
Articles
794

1008-nji ýyl. Seljuk döwletiniň dörediljek wagtyna çenli ýene 32 ýyl bar. Kaşgar şäherinde emir Hüseýn ibn Muhammediň maşgalasynda ogul perzent dünýä inýär, onuň adyna Mahmyt goýýarlar. Ata ýüregi şatlykdan doludy, onuň mirasdüşeri dünýä inipdi. Emma şol wagt ol öz oglunyň adynyň ýene müň ýyldan soň hem dilden düşmejekdigi barada pikir hem eden däldir. Soňra atanyň bar aladasy ogluna iň gowy bilim almaga mümkinçilik döretmek boldy. Kaşgar şäheri munuň üçin örän amatly ýerleriň biridi. Mahmyt şäheriň iň gowy Hamidiýe we Sažiýe medreselerinde okaýar.
Mahmydyň bilim alýan döwründe seljuklar hereketi heniz gaznaly mülkleri boýunça ýeňiljek şemal ýaly öwüsýärdi. Kaşgarda alan bilimini ýeterlik hasap etmän, Mahmyt Buhara we Nişapura gidip, şol ýerlerde okuwyny dowam etdirýär we taryh, filosofiýa, logika, teologiýa, ýurisprudensiýa, matematika, astronomiýa, lukmançylyk ýaly ylymlary düýpli öwrenýär. Mundan başga-da, şol döwrüň islendik ýokary derejeli maşgalasynda terbiýelenýän çaga babatda bolşy ýaly, harby sungatyň dürli görnüşlerini hem öwrenýär. Okuwda esasy üns arap we pars dillerini öwrenmäge berlipdir. Ýöne Mahmyt, gelip çykyşy türkmen bolany üçin, diňe baryp gören ýerlerinde däl, uzak wagtlap ýaşan ýerleri bolan Merwde, Samarkantda we Bagdatda hem türki dilleri özbaşdak öwrenipdir.
Indi seljuklar hem ýöne bir harbylaşdyrylan birleşme däl-de, eýsem, gazaply Mahmyt Gaznalyny, soňra onuň ogly Masudy özleri bilen ylalaşmaga mejbur edýän düýpli harby güýç bolup durýardy. Iki nesilşalygyň özara göreşinde aýgytly döwür — 1040-njy ýyl ýetip gelýär. Horasanyň öňki dolandyryşdan halys bizar bolan barly adamlary tarapyndan ynamdar goragçy we adalatyň kepili hasap edilen seljuklar gaznalylardan döwleti doly diýen ýaly gaňryp alýarlar. Halkyň täze, mynasyp durmuş baradaky ynamy musulmanlaryň abraýly şahsy bolan halyf tarapyndan seljuklaryň häkimiýetine ak pata berilmegi bilen has-da berkeýär. Beýik Seljuk soltanlary Dawut Çagry beg, Muhammet Togrul beg we Alp Arslan döwründe durmuş, hakykatdan-da, kem-kemden gowulaşyp başlaýar we gülläp ösýän döwlet öz düzümine täze çäkleri birleşdirýär.
Bu özgerişleriň şaýady bolan, türkmenleriň ýaşaýan ýerlerini aýlanyp çykan Mahmyt Kaşgarly türkmenler, olaryň medeniýeti we dili barada kitap ýazmak kararyna gelýär. Kem-kemden imperiýa öwrülýän Seljuk döwleti barha berkeýär we Mahmyt Kaşgarlynyň kitaby ýönekeý eserden ensiklopediýa öwrülýär. Onuň üstünde işlemek awtory barha özüne çekýär. Ol çarwa durmuşyndan oturymly ýaşaýşa geçmegiň wagtynyň gelendigini belläp, geljekki kitabynyň üstünde işlemek maksady bilen, Bagdatda ornaşmak kararyna gelýär, munuň üçin bolsa ýeterlik maglumatlary toplaýar. Özem olar beýleki kitaplardan göçürilip alnan däl-de, eýsem, ýüzbe-ýüz söhbetdeşlikleriň barşynda yhlas bilen ýygnalan, gymmat bahaly merjenlerdi! Indi bolsa olary ussatlyk bilen okyjylara ýetirmek gerekdi: «Men... gelip çykyşy we asly boýunça iň ilkinji orunda durýan,... iň arassa dilde gepleýän türkmenlerden gelip çykan-da bolsam,... men türkmenleriň ähli obalaryny, sähralyklaryny ädimme-ädim aýlanyp çykdym. Men öz aňymda türkleriň, türkmenleriň, oguzlaryň, çigilleriň, ýagmalaryň, gyrgyzlaryň janly we heňe gelýän gürrüňlerini doly ýazyp aldym... Ine, şu kitaby-da, köp wagtlap öwrenenimden we gözleglerden soň, iň nepis keşpde, iň düşnükli dilde ýazdym».
Awtoryň on bäş ýylyň dowamynda maglumatlaryny ýygnan we kiçigöwünlilik bilen «Diwany lugat at-türk» («Türki dilleriň diwany») diýip atlandyran kitabynyň ýazylyp tamamlanmagy Beýik Seljuk şadöwletiniň gülläp ösýän we kuwwatlanýan döwrüne gabat gelýär. Munuň özi Mälik şanyň dolandyran döwrüdi.
Kitabyň yhlas bilen tertipleşdirilen uly möçberdäki maglumatlary diňe filologiýa bilen çäklenmän, lukmançylyk, astronomiýa, geografiýa, etnografiýa ýaly ugurlary hem öz içine alýar. Awtoryň türki dilleriň leksikasyna, grammatikasyna we fonetikasyna beren iňňän inçe synlary türki dilleriň taryhy we medeniýeti baradaky baý maglumatlar bilen utgaşyp gidýär. Bu bolsa Kaşgarlynyň işini gymmatly başlangyç çeşmä öwürýär. Bu işe awtor türkmenleriň taýýarlan gadymy dünýä kartasyny hem goşupdyr. Özem awtor tarapyndan getirilýän maglumatlaryň hakykylygy, ygtybarlydygy täze maglumatlar we arheologik tapyndylar bilen subut bolup gidip otyr.
Kaşgarly dilleri öwrenmek işine deňeşdirme usulyny we taryhy çemeleşmäni girizdi. Türkişynaslar bu kitaba ilkinji, özüniň deňeşdirme-taryhy derňewleriniň döwrüni ýedi ýüzýyllykdan hem öňe geçip öwrenilen iş hökmünde seredýärler. Onda usulyýetçilik ýörelgeleriniň geljekki tymsallary anyk yzarlanylýar. Ol bolsa ylymda diňe XX asyrda ykrar edildi.
Kaşgarlynyň sözlügi köp sanly çeper eserleriň, esasan-da, halk döredijiliginiň eserleriniň hünji ýaly düzülendigi bilen-de täsindir. Awtoryň özi ol hakda: «Bu kitaby men nakyllar, sajalar, atalar sözleri, goşgular, rajazlar we kyssa eserlerinden alnan mysallar bilen bezäp, elipbiý tertibinde düzdüm» diýýär.
Mahmyt Kaşgarly öz eseriniň üstünde işlemek bilen, dünýäniň ähli arap dilli okyjylaryny häkimiýeti eýýäm halyfatyň ýerlerini-de öz içine alyp, dabaraly ýörişini dowam etdirýän türkmenleriň dili we medeniýeti bilen tanyşdyrýan, ensiklopedik sözlügi döretmäge ymtylýardy. Awtor özüniň ruhy joşgunyny gizläp hem durmandyr. Bu, esasan-da, esere ýazylan girişde duýulýar. Mahmyt Kaşgarly diňe musulman dünýäsiniň ägirt giň çäklerini eýelemän, eýsem, günbatardaky güýçli goňşusy bolan Wizantiýa imperiýasyndan hem üstün çykan seljuklaryň görlüp-eşidilmedik harby ýeňişleriniň şaýady bolmak bilen, türkmenleri dünýäni dolandyrmak üçin Ýaradan tarapyndan saýlanyp alnan halk hökmünde görkezýär.
Mahmyt Kaşgarly öz işini halyf al-Muktada bagyşlaýar. Munuň aýratyn manysy bardy. Seljuklar üçin halyfyň pata bermegi örän möhüm ähmiýete eýedi, çüňki olar özleriniň üstüne ýüklenen wezipäni halyf tarapyndan ynanylan mukaddes borç hasap edýärdiler. Awtor «Türki dilleriň diwanyna» aýratyn ruhy dereje beripdir we türkmenleriň dilini öwrenmegi umumymusulman çelgileriniň hataryna girizipdir.
Mahmyt Kaşgarly «Türki dilleriň grammatikasynyň gymmat bahaly daşlary» atly eserini hem ýazýar.
Mahmyt Kaşgarly ömrüniň ahyrynda dogduk mekanyna dolanyp barýar. Onuň atasy öz ogly Mahmyda buýsanmaga haklydy. Mahmyt Kaşgarly türki halklaryň hakyky ensiklopediýasyny döredipdi we ylymda täze ugruň — türkişynaslygyň düýbüni tutupdy. 1105-nji ýylda beýik alym Kaşgarda — özi üçin ýörite gurlan-taýýarlanylan ýerde jaýlanýar. Ol ýer häzirki günlere çenli «Türki dilleriň diwany» atly kitabyň awtorynyň zehinine hormat goýýanlar üçin zyýarathanadyr. Şol eserde esasy çagyryş şundan ybaratdy: «Türkmenleriň dilini öwreniň, olaryň soltanlygy uzak wagtlap dowam eder!».
ÝUNESKO-nyň karary bilen alymyň uly hyzmatyna hormatyň nyşany hökmünde 2008-nji ýyl «Mahmyt Kaşgarlynyň ýyly» diýlip yglan edildi.
Akyldar Mahmyt Kaşgarlynyň ýene bir aýtmak islän zady şundan ybaratdy: «Päk ahlakly bolmaga çalşyň! Oňa mynasyp boluň, ulumsylyk etmäň!».
Juma ORAZGYLYJOW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň esasy ylmy işgäri, taryh ylymlarynyň kandidaty.