
Articles
852

Häzirki ajaýyp döwrümizde ýaş nesillere bilim öwretmekde, olaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerini üpjün etmekde ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemekde ene dilimiziň hem ähmiýeti uludyr. Ene dilimiz milli medeniýetimiziň, edebi mirasymyzyň berk binýadydyr. Şu nukdaýnazardan, ene dilimiziň baýlyklaryny, ýazuw kadalaryny öwretmekde bilim işgärleri hem uly işleri alyp barýarlar. Bu günki ýaşlaryň ene dilimize çuňňur düşünmeklerini gazanmak, olarda sözleýiş medeniýetini ösdürmek biziň her birimiziň baş maksadymyz bolmalydyr. Biz ýaşlara edep berenimizde hem, durmuşy öwredenimizde hem ene dilimiziň baýlyklary barada düşünje bermelidiris. Ýeri gelende, dilimizdäki parasatly sözleri, nakyllary, ýörgünli söz düzümlerini olaryň aňyna guýmalydyrys. Munuň özi bolsa, ilki bilen, olarda milli garaýşy kemala getirer, halkyň taryhy ýoluna, döreden gymmatlyklaryna söýgi döreder. Şonuň üçin hem milli dil ýaşlary terbiýelemegiň esasy serişdesi bolup hyzmat edýär.
Orta mekdepleriň 8-nji synpynda sözlemler, olaryň baş we aýyklaýjy agzalary öwredilýär. Sözlem düzmek, sözlemiň eýesiniň we habarynyň ýerinde goýulmagy diliň owadanlygyny, pikiriň beýan edilişiniň kämilligini görkezýär. Şonuň üçin hem okuwçylara bu tema geçilende kesgitlemeleri, sözlemleri multimedia tagtasynda slaýd şekilleriniň üsti bilen düşündirýäris.
Gutarnykly oý-pikiri aňladýan sintaktik birliklere sözlem diýilýändigini beýan edýäris. Multimedia tagtasynda birnäçe sözlemleri görkezip, okuwçylar bilen okaýarys. Bu sözlemleriň nähili oý-pikiri aňladýandygy hakynda pikirlerini soraýarys. Bu okuwçylaryň sapaga işjeň gatnaşmagyny üpjün edýär. Şunda okuwçylar sözlemleriň gutarnykly oý-pikiri aňladýandygyna göz ýetirýärler.
Şeýle hem sözlemleriň pikir aňladyşy taýdan dört topara bölünýändigini düşündirýäris. Ol toparlara habar sözlemi, sorag sözlemi, ýüzlenme sözlemi we sorag-ýüzlenme sözlemi degişli bolup durýar. Okuw kitabyndan birnäçe sözlemleri okaýarys we bu sözlemleriň haýsy topara degişlidigi barada okuwçylar pikirlerini aýdýarlar. Işjeň ýagdaýda guralýan sapaklar okuwçylarda gyzyklanma döredýär hem-de olar ene dilimiziň ylmy esasda öwrenilişine düşünýärler.
Türkmen dilinde sözlemleriň gurluşyny öwrenmek okuwçylaryň pikirini beýan etmegine, pikirlenişiniň ösdürilmegine oňat täsir edýär. Şeýle hem sapagyň dowamynda çeper eserlerden sözlemleri okaýarys. Sapagyň ahyrynda okuwçylara ýumuş tabşyrmak örän ähmiýetlidir. Bu geçilen temany berkitmekde örän täsirli bolýar. Şonuň üçin hem okuwçylara ýatdan sözlemleri düzmegi we aýdylyş äheňi we pikir aňladyşy boýunça sözlemleriň toparyny beýan etmegi tabşyrmak bolar.
Sahypjemal NAZAROWA,
Gyzylarbat etrabynyň Aýtguly Geldiýew adyndaky 17-nji orta mekdebiniň mugallymy.