
Articles
474

Oýunlar çagalaryň ýatkeşligini, göz öňüne getirme endigini ösdürýär hem-de olaryň dostluk, adamkärçilik ruhunda terbiýelenmegine ýardam edýär. Şeýlelikde, çagalaryň ilkinji gylyk-häsiýetleriň-de düýbi tutulýar. Çagalar oýun pursadynda özüni gurşap alan daş-töweregi synlaýarlar, ulularyň gylyk-häsiýetlerini, olaryň zähmete bolan garaýşyny öwrenýärler. Bakja toparynda oýunlar çagalaryň güýmenjesi ýaly bolup görünse-de, olarda synçylyk, pikirleniş ukybyny kämilleşdirmek, bedenini berkitmek ýaly endikler kemala gelýär. Oýnuň üsti bilen çaga daşky durmuşdan täze düşünjeler alýar. Sapaklarda, gezelençlerde alan bilimleriniň üstüni doldurýar.
Çagalar oýun oýnanlarynda deň-duşlaryna, Watana, halkyna bolan söýgüsini we beýleki gylyk-häsiýetlerini aýdyň ýüze çykarýarlar. Meselem, körpeler kiçijik topar bolup, «Maşgala» oýnuny oýnaýarlar. Oýunda çagalar maşgala agzalarynyň agzybir bolmagyny, myhmançylyga gelenleri güler ýüz bilen garşylamagy, zähmete, agzybirlige bolan söýgüsini aýdyň ýüze çykarýarlar.
Sapakda we gündelik durmuşda körpeleriň daşky dünýäni özleşdirmekleri üçin duýgulaýyn tejribeler örän uly orun eýeleýär. Bakja toparlarda duýgulary ösdürmek sapagynda körpeleriň aňynyň we bedeniniň sazlaşykly ösdürilmegi gazanylýar. Bu sapak çagalar bilen öwrediji oýunlary guramak arkaly alnyp barylýar.
Çaga oýunlary örän dürli-dürlüdir. Oýny körpeleriň özleri döredip oýnaýan bolsa, oňa döredijilik oýunlary diýilýär. Oňa «Maşgala», «Mekdep», «Dükan» ýaly oýunlary mysal getirip bolar. Terbiýeçiniň körpeleri mekdep, dükan, kitaphana ýaly birnäçe ýerler bilen tanyş etmegi olaryň döredijilik tematikasynyň hem-de mazmunynyň baýlaşmagyna kömek edýär.
Belli bir tertibi we düzgüni bolan oýunlara düzgünli oýunlar diýilýär. Düzgünli oýunlaryň birnäçesi halynyň, palasyň ýa-da stoluň üstünde oýnalsa, käbiri hereket etmekligi talap edýär. Hereketli oýunlara «Pökgini sebede sal», «Köprüden geçeliň», «Pökgini zyň» ýaly oýunlar mysal bolup biler. Entek oýunlara girişmezden öň, oýunlaryň düzgünlerini hemmeleriň bilmegi hökmandyr.
Bakja toparynda körpelere täze düşünje diňe sapaklaryň üsti bilen däl-de, eýsem, oýunlar arkaly-da berilýär. Oýunlaryň esasy maksady çagalara täze bilim berýän hem-de öňki düşünjelerini berkidýän bolsa, onda oňa didaktiki ýa-da öwrediji oýunlar diýilýär. Muňa mysal edip, «Şekili ýerinde goý», «Reňki tana we aýt», «Şekilleri tapawutlandyr» ýaly oýunlary görkezmek bolar.
Oýunlar çagada şatlyk, begenç duýgularyny ösdürýär. Şeýle hem olaryň sözleýiş, diňlemek hem pikirlenmek endikleriniň ösmegine itergi berýär. Oýnuň islendik görnüşine-de çagalar örän höwesli gatnaşýarlar.
Şemşat ETIREKOWA,
Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 39-njy çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi.