Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

The Ministry of Education of Turkmenistan

Türk­men di­li sa­pa­gy­ny okat­ma­gyň usul­la­ry

01.12.2025

618

Türk­men di­li sa­pa­gy­ny okat­ma­gyň usul­la­ry

Eziz Di­ýa­ry­myz­da Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de ylym-bi­lim ös­dü­ril­ýär. Ýur­du­myz­da ene di­li­mi­zi we dün­ýä dil­le­ri­ni yl­my esas­da öw­ren­mä­ge hem-de ýaş­la­ra öw­ret­mä­ge be­ril­ýän üns gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri ber­ýär. Hal­ky­myz­da: «Dil — hal­kyň ru­hy ha­zy­na­sy» di­ýen pa­ra­sat­ly jüm­le bar. Ha­wa, her bir hal­kyň öz mil­li di­li onuň ru­hy baý­ly­gy bo­lup dur­ýar. Hut şu nuk­daý­na­zar­dan ene di­li­mi­zi yl­my esas­da öw­ren­mek we ýaş­la­ry mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek baş ala­da­myz bo­lup dur­ýar. Mu­nuň üçin or­ta mek­dep­ler­de türk­men di­li sa­pak­la­ry gu­ra­ma­çy­lyk­ly, iň döw­re­bap usul­lar­da oka­dyl­ýar.

Türk­men di­li sa­pa­gyn­da komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan, mul­ti­me­dia tag­ta­la­ryn­dan peý­da­lan­mak we my­sal­la­ry, gö­nük­me­le­ri slaýd şe­kil­le­ri­niň üs­ti bi­len dü­şün­dir­mek örän tä­sir­li­dir. Yn­ha, 7-nji synp­da türk­men di­li sa­pa­gyn­da mor­fo­lo­gik der­ňew ha­kyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­şün­di­ril­ýär. Şun­da, il­ki bi­len, okuw­çy­la­ryň ün­sü­ni ge­çi­len sa­pak­la­ra çek­mek bo­lar. Çün­ki dil bi­li­min­de mor­fo­lo­gi­ýa nä­mä­ni öw­ren­ýär di­ýen so­wal bi­len mul­ti­me­dia tag­ta­da ýaz­gy­la­ry hö­dür­le­ýä­ris.

Mor­fo­lo­gi­ýa gram­ma­ti­ka­nyň bir bö­lü­mi bol­mak bi­len, on­da söz­ler lek­sik ma­ny­la­ry­nyň, mor­fo­lo­gik aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň we sin­tak­tik hyz­ma­ty­nyň esa­syn­da, şol aý­ra­tyn­lyk­lar göz öňün­de tu­tu­lyp, dür­li to­par­la­ra bö­lü­nip öw­re­nil­ýär. Bu bö­lüm­de söz­le­riň gur­lu­şy, ola­ryň dü­zü­min­dä­ki asyl söz we söz ýa­saý­jy, şe­kil ýa­saý­jy, söz üýt­ge­di­ji go­şul­ma­lar, ola­ryň gör­nüş­le­ri hem-de ýe­ri­ne ýe­tir­ýän hyz­mat­la­ry kes­git­le­nil­ýär. Şun­dan hem gör­nü­şi ýa­ly, mor­fo­lo­gik der­ňew söz­le­riň gur­lu­şy­ny der­ňe­ýär, söz­ler­dä­ki go­şul­ma­la­ry kes­git­le­ýär. Söz­le­riň gur­lu­şy kes­git­le­ni­len­de, ola­ryň asyl ýa-da ýa­sa­ma söz­dü­gi, eger ýa­sa­ma söz bol­sa, söz ýa­sa­ly­şy­nyň haý­sy ýol ar­ka­ly ýa­sa­lan­dy­gy, gur­lu­şy taý­dan gör­nüş­le­ri, ýag­ny sa­da, goş­ma, tir­keş söz­dü­gi anyk­la­nyl­ýar.

Sa­pa­gyň do­wa­myn­da ki­tap­da ber­len gö­nük­me­le­ri oka­ýa­rys, ki­tap­da­ky be­ýan edil­ýän söz­lem­ler­den söz­le­ri mor­fo­lo­gik der­ňew ed­ýä­ris. Şun­da mul­ti­me­dia tag­ta­syn­da de­giş­li sö­zi we söz­le­ri ýaz­ýa­rys. Şon­da sö­züň haý­sy to­pa­ra de­giş­li­di­gi­ni kes­git­le­ýä­ris we go­şul­ma­la­ry­ny bö­lüp der­ňe­ýä­ris. Bu usu­ly öz­baş­dak iş­le­me­gi we dep­der­le­ri­ne ýaz­ma­gy okuw­çy­la­ryň pi­kir­le­ri­ni baý­laş­dyr­ýar, sa­pa­ga iş­jeň gat­naş­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär.

Sa­pa­gyň ahy­ryn­da ki­tap­da ber­len söz­lem­le­ri dep­der­le­rine gö­çür­me­gi hem-de söz­lem­dä­ki söz­le­ri mor­fo­lo­gik der­ňew et­me­gi tab­şyr­mak bo­lar.

Baý­mäm­met NA­ZA­ROW,

Gy­zy­lar­bat et­ra­byn­da­ky 25-nji or­ta mek­de­biň mu­gal­ly­my.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address