
Articles
875

Tehnologiýalaryň barha kämilleşýän döwründe sanly ulgamyň ösüşleri bilen deň gadam urmak islendik ýurduň ykdysadyýetiniň ilerlemegi üçin örän wajypdyr. Çünki döwür — sanly tehnologiýalaryň döwri. Şonuň üçin häzirki wagtda ýurdumyzda hem döwrebap maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny, emeli aňyň mümkinçiliklerini ykdysadyýetiň pudaklaryna giňden ornaşdyrmak, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ylmyň soňky gazananlarynyň ähli ulgamlara işjeň ornaşdyrylmagy ykdysady ösüşiň depginini güýçlendirmäge mümkinçilikleri döredýär. Şunda emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden ýokary derejede işjeň we netijeli peýdalanmagyň usullary hem yzygiderli öwrenilýär.
Ýakynda ÝUNESKO-nyň Halkara ýokary bilim innowasiýalarynyň merkezi tarapyndan «Mugallymlara ýardam bermek: öwretmekde we öwrenmekde döredijilikli emeli aňyň güýjüni açmak» atly onlaýn webinar guraldy. Onda Hindistanyň Ösen tehnologiýa ösüş merkeziniň dosenti, Okuw we wirtual kämilleşdiriş merkeziniň wise-başlygy, filosofiýa ylymlarynyň doktory Kauşal Kumar Bhagat çykyş edip, emeli aňyň dürli ugurlarda ulanylyşy barada mugallymlara amaly düşünjeleri berdi. Mundan başga-da, ol emeli aňy synp otaglaryna netijeli ornaşdyrmak, okuwlary täzeçe meýilnamalaşdyrmak, bahalandyrmak, şahsy öwrenişiň we döredijiligiň mazmunyny ösdürmegiň ähmiýeti barada anyk mysallar arkaly webinar sapagyň dowamynda gürrüň berdi.
Webinar okuwa Türkmenistanyň we dünýäniň başga-da birnäçe döwletleriniň ençeme ýokary okuw mekdeplerinden professor-mugallymlar, talyplar, dürli ugurlarda işleýän hünärmenler onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymlary hem oňa işjeň gatnaşyp, innowasion tehnologiýalary, emeli aňy ulanmagyň halkara tejribesi, onuň ylym-bilim ulgamyna, önümçilige ornaşdyrylyşy barada sowal-jogap alyşdylar. Ýeri gelende bellesek, institutymyzyň mugallymlary ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen «Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy» atly halkara ylmy-amaly maslahata hem işjeň gatnaşdylar.
Şeýle halkara maslahatlardyr okuw sapaklarynyň yzygiderli geçirilmegi Türkmenistanyň ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar babatda halkara derejedäki ugurdaş düzümler, dünýäniň ylmy merkezleri bilen giň hyzmatdaşlyga hemişe açykdygyny görkezýär. Şonuň bilen birlikde, munuň özi ýurdumyzda innowasion tehnologiýalaryň ykdysadyýetiň pudaklaryna işjeň ornaşdyrylmagyna döwlet derejesinde ähmiýet berilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Gurbangül ŞIRMÄMMEDOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.