň ösen talaplaryndan ugur alnyp, yzygiderli kämilleşdirilýär. Bilimiň hiliniň ýokarlandyrylmagy we onuň sanlylaşdyrylmagy, hünärmenleriň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlanylmagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryndadyr. Şu nukdaýnazardan, Türkmen döwlet maliýe institutynda täze magistratura ugurlarynyň açylmagy hem ýokary derejeli, kämil bilimli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna giň ýol açýar.
Gäzirki zaman jemgyýetinde ýokary derejeli bilim almak diňe bir şahsy ösüş bolman, jemgyýetde ornuňy tapmak, hünär taýdan üstünlik gazanmak we halkara mümkinçiliklerden peýdalanmak üçin hem möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, ýokary bilim ulgamynyň wajyp bölegi hasaplanýan magistratura derejesiniň ähmiýeti barha artýar. Magistratura derejesi belli bir ugurdan öň alnan bilimleri has-da çuňlaşdyrmak we ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça bilim almak üçin giň mümkinçilikleri açýar. Bakalawr derejesinde umumy bilimler berilýän bolsa, magistraturada talyplar has çuňlaşýan, giňişleýin öwrenilýän mowzuklar boýunça iş alyp barýarlar. Bu bolsa hünär taýdan kämilleşmek üçin möhümdir.
Magistratura ylmy barlaglaryň we akademiki işleriň başlangyjy bolup durýar. Geljekde ylmy dereje almak ýa-da ýokary okuw mekdebinde mugallymçylyk etmek üçin magistratura hökmany şertleriň biridir. Bu döwürde taýýarlanylan ylmy işlerdir gözlegler talyby ylmy taýdan kämilleşdirýär. Magistratura diňe bir bilim basgançagy bolman, eýsem, adamyň öz ugry boýunça çuňňur pikirlenýän, tejribeli we ýöriteleşdirilen hünärmen hökmünde kämilleşmegine-de giň ýol açýan tapgyrdyr. Türkmen döwlet maliýe institutynda hem iki ýyldan bäri telekeçilik we maliýe ugry boýunça magistratura meýilnamasy amala aşyrylýar. 2025-2026-njy okuw ýylynda bolsa magistratura boýunça ugurlaryň sany 4-e ýetirildi. Bu ugurlar we olaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetindäki ähmiýeti örän uludyr. Çünki bu ugurlar ylmyň hem-de senagatyň, beýleki ugurlaryň hünärmen babatda zerurlyklary nazarda tutulyp öwredilýär.
Telekeçilik we maliýe bilim ojagymyzda iki ýyldan bäri dowam edýän we häzirki wagtda-da uly isleg bildirilýän ugurdyr. Telekeçilik diňe bir girdeji gazanmak däl, eýsem, toplumlaýyn we ulgamlaýyn pikirlenmegi hem talap edýän dolandyryş çemeleşmesidir. Telekeçilik işiniň ösüşi ýurduň içerki önümçiliginiň, iş orunlarynyň, ykdysady girdejiniň artmagyna gönüden-göni täsir edýär. Magistr derejesindäki telekeçiler ýerli önümçiligi ösdürmek, eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, şeýle-de täze tehnologiýalary we innowasiýalary girizmek bilen bagly zerur bilimlerdir başarnyklary özleşdirýärler. Dünýäniň ösen ýurtlarynda telekeçilik ugrunda magistratura derejesi giňden ýaýrandyr. Hut şonuň üçin-de, dünýäniň öňdebaryjy uniwersitetlerinde telekeçilik boýunça liderler taýýarlanylýar. Türkmenistanda hem şeýle bilim nusgasyny ösdürmek, ýaş telekeçileri halkara derejedäki bilimler we tejribe bilen üpjün etmek döwlet ösüş strategiýasynyň wajyp ugry bolup biler. Bu ugurdan bilim alýanlar durnukly telekeçilik, halkara bazarlar we marketing, maliýe seljermesi, ykdysadyýetde barlaglaryň usullary, işewürligi guramak, sirkulýar we durnukly işewürlik modelleri, innowasion menejment ýaly köp sanly möhüm dersleri özleşdirýärler. Telekeçilik we maliýe ugurlary boýunça magistratura derejesinde bilim almak häzirki döwrüň sanly hem-de innowasion ykdysadyýetinde netijeli işlemek üçin düýpli binýatdyr.
Salgyt menejmenti — döwletiň ykdysady durnuklylygyny saklamakda we ösdürmekde salgyt ulgamynyň möhüm gurallarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Salgyt syýasaty diňe bir girdejileri toplamak däl, eýsem, jemgyýetiň ösüşini ugrukdyrmak, adalatly bölünişigi üpjün etmek we ykdysady meýilnamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm mümkinçilikleri döredýär. Şunuň bilen baglylykda, salgyt menejmenti boýunça ýöriteleşdirilen bilim we tejribe häzirki wagtda uly ähmiýete eýe boldy. Bu ugurda bilim alýanlar salgyt syýasaty we salgyt dolandyrylyşy, dolandyryş ykdysadyýeti, salgyt gözegçiligi we salgyt auditi, gözegçilik we derňew, salgyt meýilnamalaşdyrylyşy, salgyt salmagyň sanlylaşdyrylmagy we beýleki möhüm dersleri özleşdirýärler. Salgyt menejmenti ykdysadyýetiň ähli pudaklary bilen gönüden-göni baglanyşykly bolup, ýokary derejeli bilim we seljerme babatda pikirlenme ukybyny talap edýär.
Bank işi we maliýe — bu diňe bir hasaplaýyş işi bolmak bilen çäklenmän, ykdysady düşünjeleri, bazar we maliýe seljermelerini hem talap edýär. Magistratura bu düşünjeleri çuňlaşdyrýar. Bank işi we maliýe ugurlary çalt üýtgeýän bazar şertleri, ykdysady çökgünlikler, sanlylaşdyrma, pul syýasaty ýaly köp sanly içerki hem daşarky täsirlere bagly ugurlar bolansoň, munda ylmy taýdan taýýarlykly hünärmenleriň orny möhümdir. Bu ugurda bilim alýanlar bank menejmenti we maliýe marketingi, bank töwekgelçiliklerini dolandyrmak, banklarda maliýe gözegçiligi we içerki audit, maliýe bazarlary we maýa goýum seljermesi, kriptoykdysadyýet we blokçeýn tehnologiýasy ýaly dersleri özleşdirýärler. Degişli ugurdan magistratura derejesine eýe bolan hünärmenler banklaryň durnuklylygyny, müşderi hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga ýardam berýärler. Şeýle-de maliýe ulgamynda dünýä tejribesini oňat bilýän hünärmenleriň işlemegi daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge, içerki bazaryň giňelmegine mümkinçilikleri döredýär.
Buhgalterçilik hasaba alnyşy, analiz we audit — bu ykdysady durnuklylygyň we ösüşiň esasy şerti bolan maliýe serişdeleriniň maksadalaýyk, netijeli dolandyrylmagydyr. Magistr derejesindäki hünärmenler döwlet hasabatlarynda we hususy ulgamdaky hasapçylyk, audit işlerinde ýokary derejeli jogapkärçiligi öz üstüne alyp bilýärler. Şeýle hünärmenleriň taýýarlanylmagy ykdysadyýetde aç-açanlygyň we ygtybarlylygyň ýokarlanmagyna, ykdysady maglumatlaryň anyk hem dogry bolmagyna, döwlet bilen hususy ulgamyň arasynda ynanyşmagyň artmagyna ýardam berýär.
Bilim diňe bir maglumatlar bolman, eýsem, çäksiz mümkinçiliklerdir. Magistratura bolsa şol mümkinçilikleri ykdysady ösüşiň hereketlendirijisine öwürýän güýç bolup durýar. 2025-2026-njy okuw ýylynda institutymyzda täze magistratura ugurlarynyň açylmagy ýaşlara agzalan ugurlar boýunça çuňlaşdyrylan bilim almaga ýol açýar. Şeýle giň mümkinçilikleriň döredilmegi bilen, ýurdumyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, giň gözýetimli, ylmy taýdan pikirlenmäge ukyply hünärmenleriň täze nesli kemala gelýär.
Ahmet ANNABERDIÝEW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň uly mugallymy.