Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main page
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

The Ministry of Education of Turkmenistan

Körpeleriň pikirlenişini ösdürmek

19.11.2025

484

Körpeleriň pikirlenişini ösdürmek

Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ry­nyň uly (mek­de­be taý­ýar­la­ýyş) to­par­la­ryn­da dür­li sa­pak­lar bo­ýun­ça so­rag­lar we bäs­le­şik­ler ça­ga­la­ryň lo­gi­ki pi­kir­le­ni­şi­ni, ýat­keş­li­gi­ni ös­dür­mä­ge kö­mek ed­ýär. Sa­pak­dan da­şa­ry hem dür­li çä­re­ler­de ça­ga­la­ryň iş­jeň­li­gi­ni ga­zan­mak müm­kin. Türk­men mil­li oýun­la­ry­ny (my­sal üçin, dür­li to­par bo­lup oý­nalýan oýun­lar, yl­gaw ýa­ryş­la­ry) gu­ra­mak ar­ka­ly ça­ga­la­ryň be­den iş­jeň­li­gi­ni art­dy­ryp, mil­li mi­ras bi­len ta­nyş­dy­ryp bol­ýar. Ýe­lim­le­mek bo­ýun­ça ka­gyz­dan, plas­ti­lin­den, te­bi­gy ma­te­rial­lar­dan (ýap­rak­lar, daş­lar) dür­li zat­la­ry ýa­sad­ýa­rys. Bu bol­sa ça­ga­la­ryň ow­nuk mo­to­ri­ka­sy­ny we dö­re­di­ji­lik pi­kir­len­me­si­ni ös­dür­ýär. Aý­dym-saz­ly bäs­le­şik­ler, tans çy­kyş­la­ry ça­ga­la­ryň me­de­ni ösü­şi­ni we saz­la­şyk duý­gu­sy­ny kä­mil­leş­dir­ýär.

Kä­bir çä­re­le­riň (my­sal üçin, sport bäs­le­şik­le­ri, el iş­le­ri­niň ser­gi­si) maş­ga­la ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gu­ral­ma­gy ça­ga­la­ryň we ene-ata­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şy­gy ber­kit­mä­ge, ça­ga­lar ba­gy­nyň maş­ga­la bi­len bi­le­lik­dä­ki işi­ni gu­ra­ma­ga ýar­dam ed­ýär. Ça­ga­lar bi­len ge­çi­ril­ýän gy­zyk­lan­ma çä­re­le­ri hem ola­ryň tä­ze bi­lim­le­ri, en­dik­le­ri şa­dy­ýan­lyk bi­len öz­leş­dir­me­gi­niň, şah­sy­ýet hök­mün­de ös­me­gi­niň aý­ryl­maz bö­le­gi bo­lup dur­ýar.

Oýun­lar ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýet­li, öw­re­di­ji bol­ma­ly­dyr. Ça­ga­lar bag­la­ryn­da gu­ra­ýan oýun­la­ry­myz hem öw­re­di­ji hä­si­ýe­te eýe bol­ýar. Bu oýun­lar su­rat şe­kil­le­ri, dür­li gör­nüş­ler bi­len be­ze­lip, kör­pe­le­riň dyk­ga­ty­na ýe­ti­ril­ýär. Bu bol­sa ola­ryň wag­ty­nyň şa­dy­ýan we peý­da­ly geç­me­gi­ni üp­jün ed­ýär.

Oýun­la­ryň üs­ti bi­len reňk­le­ri, san­la­ry sa­na­ma­gy, te­bi­ga­ty öw­ren­ýär­ler. Şun­da kör­pe­le­riň ir­ki ösü­şi ke­ma­la gel­ýär. Ola­ryň öw­ren­mä­ge bo­lan gy­zyk­lan­ma­la­ry art­ýar. Il­kin­ji no­bat­da, ter­bi­ýe­çi hem ir­gin­siz zäh­met çek­mä­ge hö­wes­len­ýär. Çün­ki ta­kyk mak­sat, ru­hy kuw­wat, iç­ki hö­wes we ite­ri­ji güýç bol­ma­sa, ýo­ka­ry ne­ti­jä ýet­mek müm­kin däl­dir. Şol nuk­daý­na­zar­dan, ter­bi­ýe­çi kör­pe­ler­de öw­ren­mä­ge, oýun­la­ra iş­jeň gat­naş­ma­ga hö­wes dö­ret­me­li. Mu­nuň üçin süý­ji dil­li bo­lup, kör­pe­ler­de gy­zyk­lan­ma dö­ret­me­li, pi­kir­le­ni­şi­ni ös­dür­me­li. Ter­bi­ýe­çi özü­niň gym­mat­ly wag­ty­ny kör­pä­niň ukyp we ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek ug­run­da sarp ed­ýän bol­sa, on­da ça­ga­lar gu­ral­ýan sa­pak­la­ra, oýun­la­ra iş­jeň gat­na­şar­lar, oýun­la­ryň üs­ti bi­len köp zat­la­ry öw­re­ner­ler.

Ça­ga­la­ryň her bir ta­rap­dan ba­şar­nyk­la­ry­ny ös­dür­mek üçin kör­pä­niň nä­mä ukyp­ly­dy­gy­ny öw­ren­mek ter­bi­ýe­çi­niň esa­sy iş­le­ri­niň bi­ri­dir. Mek­de­be çen­li ça­ga­lar eda­ra­la­ryn­da goş­ma­ça bi­lim ber­mek, ýag­ny çe­per dö­re­di­ji­lik we ös­dü­ri­ji gur­nak­la­ryň işi­niň ýo­la go­ýul­ma­gy hem kör­pe­le­riň dür­li ugur­lar­dan ze­hin­le­ri­niň açyl­ma­gy­na, hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösen ýaş­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi­ne uly ýar­dam ed­ýär. Şo­nuň üçin ça­ga­lar ba­gy­myz­da gur­nak iş­le­ri­ne hem aý­ra­tyn üns ber­ýä­ris. Kör­pe­ler bi­len bu gur­nak­lar­da ça­ga­la­ryň öz uky­by­na gö­rä, gy­zyk­lan­ýan ugur­la­ry bo­ýun­ça iş­le­ri alyp bar­ýa­rys. Bu gur­nak­la­ry­myz ça­ga­la­ryň ze­hi­ni­ni aç­ma­ga, ukyp­la­ry­ny ös­dür­mä­ge we iş­jeň­leş­dir­mä­ge ýar­dam ed­ýär.

Göw­her AN­NA­ÝE­WA,

Sa­rahs et­ra­byn­da­ky 7-nji ça­ga­lar bak­ja-ba­gy­nyň ter­bi­ýe­çi­si.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address