
Articles
4713

Milli bilim ulgamyny ösdürmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, eziz Watanymyzyň ähli künjeklerinde okatmagyň öňdebaryjy usullaryna, kompýuter tehnologiýalaryna esaslanýan döwrebap bilim edaralary yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Döredilýän mümkinçilikler ösen aň-düşünjeli, ýokary tehnologiýalardan kämil baş çykarýan, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen ýaş nesliň kemala gelmeginiň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.
Mälim bolşy ýaly, bilim ähli ösüşlerimiziň, bagtyýarlygymyzyň we abadançylygymyzyň binýady, beýik geçmişimiziň hem-de geljegimiziň röwşen ýoludyr. Şoňa görä-de, uzak geçmişlerden bäri bilime teşneligi, ylma yhlaslylygy, pähim-paýhaslylygy bilen dünýä meşhur bolan merdana milletimiziň asylly ýörelgelerine eýerip, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ony hil taýdan täze derejä çykarmak babatda ýurdumyzda ägirt uly we giň gerimli işler üstünlikli amala aşyrylýar.
Döwletimiziň bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli giňeldilýär.
Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», beýleki döwlet we milli maksatnamalarda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, milli bilim ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmak boýunça degişli işler durmuşa geçirilýär, sanly bilim ösdürilýär. Bilim ulgamynyň, aýratyn-da, sanly ulgamyň depginli ösüşi häzirki wagtda döwletiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň oňyn çözülmegi bilen birlikde, çuňňur watansöýüji, giň dünýägaraýyşly, ýokary bilimli, hünärli ýaşlary taýýarlamak işini kämilleşdirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz röwşen geljegi nazarlaýan özgertmeleriň çuňňur ylmy binýadynyň kemala getirilmegi üçin ylym-bilim ulgamynyň ösdürilmegi ugrunda giň gerimli çäreleriň durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär.
Hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, ynsanperwerlige ýugrulan durmuş kadalaryny, zähmet däplerini, asylly milli häsiýetlerini mynasyp dowam etdirip, yhlasly okamak, hünär öwrenmek, halkara bäsleşiklerde uly ýeňişleri gazanyp, Garaşsyz Diýarymyzy şöhratlandyrmak bagtyýar ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr.
Ýaşlar biziň abraýymyz hem-de buýsanjymyzdyr. Siziň her biriňiz türkmen taryhynda öçmejek yz galdyran Oguz han, Gorkut ata, Görogly beg, Alp Arslan, Togrul beg, Salyr Gazan, Soltan Jelaleddin ýaly merdana pederlerimiziň watançylyk we ynsanperwerlik taglymatlaryndan, astronomiýa, geologiýa, fizika, himiýa, geometriýa, lukmançylyk, edebiýat, dil bilimi ýaly ylymlaryň esasy ugurlary boýunça belent derejelere ýeten ýüzlerçe alymlarymyzdyr söz ussatlarymyzyň döredijilik ylhamyndan ruhlanyp, beýik açyşlaryňyz, oýlap tapyşlaryňyz, döredijilik eserleriňiz we zähmetiňiz bilen ata Watanymyza, halkymyza wepaly hyzmat etmelisiňiz».
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň we umumybilim edaralarynyň pedagoglarynyň, mekdepden daşary bilim edaralarynyň bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmaklaryna, mugallymçylyk ussatlygyny üznüksiz kämilleşdirmeklerine giň mümkinçilikler açyldy, ähli zerur şertler döredildi.
Bilimli nesil — ýagty ertirlerimiziň eýeleri. Ýurdumyzyň milli bilim ulgamynda göz öňünde tutulýan giň gerimli özgertmeleriň täze tapgyry ýaş nesliň ýagty ertirleri üçindir. Ýaşlar syýasaty bilen utgaşykly durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, ata Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň has-da belende göterilmegine mümkinçilik berýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan bilim özgertmelerini durmuşa geçirmek, ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly, watansöýüji, hünärli, innowasion tehnologiýalardan baş çykaran kämil nesli kemala getirmek, okatmagyň häzirki zaman usullaryny iş tejribä ornaşdyrmak babatda ýerine ýetirilmeli işleri hem-de 2025 — 2026-njy okuw ýylynyň birinji ýarymynyň jemini jemlemek we ikinji ýarymynda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen, 2026-njy ýylyň 5 — 7-nji ýanwary aralygynda pedagogik işgärleriň etrap (şäher), olaryň bolmadyk ýerinde welaýat merkez, Aşgabat we Arkadag şäher usuly-amaly okuwlary, 8-nji ýanwarda etrap (şäher) maslahatlary «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýen şygar bilen geçiriler.
Usuly-amaly okuwlarda aşakdakylar barada maslahatlaşmak maksadalaýyk hasaplanylýar:
— «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna», Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda durmuşa geçirilýän döwlet Maksatnamalaryna hem-de bilim işini kadalaşdyryjy hukuknamalara laýyklykda okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleri;
— bilim işine okatmagyň iň täze tejribelerini, sanly tehnologiýalary, innowasion we öňdebaryjy iş usullaryny giňden ornaşdyrmagyň, mugallymlaryň sapaklara döredijilikli taýýarlanmaklarynyň, ýaş nesle ýokary hilli bilim bermegiň hem-de okuwçylaryň okuw maksatnamalarynyň mazmunyny doly özleşdirmeklerini gazanmagynyň ýollaryny;
— umumybilim edaralarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünär bilimlerini, pedagogik ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň hem-de usuly taýýarlyklarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmagyň, öz-özüňi kämilleşdirmek işiniň ýola goýluşyny we alnyp barlyşyny;
— bilim edaralarynda ýaş nesle ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş we ata-baba gelýän ýol-ýörelge esasynda has kämil terbiýe bermegiň ýokary netijeli usullaryny;
— mekdebe çenli ýaşly çagalaryň irki ýaşdan başlap, beden we akyl taýdan sazlaşykly ösüşini, mekdebe taýýarlygyny üpjün etmekde ata-eneleriň endiklerini ösdürmek hem-de çagalary başlangyç bilimiň bilim maksatnamasyny özleşdirmäge taýýarlamakda öňdebaryjy halkara iş tejribelerinden, innowasion tehnologiýalardan peýdalanylyşyny;
— hormatly Prezidentimiziň 1-nji synp okuwçylaryna sowgat beren şahsy kompýuterlerini sapaklarda netijeli peýdalanyp, başlangyç synp okuwçylaryna bilim we sowat öwretmegi kämilleşdirmegiň işjeň usullaryny.
Aşgabat şäher we welaýat Baş bilim müdirlikleriniň, Arkadag şäheriniň bilim müdirliginiň hem-de etrap (şäher) bilim bölümleriniň ýolbaşçylary pedagogik işgärleriň ýanwar usuly-amaly okuwlaryny guramaçylykly, ýokary derejede geçirmek üçin iş çäreleriniň meýilnamasyny düzmelidirler hem-de olaryň ýerine ýetirilişini yzygiderli gözegçilikde saklamagy maslahat berýäris.
Usuly-amaly okuwlarda öz kärine ussat, tejribeli, okuw-terbiýeçilik işlerini ylmy-usuly esasda täzeçe guraýan, döredijilikli işleýän etrap, şäher bilim bölümleriniň hünärmenleriniň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, mugallymlaryň, terbiýeçileriň çykyşlary täsirli bolmalydyr. Usuly-amaly okuwlar işjeň pikir alyşmalar arkaly geçirilmelidir, olar boýunça anyk netijelere gelinmelidir.
Döredijilikli we ýokary netijeli işleýän pedagogik işgärleriň mugallymçylyk iş tejribeleri boýunça we hormatly Prezidentimiziň ýiti zehininden dörän «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» atly romanlarynyň, «Türkmen medeniýeti», «Ile döwlet geler bolsa... », «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmenistan», «Mertler Watany beýgeldýär», «Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi», «Türkmenistan Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň ýolunda», «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Bilim — bagtyýarlyk, ruhubelentlik, rowaçlyk», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Türkmen alabaýy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlyk — bagtymyz», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty», «Hakyda göwheri» atly kitaplarynyň many-mazmunyny açyp görkezýän we giňden wagyz edýän, şeýle-de döredijilikli işleýän ýolbaşçylaryň, pedagogik işgärleriň iş tejribesi boýunça sergiler döwrebap guralmalydyr. Sergilerde okuw işine sanly serişdeleri ornaşdyrmaga, okuw-görkezme esbaplaryny ulanmaga degişli işleriň, bilim edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, okuw dersleri boýunça usuly birleşmeleriň, pedagogik geňeşiň döwrebap taýýarlanylan iş meýilnamalarynyň, mugallymlaryň sapak ýazgylarynyň, talabalaýyk ýöredilýän synp žurnallarynyň, okuwçy gündelikleriniň, ýazuw-barlag we okuwçylaryň iş depderleriniň nusgalarynyň hem görkezilmegi maksadalaýykdyr.
Geçirilýän maslahatlara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny, alymlary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň wekillerini, önümçiligiň öňdebaryjylaryny, zähmet weteranlaryny, hormatly dynç alyşdaky ussat mugallymlary, hormatly il ýaşulularyny, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini, ata-eneleri çagyrmak ähmiýetlidir.
Welaýat we Aşgabat şäher Baş bilim müdirliklerine, Arkadag şäher bilim müdirligine, etrap (şäher) bilim bölümlerine pedagogik işgärleriň ýanwar maslahatlarynda, usuly-amaly okuwlarda berlen teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak hem-de Türkmenistanyň Milli bilim institutyna ibermek maslahat berilýär.
BILIM IŞGÄRLERINIŇ ÝANWAR USULY-AMALY OKUWLARYNA HÖDÜRLENILÝÄN TEMALAR
I. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERI ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň öňünde durýan wezipeler.
3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we bilim Konsepsiýalaryna laýyklykda, bilimiň hilini hem netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň wezipeleri.
4. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň döwrebap usullary.
5. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, umumybilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklarynyň talabalaýyk ýola goýluşy.
6. Umumybilim edaralarynda pedagogik işgärleriň syýasy sowatlylygyny, hünär derejesini ýokarlandyrmak, pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän pedagogik Geňeşiň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň iş tejribesinden.
7. Okatmagyň usulyýeti boýunça dünýä we milli tejribelerde gazanylan üstünlikleriň, toplanan oňyn tejribeleriň yzygiderli öwrenilmegini we olardan netijeli peýdalanylmagyny gazanmakda umumybilim edarasynyň ýolbaşçysynyň alyp barmaly işleri.
8. Umumybilim edarasynyň müdiri tarapyndan bilim işini dolandyrmaga degişli resminamalaryň ýöredilişine bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişiniň iş tejribesinden.
9. Umumybilim edaralarynda okuw derslerini okatmagyň usulyýetini yzygiderli kämilleşdirmekde mekdep ýolbaşçylarynyň alyp barmaly işleri.
10. Umumybilim edaralarynda usuly işleriň ýola goýluşyna, okuw meýilnamalarynyň we okuw maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine, saýlama okuwlaryň guralyşyna hem-de geçirilişine gözegçiligiň amala aşyrylyşy.
11. Umumybilim edaralarynda bilim bermekde «Emeli aň» tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň usullary.
12. Umumybilim edaralarynyň müdirleriniň hünär derejesini özbaşdak ýokarlandyrmaklarynyň we mugallymçylyk ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmekleriniň netijeli usullary.
II. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERINIŇ OKUW IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARLARY ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeler.
2. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» we bilim Konsepsiýalaryna laýyklykda, bilimiň hilini hem netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi), «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.
4. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň many-mazmunyny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmak boýunça mekdep müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.
5. Umumybilim edaralarynda usuly Geňeşiň, okuw dersleri boýunça hereket edýän usuly birleşmeleriň işini döwrebap guramagyň iş tejribesinden.
6. Halypa mugallymlaryň ýaş mugallymlar üçin ussatlyk sapaklaryny guramaklaryny ýola goýmagyň iş tejribesinden.
7. Umumybilim edaralarynyň müdirleriniň okuw işleri boýunça orunbasarlarynyň işini kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklykda guramagyň iş tejribesinden.
8. Umumybilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmekde, bilim işgärleriniň döredijilik başarnyklaryny we hünär ussatlyklaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda ýokarlandyrmakda, mugallymlaryň ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyny, sapak ýazgylaryny ýazmaga, synp žurnalyny ýöretmäge bildirilýän talaplaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň alnyp barlyşy.
9. Mugallymlaryň pedagogik ussatlygyny ýokarlandyrmagyň we okatmagyň innowasion tehnologiýalaryndan netijeli peýdalanyp bilmek başarnyklaryny ösdürmegiň ýollary.
10. Umumybilim edaralarynda zehinli okuwçylary ýüze çykarmagyň, olary döwlet we halkara zehin bäsleşiklerine taýýarlamagyň iş tejribesinden.
11. Mugallymlaryň başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan innowasion pedagogik usullary giňden ulanmagyny, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyny gazanmak esasynda okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň iş tejribesinden.
12. Mugallymlaryň hünär bilimlerini we pedagogik ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýollary.
III. UMUMYBILIM EDARALARYNYŇ MÜDIRLERINIŇ TERBIÝEÇILIK IŞLERI BOÝUNÇA ORUNBASARLARY ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň
2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň
2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
3. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 —2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmekde umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
4. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň many-mazmunyny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýadalanmak boýunça mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň öňünde durýan wezipeler.
5. Umumybilim edaralarynyň müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlary tarapyndan terbiýeçilik işini dolandyrmaga degişli hukuk-kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň ýerine ýetirilişi.
6. Okuwçylaryň tebigy zehinlerini ýüze çykarmak, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, gyzyklanmalaryny kanagatlandyrmak boýunça mugallymlaryň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.
7. Umumybilim berýän mekdeplerde işjeň psihologik ýagdaýy döretmekde, okuwçylaryň arasynda hukuk bozulmalarynyň psihologik-pedagogik taýdan öňüni almakda mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
8. Okuwçylary terbiýelemegiň esasy ugurlary (watançylyk, döredijilik we zehin, akyl we pikir, ylym, medeni aň-düşünje, kär-hünär, sungat, syýasy, maliýe-ykdysady, jemgyýetçilik, dil, ekologiýa hem-de tebigata söýgi terbiýeleri) boýunça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we geçirilişi.
9. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda beýan edilen terbiýäniň on iki görnüşini umumybilim edaralarynda sazlaşykly alyp barmagyň usullary.
10. Synp ýolbaşçylarynyň synpdan we mekdepden daşary terbiýeçilik çärelerini utgaşykly guramaklaryny, olarda okuwçylaryň akyl ýetirijilik başarnyklarynyň, özbaşdak pikirleniş endikleriniň ösdürilmegini gazanmakda mekdep müdirleriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasarlarynyň wezipeleri.
11. Okuwçylary hünäre ugrukdyrmak maksady bilen, kärhanalar, edaralar, jemgyýetçilik guramalary, döredijilik birleşikleri, kitaphanalar bilen hyzmatdaşlygyň ýola goýluşy.
12. Synp sagatlarynyň, synpdan we mekdepden daşary guralýan çäreleriň öwrediji hem-de terbiýeleýji häsiýetli bolmagy üçin okuw-terbiýeçilik işinde okatmagyň didaktiki oýun tehnologiýalaryny (keşpli, rolly) netijeli ulanmagyň iş tejribesinden.
IV. MEKDEPDEN DAŞARY WE GOŞMAÇA BILIM
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler.
2. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler.
3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň wezipeleri.
4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, çagalaryň döredijilik ukyplaryny kemala getirmäge we ösdürmäge, akyl, ahlak hem-de beden taýdan kämilleşmegine bolan şahsy isleglerini kanagatlandyrmaga, sagdyn we howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmäge, saglygyny berkitmäge, şeýle hem boş wagtlaryny netijeli guramaga gönükdirilen işleriň amala aşyrylyşy.
5. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň, usulçylarynyň we gurnak ýolbaşçylarynyň wezipeleri.
6. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda halypa-şägirt gatnaşyklaryny talabalaýyk ýola goýmagyň iş tejribesinden.
7. Okuwçylary mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda, gurnaklarda ylmy döredijilige höweslendirmekde, olara daşary ýurt dillerini öwretmekde kommunikatiw, interaktiw, innowasion bilim tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň ýollary.
8. Mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda okuw-terbiýeçilik işiniň netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmak maksady bilen, başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan innowasion pedagogik usullardan peýdalanmagyň ýollary.
9. Gurnaklarda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň mazmunynda öňe sürülýän pedagogik ýörelgelerden peýdalanmagyň iş tejribesinden.
10. Mekdepden daşary we goşmaça bilim edaralarynda çagalaryň has irki döwürden başlap tehniki dünýägaraýşyny giňeltmegiň, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmegiň hem-de ylmy döredijilige höweslendirmegiň we hünär saýlamaga ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
11. Gurnaklarda okuwçylary terbiýelemegiň esasy ugurlary (watançylyk, döredijilik we zehin, akyl we pikir, ylym, medeni aň-düşünje, kär-hünär, sungat, syýasy, maliýe-ykdysady, jemgyýetçilik, dil, ekologiýa hem-de tebigata söýgi terbiýeleri) boýunça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we geçirilişi.
12. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, şahsyýeti hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmek, ýaş nesilleriň döredijilik ukyplaryny açmak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde mekdepden daşary çagalar edaralarynyň wezipeleri.
V. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ MÜDIRLERI ÜÇIN:
1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» we 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň kabul eden kararyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň ýollary.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler we olary durmuşa geçirmegiň ýollary.
3. Hormatly Prezidentimiziň nusgalyk kitaplary mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde, körpelere bilim-terbiýe bermekde esasy gollanmadyr.
4. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplary mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini döwrebap guramakda, körpelerde döredijilik, zehin we medeni-aň düşünjesini kemala getirmekde gymmatly çeşmedir.
5. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklaryny nazara alyp, pedagogik işgärleriň işini döwrebap guramagyň usullary.
6. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň bilim işgärleriniň pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen, pedagogik geňeşiň işiniň netijeliligini döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň usullary.
7. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň pedagogika, psihologiýa we okatmagyň usulyýeti babatdaky hünär derejelerini dünýä tejribelerine laýyklykda ýokarlandyrmagyň ýollary.
8. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dilleri sapaklaryny ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak arkaly dünýä tejribesine laýyklykda guramagyň usullary.
9. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda resmi iş kagyzlaryny «Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda dolandyryş resminamalaryny ýöretmek boýunça Gözükdirijä» laýyklykda, talabalaýyk ýöretmegiň usullary.
10. Körpe nesliň berk bedenli, sagdyn şahsyýet bolup kemala gelmeginde iýmitlendirmek işiniň we arassaçylyk kadalarynyň düzgünnama laýyklykda berjaý edilişine içki gözegçiligi ýokarlandyrmagyň ähmiýeti.
11. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda ata-eneler bilen döwrebap, netijeli işleri alyp barmakda öňdebaryjy halkara tejribelerini öwrenmek we iş tejribä ornaşdyrmak.
12. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli çagalaryň irki ösüşi we irki goşulyşma meseleleri boýunça terbiýeçileriň işjeňligini ýokarlandyrmak.
VI. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ TERBIÝEÇI-USULçylary ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň usullary.
2. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) we Döwlet bilim standartynyň talaplaryna hem-de bilim özgertmelerine degişli kabul edilen beýleki hukuk namalaryň esasynda ösüp gelýän ýaş nesle dünýä ülňülerine laýyklykda milli ruhda terbiýe we bilim bermek işini kämilleşdirmegiň ýollary.
3. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplary mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işini kämilleşdirmekde, körpeleri milli ruhda terbiýelemekde esasy gollanmadyr.
4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okuw-terbiýeçilik işlerinde çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge gönükdirilen pedagogik tehnologiýalary peýdalanmagyň ýollary.
5. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda ýaş nesle watansöýüjilik terbiýesini bermekde we halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny döwrebap ýola goýmakda ähmiýeti.
6. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçirilýän usuly sagatlaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary.
7. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak sapagyny döwrebap guramagyň usullary. Çagalarda irki ýaşdan tebigat, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi, tebigy hadysalar barada düşünjelerini kemala getirmekde öňdebaryjy iş tejribeleri çagalar baglarynyň işine ornaşdyrmak.
8. Saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi çäkli bolan çagalar bilen işlemegiň aýratynlyklaryny (inklýuziw bilim) nazara alyp, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň köpugurly hünärmen bolmaklaryny gazanmagyň ýollary.
9. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda daşary ýurt dillerini okatmagyň usulyýetini ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, öňdebaryjy dünýä iş tejribesine laýyklykda döwrebaplaşdyrmagyň usullary.
10. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramagyň ýollary.
11. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda resmi iş kagyzlaryny «Türkmenistanyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda dolandyryş resminamalaryny ýöretmek boýunça Gözükdirijä» laýyklykda, talabalaýyk ýöretmegiň usullary.
12. Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň okuw-terbiýeçilik işini milli we dünýä tejribesine laýyklykda kämilleşdirmegiň ýollary.
VII. MEKDEBE ÇENLI ÇAGALAR EDARALARYNYŇ TERBIÝEÇILERI, MUGALLYMLARY WE ŞEPAGAT UÝALARY ÜÇIN:
1. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň ýollary.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň öňünde durýan wezipeler.
3. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpelerine milli ruhda bilim-terbiýe bermek işinde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň ähmiýeti.
4. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerini «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) we Döwlet bilim standartynyň talaplaryna laýyklykda guramagyň we işiň netijeliligini ýokarlandyrmagyň ugurlary.
5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan» gelip çykýan wezipelere laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerinde pedagogik tehnologiýalaryň orny.
6. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuw-terbiýeçilik işlerine dünýäniň öňdebaryjy iş tejribesini ornaşdyrmagyň, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny guramagyň, çaganyň irki ösüşini hem-de olaryň mekdebe taýýarlygyny üpjün etmegiň ýollary.
7. Mekdebe çenli ýaşly çagalarda tebigat, daşky gurşaw, howanyň üýtgemegi, tebigy hadysalar barada düşünjeleri kemala getirmekde daş-töwerek we tebigat bilen tanyşdyrmak sapagyny döwrebap guramagyň usullary.
8. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly daşary ýurt dillerini öwretmegi kämilleşdirmegiň usullary.
9. Çagalara irki ýaşdan gözellik we sungat, çeper döredijilik terbiýesini bermek maksady bilen, aýdym-saz sapaklaryny döwrüň talaplaryna laýyklykda guramagyň ýollary.
10. Çagalaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda, toparlarda ata-eneler bilen geçirilýän işleri döwrebap guramagyň usullary.
11. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeleri iýmitlendirmegiň we arassaçylyk kadalarynyň berjaý edilişi boýunça alnyp barylýan işleri talabalaýyk guramagyň ýollary.
12. Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň pedagogik işgärleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmegiň häzirki zaman usullary.
VIII. BAŞLANGYÇ SYNPLARYŇ MUGALLYMLARY ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça başlangyç synp mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeleriň durmuşa geçirilişi.
2. Başlangyç synp mugallymlarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmakda we pedagogik ussatlygyny kämilleşdirmekde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň iş tejribesinden.
3. Innowasion pedagogik usullardan peýdalanmagyň esasynda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän az okuwçyly mekdepleriň başlangyç synplarynda okuw-terbiýeçilik işiniň hilini, netijeliligini yzygiderli ýokarlandyrmagyň ýollary.
4. Başlangyç synp okuwçylarynyň teksti okamaklarynyň we oňa düşünmekleriniň hilini, netijeliligini halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerine laýyklykda ýokarlandyrmagyň ýollary.
5. Başlangyç synplarda okuw-terbiýeçilik işlerini integrirlenen usullary, halkara tejribäni, sanly tehnologiýalary peýdalanyp guramagyň ýollary.
6. Okuwçylaryň psihologik we fiziologik ýaş aýratynlyklaryny nazarda tutmak bilen, umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç bilim derejesinden başlap, okuw-terbiýeçilik işinde mugallymyň başarjaňlyk çemeleşmesinden peýdalanmagy.
7. Okuw-terbiýeçilik işlerinde okuwçylarda kitap okamaga höwesi döretmäge we ýatdan hasaplamak endiklerini, ýatkeşligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmäge gönükdirilen işleri alyp barmagyň ýollary.
8. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň many-mazmunyny başlangyç synp okuwçylaryna öwretmekde sanly tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary.
9. Sowat öwretmek döwründe birinji synp okuwçylaryna türkmen elipbiýini kämil öwretmekde innowasion tehnologiýalardan, halk döredijiliginden, milli mirasymyzdan netijeli peýdalanmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
10. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» esasynda mekdebe çenli bilim bilen başlangyç bilimiň üznüksiz arabaglanyşygyny ýola goýmagyň iş tejribesinden.
11. Başlangyç synplaryň matematika sapaklarynda okuwçylaryň logiki pikirleniş başarnyklaryny kämilleşdirmekde dünýä tejribesinden, milli mirasymyzdan we innowasion tehnologiýalardan peýdalanmagyň usullary.
12. Tebigaty öwreniş dersinde başlangyç synp okuwçylarynda daşky gurşawy synlamak bilen, Watana bolan söýgini, zähmet çekmäge bolan islegi we höwesi kemala getirmegiň usullary.
IX. TÜRKMEN DILI WE EDEBIÝAT DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň alyp barýan işleri.
2. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly bilen baglanyşykly türkmen dili we edebiýat sapaklarynda geçirilen çäreleriň iş tejribesinden.
3. Ýaş nesle ruhy-ahlak terbiýe bermekde Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň ähmiýeti.
4. Türkmen dili we edebiýat derslerine sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň iş tejribesinden.
5. Türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça okuwçylary ders bäsleşiklerine taýýarlamagyň iş tejribesinden.
6. Okuwçylaryň beýannama we düzme ýazmak boýunça başarnyklaryny ösdürmegiň iş tejribesinden.
7. Türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça okuw kitaplarynyň täze toplumy bilen işlemegiň usullary.
8. Edebiýat dersiniň üsti bilen okuwçylarda umumadamzat gymmatlyklaryny terbiýelemegiň iş tejribesinden.
9. Türkmen dili we edebiýat dersleri boýunça okuwçylaryň ylmy dünýägaraýşyny kemala getirmegiň we hünär saýlamaga ugrukdyrmagyň usullary.
10. Türkmen dili we edebiýat dersleriniň üsti bilen okuwçylaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmegiň iş tejribesinden.
11. Rus dilinde okadylýan synplarda okuwçylaryň türkmen dilinde kommunikatiw başarnyklaryny ösdürmegiň iş tejribesinden.
12. Türkmen dili we edebiýat derslerinden saýlama okuwlary guramagyň we geçirmegiň iş tejribesinden.
X. ДЛЯ УЧИТЕЛЕЙ РУССКОГО ЯЗЫКА:
1. «Концепция совершенствования методики обучения по общеобразовательным программам в Туркменистане до 2028 года», как важный шаг на пути модернизации системы образования.
2. Единство образовательных, воспитательных и практических компонентов при обучении русскому языку.
3. Организация и проведение проектных работ по русскому языку и литературе (из опыта работы).
4. Пути формирования знаний, навыков и умений по русскому языку на основе овладения лингвистической и экстралингвистической информациями.
5. Организация и проведение творческих работ по русскому языку и литературе (из опыта работы).
6. Инновационные подходы к обучению русскому языку как иностранному.
7. Формы внеклассной и внешкольной работы и методика её проведения по русскому языку (из опыта работы).
8. Аудирование как важный этап формирования и развития коммуникативных навыков при обучении русскому языку.
9. Воспитание любви к Родине, Президенту Туркменистана на уроках русского языка и литературы (из опыта работы).
10. Применение инфографики для оптимизации процесса обучения русскому языку.
11. Мотивация и развитие познавательного интереса у учащихся как важный фактор формирования коммуникативных навыков и умений на русском языке.
12. Нравственно-патриотическое воспитание учащихся на уроках русского языка и литературы.
XI. DAŞARY ÝURT DILLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça daşary ýurt dili mugallymlarynyň alyp barýan işleri (iş tejribesinden).
2. Başlangyç synplarda daşary ýurt dillerini öwretmegiň aýratynlyklary (iş tejribesinden).
3. Daşary ýurt dillerini okatmakda infografikany peýdalanmagyň iş tejribesinden.
4. Daşary ýurt dilleri boýunça taslama işi okuwlaryny guramagyň we geçirmegiň iş tejribesinden.
5. Daşary ýurt dillerini okatmagy halkara bilim meýilnamalary bilen utgaşdyrmagyň usullary.
6. Daşary ýurt dili sapaklarynda okuwçylaryň kommunikatiw endiklerini we başarnyklaryny kemala getirmegiň we ösdürmegiň ýollary.
7. Daşary ýurt dilleri boýunça döredijilik işi okuwlaryny guramagyň we geçirmegiň ýollary (iş tejribesinden).
8. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary ýurt dili mugallymlarynyň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmagyň ýollary.
9. Daşary ýurt dillerinde ýazuwy öwretmegiň häzirki zaman usullary (iş tejribesinden).
10. Daşary ýurt dillerini okatmagyň innowasion usullary we olary okuw işinde netijeli ulanmagyň ýollary (iş tejribesinden).
11. Okuwçylary daşary ýurt dilleri boýunça bäsleşiklere taýýarlamagyň iş tejribesinden.
12. Daşary ýurt dilleri sapaklarynyň üsti bilen ýokary synp okuwçylaryny hünär saýlamaga ugrukdyrmagyň ýollary.
XII. MATEMATIKA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarynda öňde goýan wezipelerini durmuşa geçirmekde matematika mugallymlarynyň alyp barmaly işleri.
2. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň matematika sapaklarynda we synpdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanylyşy.
3. «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda bellenilen çäreleriň matematika mugallymlary tarapyndan ýerine ýetirilişi.
4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda bellenilen çäreleri durmuşa geçirmekde matematika mugallymlary tarapyndan alnyp barylýan işler.
5. Matematika sapaklarynda okuwçylarda Watana bolan söýgini terbiýelemegiň ýollary.
6. Matematika sapaklarynda okatmagyň didaktiki oýun tehnologiýalarynyň ulanylyşy.
7. Matematika mugallymlarynyň sanly ulgam boýunça başarnyklaryny kämilleşdirmegiň ýollary.
8. Mekdep okuwçylarynyň matematika dersi boýunça bilim derejelerini bahalandyrýan (PISA, PIRLS, TIMSS) halkara bilim maksatnamalarynyň görkezijilerini iş tejribä ornaşdyrmak babatynda matematika mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
9. Sapaklarda we synpdan daşary işlerde okuwçylary meşhur türkmen matematikleriniň ömri, ýaşan döwri, galdyran mirasy bilen tanyşdyrmagyň ýollary.
10. Matematika sapaklarynda tejribelik işini geçirmegiň usullary.
11. Okuwçylara matematikany öwretmekde emeli aň tehnologiýalaryny peýdalanmagyň mümkinçilikleri.
12. Matematikadan okuwçylary ylmy-döredijilik (taslama) bäsleşiklerine taýýarlamagyň iş tejribesinden.
XIII. FIZIKA WE ASTRONOMIÝA DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, fizika hem-de astronomiýa sapaklaryny okatmagyň hiliniň we netijeliliginiň ýokarlandyrylyşy.
2. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onda kabul edilen kararyň many-mazmunyny düşündirmekde fizika we astronomiýa derslerini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndaky maglumatlary okuwçylaryň fizikadan we astronomiýadan sowatlylygyny kämilleşdirmekde peýdalanmagyň usullary.
4. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary» we «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde peýdalanylyşy.
5. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyny «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde peýdalanmagyň ýollary.
6. Fizika we astronomiýa sapaklarynda emeli aň bilen baglanyşykly maglumatlary peýdalanmagyň ähmiýeti.
7. Fizika we astronomiýa sapaklarynda dersara baglanyşyklarynyň guralyşynyň usullary.
8. Okuwçylary fizika we astronomiýa derslerinden ders bäsleşiklerine taýýarlamagyň iş tejribesinden.
9. Fizika sapagynda «Elektrik energiýasynyň öndürilişi, aralyga geçirilişi we peýdalanylyşy» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
10. Astronomiýa sapagynda «Türkmen meteoritleri» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
11. Fizika we astronomiýa mugallymlarynyň hünär derejesini we mugallymçylyk ussatlygyny ýokarlandyrmagyň usullary.
12. Astronomiýa dersinde «Arkadag ýyldyzy» we «Türkmenistan» asteroidi baradaky berilýän maglumatlaryň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny.
XIV. INFORMATIKA, MODELIRLEME WE GRAFIKA, INFORMASIÝA-KOMMUNIKASIÝA WE INNOWASION TEHNOLOGIÝALARY DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Kiberpedagogikanyň tapgyrlarynyň görkezijileri.
2. Sapagyň netijeliligini üpjün etmegiň sanly ulgamlary.
3. Okuwçylary robot tehnikasy boýunça bäsleşiklere taýýarlamagyň çemeleşmeleri.
4. Umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge amatly taksonomiýalary saýlamagyň şertleri.
5. Bilim edarasyny sanlylaşdyrmagyň görkezijileriniň bahalandyrmasy.
6. Umumybilim maksatnamalarynyň başlangyç bilim derejesinde sanly ulgamlaryň ulanylyşy.
7. Esasy orta bilim derejesiniň maksatnamasy boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylyşy.
8. Sanly bilimiň model zerurlyklarynyň bahalandyrmasy.
9. Umumybilim maksatnamalarynyň doly orta bilim derejesinde okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmäge kiberpedagogikanyň çemeleşmelerini ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri.
10. Häzirki zaman didaktiki modelleriniň häsiýetnamalary.
11. Mekdepden daşary we goşmaça bilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde emeli sanly ulgamlary peýdalanmagyň mümkinçilikleri.
12. Sanly didaktikanyň häzirki zaman serişdeleriniň görkezijileri.
XV. BIOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, biologiýa dersini okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmagyň ýollary.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda, Milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde biologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
3. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndaky tebigat baradaky maglumatlary halkara bilim maksatnamalarynyň (PISA, TIMSS, PIRLS) görkezijilerine laýyklykda, okuwçylaryň tebigy bilimler babatdaky sowatlylygyny kämilleşdirmekde peýdalanmagyň usullary.
4. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, biologiýa dersinde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
5. Biologiýada emeli aň: ylmyň we bilimiň täze mümkinçilikleri.
6. Biologiýa sapaklarynda okatmagyň interaktiw usullaryny ulanmagyň iş tejribesinden.
7. Biologiýadan okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, halkara we döwlet ders hem-de taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary.
8. Biologiýa sapaklarynda klimatyň üýtgemeginiň adam saglygyna edýän täsiri barada okuwçylara düşünje bermek.
9. Durnukly ösüş maksatnamasyny biologiýa sapaklaryna girizmek.
10. Biologiýa dersi boýunça mazmuny döwrebaplaşdyrylan okuw maksatnamalary we okuw kitaplary bilen işlemegiň usulyýet aýratynlyklary.
11. Biologiýa dersini okadýan mugallymlaryň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ýollary.
12. Biologiýa dersinden saýlama okuwlaryň guralyşy we geçirilişi.
XVI. ÝAŞAÝYŞ-DURMUŞ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda, Milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmakda ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyny ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda we synpdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň ýollary we usullary.
4. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan «Umumybilim edaralarynda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly Gözükdirijiniň» talaplaryna laýyklykda, ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň taýýarlanylyşy.
5. Emeli aň tehnologiýalaryny ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda ulanmagyň mümkinçilikleri.
6. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek esasynda okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmegiň ugurlary.
7. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okatmakda okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
8. Ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda okuwçylaryň derse bolan höwesini artdyrmagyň ýollary.
9. Ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda «Zyýanly endikler barada düşünje» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
10. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden usuly birleşmäniň işini döwrebaplaşdyrmagyň iş tejribesinden.
11. Ýaşaýyş-durmuş esaslary sapaklarynda okuwçylaryň dogry pikir ýöretmek we döredijilik başarnyklaryny ösdürmegiň usullary.
12. Ýaşaýyş-durmuş esaslary dersini okadýan mugallymlaryň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ýollary.
XVII. HIMIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, himiýa sapaklarynda öwrediji didaktiki oýunlaryň ulanylyşy.
2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda, Milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde himiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
3. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndaky tebigat baradaky maglumatlary halkara bilim maksatnamalarynyň (PISA, TIMSS, PIRLS) görkezijilerine laýyklykda, okuwçylaryň tebigy bilimler babatdaky sowatlylygyny kämilleşdirmekde peýdalanmagyň usullary.
4. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, himiýa dersinde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
5. Himiki maglumatlary emeli aňyň kömegi bilen seljermegiň usullary.
6. Himiýa sapaklarynda okatmagyň interaktiw usullaryny ulanmagyň iş tejribesinden.
7. Himiýadan okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, halkara we döwlet ders hem-de taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary.
8. Himiýa dersinden saýlama okuwlaryň guralyşy we geçirilişi.
9. Himiýa dersini okadýan mugallymyň mugallymçylyk ussatlygyny kämilleşdirmegiň we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň ýollary.
10. Himiýa dersi boýunça mazmuny döwrebaplaşdyrylan okuw maksatnamalary we okuw kitaplary bilen işlemegiň usulyýet aýratynlyklary.
11. Himiýa sapaklarynda «Molekulalar we atomlar» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
12. Himiýadan mysallary we meseleleri çözmegiň öwredilişiniň iş tejribesinden.
XVIII. EKOLOGIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda, Milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde ekologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmakda ekologiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
3. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysy» atly kitabyny ekologiýa sapaklarynda we synpdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanmagyň ýollary we usullary.
4. Emeli aň tehnologiýalaryny ekologiýa sapaklarynda ulanmagyň mümkinçilikleri.
5. ÝUNESKO-nyň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde ekologiýa dersini öwretmegiň ähmiýeti.
6. Ekologiýa sapaklarynda okuwçylarda Watana, tebigata, zähmete, gözellige söýgi döretmegiň ýollary.
7. Ekologiýa sapaklarynda «Populýasiýanyň bitewüligi» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
8. Okuwçylaryň halkara ekologiýa taslamalaryna gatnaşmak mümkinçilikleri.
9. Ekologiýa sapaklarynda älem möçberinde (global) klimatyň üýtgemeginiň janly organizmlere ýetirýän täsiri baradaky maglumatlaryň okuwçylara öwredilişi.
10. Ekologiýa dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek esasynda okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmegiň ugurlary.
11. Ekologiýa dersinden saýlama okuwlaryň guralyşy we geçirilişi.
12. Ekologiýa dersini okatmakda okuw-görkezme esbaplaryndan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
XIX. GEOGRAFIÝA DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda, Milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde geografiýa mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda geografiýa sapaklarynda maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy.
3. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabyndaky tebigat baradaky maglumatlary halkara bilim maksatnamalarynyň (PISA, TIMSS, PIRLS) görkezijilerine laýyklykda, okuwçylaryň tebigy bilimler babatdaky sowatlylygyny kämilleşdirmekde peýdalanmagyň usullary.
4. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, geografiýa dersinde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
5. Geografiýa sapaklarynda okuwçylarda emeli aňyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak arkaly tankydy pikirlenmäni ösdürmegiň usullary.
6. Emeli aň tehnologiýalaryny geografiýa sapaklarynda ulanmagyň mümkinçilikleri we ýollary.
7. Okuwçylara Durnukly ösüş maksatnamasynyň many-mazmuny baradaky bilimleri geografiýa dersinde öwretmegiň usullary.
8. Geografiýa sapaklarynda klimatyň üýtgemegi baradaky möhüm maglumatlaryň okuwçylara öwredilişi.
9. Geografiýa dersi boýunça okuwçylar üçin kwiz we interaktiw oýunlary taýýarlamagyň ähmiýeti.
10. Geografiýa sapaklarynda dersara baglanyşyklaryň guralyşynyň iş tejribesinden.
11. Geografiýa sapaklarynda okuwçylarda daşky gurşawa aýawly çemeleşmegi, ekologiýa medeniýetini terbiýelemegiň usullary.
12. Geografiýa dersinden okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, halkara we döwlet ders hem-de taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň netijeli usullary.
XX. YKDYSADYÝETIŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda milli ykdysadyýetiň ösüşi baradaky maglumatlary okuwçylara öwretmegiň usullary.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmekde ykdysadyýetiň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda ykdysadyýetiň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
4. Umumybilim edaralarynda teleýaýlymlar, sanly platformalar ýa-da maglumatlary uzak aralykdan ýetirmegiň beýleki serişdeleri arkaly bilim bermegiň aýratynlyklary. Emeli aň we onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýollary.
5. Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine laýyklykda, ykdysadyýetiň esaslary dersinde halypa-şägirt gatnaşyklaryny ýola goýmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
6. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan degişli Gözükdirijileriň talaplaryna laýyklykda, ykdysadyýetiň esaslary dersinden we saýlama okuwlardan sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň taýýarlanylyşy.
7. Ykdysadyýetiň esaslary dersi boýunça okuw-usulyýet toplumlaryny taýýarlamagyň hem-de dersara baglanyşygy guramagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
8. Ykdysadyýetiň esaslary dersini okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirmegiň, onuň döwrüň talaplaryna laýyklygyny üpjün etmegiň ýollary.
9. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde ýaş nesli terbiýelemegiň esasy ugurlary (watançylyk terbiýesi, döredijilik we zehin terbiýesi, akyl we pikir terbiýesi, ylym terbiýesi, medeni aň-düşünje terbiýesi, kär-hünär terbiýesi, sungat terbiýesi, syýasy terbiýe, maliýe-ykdysady terbiýe, jemgyýetçilik terbiýesi, dil terbiýesi, ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi) boýunça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we geçirilişi.
10. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde okuwçylaryň ylmy-gözleg başarnyklaryny kemala getirmek üçin maglumat çeşmeleri (okuw kitaby) bilen özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmegiň hem-de okuwçylarda şahsy pikirlenmegi ösdürmekde okatmagyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanmak.
11. Ykdysadyýetiň esaslary dersinden öňdebaryjy iş tejribäni öwrenmegiň, ýaýratmagyň we umumylaşdyrmagyň netijeli usullary.
12. Ykdysadyýetiň esaslary dersinde okuwçylaryň ýaş we şahsy aýratynlyklaryny göz öňünde tutýan dürli taraply gyzyklanmalaryny we ukyplaryny ösdürmek bilen, olarda medeni-estetiki garaýyşlary kemala getirmäge, döredijilik ukyplaryny, başarnyklaryny, jemgyýetçilik bilimlerine höwesini artdyrmaga ýardam berýän mekdepden daşary we goşmaça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we geçirilişi.
XXI. TARYH, JEMGYÝETI ÖWRENIŞ, TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET WE HUKUK ESASLARY DERSLERINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplaryny peýdalanmagyň ähmiýeti.
2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarynyň many-mazmunyny okuwçylara öwretmegiň usullary.
3. «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmeginiň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň usulyýet aýratynlyklary.
4. Ahal, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynyň dolandyryş-çäk bölünişigini döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen kabul edilen «Türkmenistanyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň meseleleri hakynda» Türkmenistanyň Mejlisiniň kararyny Türkmenistanyň taryhy dersinde peýdalanmagyň usullary.
5. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilip geçilmeginiň, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üç gezek ykrar edilmeginiň ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň ýollary.
6. «E-mekdep» elektron mekdep dolandyryş ulgamyny ulanmagyň iş tejribesinden.
7. Sanly serişdeleriň, emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden we innowasion usullardan netijeli peýdalanmagyň ýollary.
8. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerinde mekdep okuwçylaryna ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleri esasynda ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesine laýyklykda döwrebap terbiýe bermegiň tärleri.
9. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerini döwrebap okatmakda öňdebaryjy milli we dünýä tejribesini peýdalanmagyň hem-de ýaýratmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
10. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerinde muzeý maglumatlaryny peýdalanmagyň usullary.
11. Jemgyýetçilik bilimleri ylmy ugurly okuw derslerinde usuly birleşmeleriň işini täzeçe guramagyň iş tejribesinden.
12. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, innowasion usullary peýdalanmakda mugallymlaryň hünär başarnyklaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň döwrebap ýollary.
XXII. TÜRKMENISTANYŇ MEDENI MIRASY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarynyň many-mazmunyny okuwçylara öwretmegiň usullary.
2. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ylmy-filosofik kitaby esasynda maddy we ruhy gymmatlyklarymyza, mirasymyza degişli maglumatlary Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde peýdalanmagyň ýollary.
3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, okatmagyň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
4. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň we alyp barmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
5. Türkmenistanyň milli hödürnamasy esasynda ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň ähmiýetini, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gazanan üstünliklerini Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde okuwçylara düşündirmegiň usullary.
6. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinden okuw-görkezme esbaplaryny, didaktiki materiallary taýýarlamagyň we olary peýdalanmagyň iş tejribesinden.
7. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde emeli aň tehnologiýalaryny peýdalanyp,okuwçylara täze maglumatlary öwretmegiň usullary.
8. Halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy aýawly saklamakda, dünýä ýaýmakda, halkara giňişlikde dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde alnyp barylýan işler baradaky bilimleri okuwçylara öwretmegiň usullary.
9. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde ata-babalarymyzyň watansöýüjilik ruhuny, asylly milli hem-de zähmet däplerini, sungatyny, medeniýetini okuwçylara düşündirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
10. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinde okatmagyň häzirki zaman işjeň usullaryny peýdalanmagyň we dersara baglanyşygy üpjün etmegiň iş tejribesinden.
11. Türkmenistanyň medeni mirasy dersini okatmakda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, muzeýleriň, halkara ylmy maslahatlaryň, forumlaryň, festiwallaryň, duşuşyklaryň maglumatlaryny peýdalanmagyň usullary.
12. Türkmenistanyň medeni mirasy dersinden saýlama okuwlary guramagyň we geçirmegiň iş tejribesinden.
XXIII. DÜNÝÄ MEDENIÝETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň nusgalyk kitaplaryny we çykyşlaryny dünýä medeniýeti dersinde peýdalanmagyň döwrebap usullary.
2. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarynyň many-mazmunyny, halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny, medeni mirasymyzy aýawly saklamak, dünýä ýaýmak hem-de «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunyndaky medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmek, halklaryň we döwletleriň özboluşly medeniýetlerine, däp-dessurlaryna hormat goýmak arkaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek baradaky düşünjeleri dünýä medeniýeti dersinde okuwçylara düşündirmek.
3. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Başlygy tarapyndan hödürlenen Awaza syýasy Jarnamasynyň medeni we dostlukly gatnaşyklary ösdürmekdäki ähmiýetini dünýä medeniýeti dersinde okuwçylara düşündirmegiň ýollary.
4. «EKSPO — 2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylyş dabarasyndaky çäreler baradaky maglumatlary dünýä medeniýeti dersinde peýdalanmagyň usullary.
5. 2025-nji ýylda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilip geçilmeginiň, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň üç gezek ykrar edilmeginiň medeni hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýetini dünýä medeniýeti dersinde okuwçylara düşündirmegiň usullary.
6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, elektron okuw-görkezme toplumlaryny taýýarlamagyň we peýdalanmagyň iş tejribesinden.
7. Dünýä medeniýeti dersini döwrebap okatmakda milli we dünýä tejribesini peýdalanmagyň hem-de ýaýratmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
8. Okuwçylaryň amaly başarnyklarynyň we endikleriniň ösdürilmegini, häzirki zaman nazary we amaly bilimleriniň, ylmy garaýyşlarynyň kemala getirilmegini gazanmak maksady bilen, saýlama okuwlary guramagyň hem-de geçirmegiň iş tejribesinden.
9. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerimiz we bu guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan gymmatlyklarymyz baradaky bilimleri okuwçylara öwretmegiň iş tejribesinden.
10. Ýaş nesle ýokary hilli bilim bermekde okuwçylaryň akyl ýetirijilik, öwrenijilik işjeňligini, konstruktorçylyk ukybyny, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmäge gönükdirmekde mugallymlaryň emeli aň tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak başarnyklaryny ösdürmegiň döwrebap usullary.
11. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde türkmen telewideniýesinde ýazgy etmek hem-de teleýaýlyma goýbermek maksady bilen, telewizion okuw sapaklaryny taýýarlamak boýunça «Gözükdirijä» laýyklykda bildirilýän talaplar.
12. Dünýä medeniýeti dersini okadýan mugallymlar bilen halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň, alyp barmagyň we onuň işiniň mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmagyň hilini ýokarlandyrmagyň ýollary.
XXIV. ÖZÜŇI ALYP BARMAGYŇ MEDENIÝETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarynyň many-mazmunyny, taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini okuwçylara düşündirmekde mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenilen wezipelere laýyklykda, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermegiň, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň usullary.
3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, ýaşlara berilýän bilimiň hilini we netijeliligini ýokarlandyrmakda özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler we olary durmuşa geçirmegiň ýollary.
4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeleri amal etmegiň usullary.
5. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
6. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýaşlara döwrebap bilim-terbiýe bermegiň usulyýetini kämilleşdirmegiň usullary.
7. Okuwçylaryň tebigy zehinini açmakda, döredijilik başarnyklaryny ösdürmekde, olary ylmy-barlaglary we taslama işlerini alyp barmaga höweslendirmekde başarjaňlyk çemeleşmesinden peýdalanyp okatmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
8. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersinde Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň esasynda okuwçylara döwletimiziň kada-kanunlaryna hormat goýmagyň we olary berjaý etmegiň medeniýetini öwretmekde dersara baglanyşygy üpjün etmegiň usullary.
9. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşulan gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini okuwçylara öwretmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
10. Özüňi alyp barmagyň medeniýeti sapaklarynda we sapakdan daşary okuw-terbiýeçilik işlerinde okuwçylary hünärlere ugrukdyrmagyň ýollary.
11. Türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessurlaryna laýyklykda, ýaşlary ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy we sagdyn durmuş ýörelgesiniň esasynda terbiýelemegiň iş tejribesinden.
12. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynda öňe sürülýän pedagogik ýörelgelerden we öwüt-ündewlerden ugur alyp, özüňi alyp barmagyň medeniýeti dersini okatmagyň usullary.
XXV. AÝDYM-SAZ DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarynyň many-mazmunyny, taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň ýollary.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde aýdym-saz dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, okuwçylaryň sungat boýunça zehinini we başarnygyny ýüze çykarmakda hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmekde aýdym-saz mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
4. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, aýdym-saz dersini okadýan halypa mugallymlar bilen ýaş mugallymlaryň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň iş tejribesinden.
5. Aýdym-saz sapaklarynda innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň hem-de olaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.
6. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplaryndaky aýdym-saza degişli gymmatly maglumatlary sapaklarda we sapakdan daşary geçirilýän okuw-terbiýeçilik işlerde peýdalanmagyň iş tejribesinden.
7. Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...», «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy», «Türkmen medeniýeti», «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» we beýleki kitaplarynyň many-mazmuny esasynda okuwçylary milli ruhda terbiýelemegiň ähmiýeti.
8. Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylary baýramçylyk çärelerinde we dabaralarda çykyş etmäge taýýarlamak arkaly okuwçylaryň bilesigelijilik we döredijilik işjeňligini, ukyp-başarnyklaryny ösdürmegiň ýollary (iş tejribesinden).
9. Aýdym-saz sapaklarynda okuwçylarda Watana, Türkmenistanyň hormatly Prezidentine, türkmen halkynyň Milli Liderine, ata-enä, tebigata, zähmete we gözellige söýgi döretmek babatynda mugallymlarynyň hünär bilimlerini, pedagogik ussatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirmegiň ýollary.
10. Türkmenistanda umumybilim edaralarynyň döwlet bilim standartynyň talaplaryna laýyklykda, aýdym-saz dersi sapaklarynda okuwçylara raýat-watançylyk, ruhy-ahlak, durmuş, medeni-taryhy terbiýesini bermegiň, ruhubelent, maksada okgunly şahsyýetleri kemala getirmegiň iş tejribesinden.
11. Okuwçylaryň aýdym-saz sungatyna bolan ukyplaryny ýüze çykarmak we ösdürmek maksady bilen, terbiýeçilik gymmaty bolan çekişmeleri, döredijilik bäsleşiklerini, baýramçylyk dabaralaryny, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlaryny guramagyň we geçirmegiň, olary hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
12. Aýdym-saz okuw dersiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda sanly ulgamyň gazananlaryny, başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan innowasion pedagogik usullary okatmagyň usulyýetine giňden ornaşdyrmagyň iş tejribesinden.
XXVI. ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarynyň many-mazmunyny, taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň ýollary.
2. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, okuwçylaryň sungat boýunça zehinini we başarnygyny, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakda hem-de ösdürmekde mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde şekillendiriş sungaty dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler, olary amal etmegiň ýollary.
4. Şekillendiriş sungaty okuw dersini durmuş bilen baglanyşdyryp okatmak arkaly okuwçylara aýratynlykda çemeleşmek, olaryň bilimi akyl ýetirip, düşünip çuňňur özleşdirmeklerini gazanmagyň ýollary.
5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisiniň» talaplaryna laýyklykda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny guramagyň ýollary.
6. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplaryndaky şekillendiriş sungatyna degişli gymmatly maglumatlary sapaklarda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň iş tejribesinden.
7. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, işjeň usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, şekillendiriş sungaty sapaklarynyň okadylyşyny kämilleşdirmegiň iş tejribesinden.
8. Türkmen halkynyň baý taryhyny we milli medeni mirasyny okuwçylara öwretmekde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni mirasynyň sanawyna goşulan taryhy-medeni ýadygärliklerimiziň we Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklarymyzyň suratlaryny dürli usullarda çekmegi öwretmegiň iş tejribesinden.
9. Başlangyç bilim derejesinde şekillendiriş sungaty: surat okuw dersinde okuwçylaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklaryny nazara alyp, öwrediji didaktiki oýunlardan peýdalanyp okatmagyň usulyýet aýratynlyklary.
10. Şekillendiriş sungaty okuw dersinde Türkmenistanyň Prezidentiniň türkmen milli şekillendiriş sungatyny ösdürmekdäki we ony dünýä tanatmakdaky tagallalaryny okuwçylara öwretmekde dürli maglumat çeşmelerinden peýdalanmagyň ýollary.
11. Şekillendiriş sungaty dersinde mekdep okuwçylaryna ata-babalarymyzyň öwüt-ündewleri esasynda ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesine laýyklykda kämil terbiýe bermegiň netijeli usullary.
12. Şekillendiriş sungaty dersini okatmakda dersara baglanyşygyň ýola goýluşy.
XXVII. DURMUŞ ZÄHMETI DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda we beýleki eserlerinde beýan edilýän durmuş terbiýesi we zähmetsöýerlik baradaky taglymatlarynyň esasynda okuwçylara bilim we terbiýe bermegiň ýollary.
2. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanyp, okuwçylara ýokary hilli bilim we terbiýe bermegiň ýollary.
3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde durmuş zähmeti dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
4. Durmuş zähmeti sapaklarynda ýuka agaç serişdelerinden bezeg-haşamly önümleri ýasamagyň usullary.
5. Durmuş zähmeti sapaklarynda okuw-tejribe meýdançasynda ösdürilip ýetişdirilýän gül-bezeg ösümlikleri, olaryň häsiýetli alamatlaryny öwretmegiň usullary.
6. Durmuş zähmeti sapaklarynda okuwçylara bäbejikleriň egin-eşiginiň biçilişini we tikilişini öwretmegiň usullary.
7. Durmuş zähmeti sapaklarynda metallaryň poslamakdan goralyşyny öwretmegiň ýollary.
8. Durmuş zähmeti sapaklarynda gök we bakja önümleriniň saklanylyşyny we gaýtadan işlenilişini öwretmegiň usullary.
9. Durmuş zähmeti sapaklarynda tikin maşynynda işlemegiň düzgünlerini öwretmegiň usullary.
10. Durmuş zähmeti sapaklarynda tehnikada ulanylýan çyzyklary we shemalary okamagy öwretmegiň usullary.
11. Durmuş zähmeti sapaklarynda tikinleriň görnüşlerini we olaryň ulanylyş maksatlaryny öwretmegiň usullary.
12. Durmuş zähmeti sapaklarynda okuwçylary hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
XXVIII. PROÝEKTIRLEMEGIŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitabynyň esasynda okuwçylara binagärlik-gurluşyk sungatyna degişli maglumatlary öwretmegiň ýollary.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde proýektirlemegiň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
3. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplaryny okuw-terbiýeçilik işlerinde peýdalanyp, mekdep okuwçylaryna ýokary hilli bilim we terbiýe bermegiň ýollary.
4. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim işgärleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmagyň Döwlet standartynyň» talaplaryna laýyklykda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ýollary.
5. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda «Kompas-3D» ulgamynyň gurallar panelini özleşdirmegi öwretmegiň usullary.
6. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda «Kompas-3D» gurşawynda galtaşmalary hem-de endigan egrileri gurmaklygy öwretmegiň usullary.
7. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda burçlary gurmagyň hem-de olary deň böleklere bölmegiň usullaryny öwretmegiň ýollary.
8. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda çatrymlaryň görnüşleri, olaryň merkezlerini we häsiýetli nokatlaryny kesgitlemegi hem-de gurmagy öwretmegiň usullary.
9. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda aksonometrik proýeksiýalaryň alnyşyny öwretmegiň usullary.
10. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda gurluşyk çyzgylarynyň masştablaryny öwretmegiň usullary.
11. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda okuwçylary «Çyzgyçy» hünärine ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
12. Proýektirlemegiň esaslary sapaklarynda görnüş bilen ýarygy birleşdirmegiň usullaryny öwretmegiň ýollary.
XXIX. DÖWREBAP TEHNOLOGIÝALARYŇ ESASLARY DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlaryndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmakda döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersini okadýan mugallymlaryň öňünde durýan wezipeler.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwrebap tehnologiýalaryň esaslary sapaklarynda maglumat tehnologiýalarynyň ulanylyşy.
3. «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisine» laýyklykda, döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
4. Umumybilim edaralarynda teleýaýlymlar, sanly platformalar ýa-da maglumatlary uzak aralykdan ýetirmegiň beýleki serişdeleri arkaly bilim bermegiň aýratynlyklary. «Emeli aň» we onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň ýollary.
5. STEAM çemeleşmesi döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde ulanmagyň usullary.
6. «Umumybilim edaralarynda okuw sapaklarynyň tertibiniň düzülişine, mugallymlaryň sapak ýazgylaryna, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydyna bildirilýän talaplar barada usuly Gözükdirijiniň» talaplaryna laýyklykda, döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinden we degişlilikde saýlama okuwlardan sapak ýazgylarynyň, ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň taýýarlanylyşy.
7. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersi boýunça okuw-usulyýet toplumlaryny taýýarlamagyň hem-de dersara baglanyşygy guramagyň öňdebaryjy iş tejribesinden.
8. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersini okatmagyň usulyýetini nazaryýet we tejribe taýdan yzygiderli kämilleşdirmegiň, onuň döwrüň talaplaryna laýyklygyny üpjün etmegiň ýollary.
9. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary sapaklarynda «Akylly enjamlar we tehnologiýalar» diýen temany öwretmegiň iş tejribesinden.
10. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinde okuwçylaryň ylmy-gözleg başarnyklaryny kemala getirmek üçin maglumat çeşmeleri (okuw kitaby) bilen özbaşdak işlemek başarnyklaryny ösdürmegiň hem-de okuwçylarda şahsy pikirlenmegi ösdürmekde okatmagyň häzirki zaman usullaryndan peýdalanmak.
11. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersinden robototehnika we programmirleme.
12. Döwrebap tehnologiýalaryň esaslary dersini okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek esasynda okuwçylaryň öwrenijilik işjeňligini, özbaşdak pikirleniş endiklerini ösdürmegiň ugurlary.
XXX. HÜNÄR UGURLY OKUWLAR BOÝUNÇA HÜNÄR ÖWREDIJI DERSI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplarynyň many-mazmunyny hünär ugurly okuwlar boýunça hünär öwrediji sapaklarda peýdalanmagyň usullary.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» laýyklykda, bilim bermek işine öňdebaryjy innowasion çemeleşmeleri giňden ornaşdyrmak, ylmyň we tehnikanyň iň täze gazananlaryna esaslanyp, okuw sapaklaryny dünýä tejribesine laýyklykda guramagy, okuwçylaryň özbaşdak pikirlenmek ukyplaryny kemala getirmegiň usullaryny öwretmegiň ýollary.
3. Gahryman Arkadagymyzyň «Arşyň nepisligi» atly kitabyny peýdalanyp «Halyçy» hünärini öwrediji okuw dersinde haly gölleriniň aýratynlyklaryny öwretmegiň usullary.
4. Hünär öwrediji sapaklarynda sanly serişdeleri, okuw-görkezme esbaplary peýdalanmagyň usullary.
5. Hünär ugurly okuwlar boýunça hünär öwrediji dersiň ýyllyk senenamalaýyn okuw çyzgydynyň taýýarlanylyşy.
6. «Çyzgyçy» hünär öwrediji derslerinde binagärlik taslamalarynda kölegeleriň ähmiýetini öwretmegiň usullary.
7. «Kompýuter sowatlylygyň esaslary» hünärini öwrediji okuw dersinde kompýuter torlaryny gurmagyň düzgünleri.
8. «Gid terjimeçi» hünärini öwrediji okuw dersinde taryhy we medeni ýadygärlikleriň üsti bilen watançylyk, ruhy-ahlak we milli terbiýäni bermegiň ýollary.
9. «Öý hojalyk elektroabzallaryny abatlaýjy ussa» hünärini öwrediji okuw dersinde olaryň gurluş aýratynlyklaryny öwretmegiň ýollary.
10. «Gülçi» hünärini öwrediji okuw dersinde gül ösümliklerini tohumyndan köpeltmegiň usullary.
11. «Agaç ussasy» hünärini öwrediji okuw dersinde ýuka agaç serişdelerinden önümleri ýasamagy öwretmegiň usullary.
12. «Kätip, kompýuteriň operatory» hünärini öwrediji okuw dersinde hyzmat programmalary bilen işlemegiň usullary.
XXXI. BEDENTERBIÝE DERSINI OKADÝAN MUGALLYMLAR ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarynyň many-mazmunyny, taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň ýollary.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisiniň» talaplaryna laýyklykda, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny kämilleşdirmekde bedenterbiýe okuw dersi boýunça hereket edýän usuly birleşmeleriň işini täzeçe guramagyň iş tejribesinden.
3. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, okuwçylara ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermekde bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler, olary amal etmegiň ýollary.
4. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, ýaş nesliň akyl we fiziki zähmet endiklerini özleşdirmegiň, olarda ýokary ahlak sypatlarynyň hem-de sagdyn durmuş ýörelgeleriniň kemala gelmegini we ösmegini gazanmagyň iş tejribesinden.
5. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyna» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda, çagalaryň ruhy-ahlak, beden taýdan sagdyn bolmak isleglerini kanagatlandyrmakda, olaryň howpsuz durmuş ýörelgesini kemala getirmekde, saglygyny berkitmekde we boş wagtlaryny netijeli guramaklaryny gazanmakda bedenterbiýe mugallymlarynyň öňünde durýan wezipeler.
6. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeň ornaşdyrmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça bedenterbiýe mugallymlarynyň işlerini ýola goýmagyň iş tejribesinden.
7. Bedenterbiýe sapaklary we sapakdan daşary çäreler guralanda, okuwçylary dürli görnüşli sport bäsleşiklerine taýýarlamakda olaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklaryny nazara alyp okatmagyň usulyýet aýratynlyklary.
8. Bedenterbiýe sapaklarynda okuwçylara bilim-terbiýe bermegiň, şahsy gigiýena, howpsuzlyk düzgünlerini öwretmegiň we olaryň bedenini berkitmegiň hem-de okuwçylaryň bilimlerini, başarnyklaryny, endiklerini bahalandyrmagyň usulyýet aýratynlyklary.
9. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Türkmenistan — melhemler mekany», «Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur», «Çaý — melhem hem ylham» atly kitaplarynyň many-mazmuny esasynda ýaş nesliň sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrylyşy.
10. Bedenterbiýe sapaklarynda we sport ýaryşlary geçirilende, okuwçylaryň ýaş-psihologik we fiziologik aýratynlyklaryny, ýerli howa ýagdaýlaryny hasaba almakda başarjaňlyk çemeleşmesinden ugur almagyň iş tejribesinden.
11. Bedenterbiýe sapaklarynda milli we hereketli oýunlardan, döwrebap usullardan we sanly tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň iş tejribesinden.
12. Bedenterbiýe dersi boýunça sapakdan daşary çäreleri guramagyň we geçirmegiň hem-de okuwçylary dürli görnüşli sport bäsleşiklerine taýýarlamagyň usullary.
XXXII. SYNP ÝOLBAŞÇYLARY ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarynyň many-mazmunyny, taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň ýollary.
2. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasynyň» we «Bilim edaralarynda halypaçylyk işini guramagyň Gözükdirijisiniň» talaplaryna laýyklykda, tejribeli synp ýolbaşçylary bilen ýaş synp ýolbaşçylarynyň arasynda halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ýola goýmagyň döwrebap usullary.
3. «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny durmuşa geçirmekde synp ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler we olaryň durmuşa geçirilişi.
4. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (rejelenen görnüşi) laýyklykda, okuwçylara ruhy-ahlak, raýat-watançylyk, harby-watançylyk, durmuş, medeni-taryhy, sagdyn durmuş ýörelgesiniň terbiýelerini bermekde synp ýolbaşçylarynyň öňünde durýan wezipeler, olary amal etmegiň ýollary.
5. Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-filosofik eserlerini, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny okuw-terbiýeçilik işlerinde döredijilikli peýdalanmagyň döwrebap usullary.
6. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy», «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet», «Magtymguly — dünýäniň akyldary», «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaplaryndaky gymmatly maglumatlary synp sagatlary guralanda we sapakdan daşary işlerde peýdalanmagyň ýollary.
7. Sapakdan daşary okuw-terbiýeçilik işleriniň üsti bilen okuwçylary ylmy döredijilige höweslendirmegiň, döredijilik-taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň, hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
8. Synp sagatlarynda başarjaňlyk çemeleşmesine esaslanýan innowasion pedagogik usullardan peýdalanmagyň iş tejribesinden.
9. Ýaş nesli terbiýelemegiň esasy ugurlary: watançylyk terbiýesi, döredijilik we zehin terbiýesi, akyl we pikir terbiýesi, ylym terbiýesi, medeni aň-düşünje terbiýesi, kär-hünär terbiýesi, sungat terbiýesi, syýasy terbiýe, maliýe-ykdysady terbiýesi, jemgyýetçilik terbiýesi, dil terbiýesi, ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesi boýunça okuw-terbiýeçilik işleriniň guralyşy we geçirilişi.
10. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim-terbiýe bermekde synp ýolbaşçylarynyň döredijilik başarnyklaryny we ussatlygyny kämilleşdirmegiň ýollary.
11. Synp ýolbaşçylarynyň ders mugallymlary, ata-eneler, jemgyýetçilik guramalar bilen özara hyzmatdaşlygyny ýola goýmakdaky, ýaş nesle berilýän bilimiň we edep-terbiýäniň hilini ýokarlandyrmakdaky orny.
12. Okuwçylar bilen terbiýeçilik gymmaty bolan çekişmeleri, döredijilik bäsleşiklerini, baýramçylyk dabaralaryny, aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary guramagyň we geçirmegiň, okuwçylary ylmy döredijilige ugrukdyrmagyň, döredijilik-taslama bäsleşiklerine taýýarlamagyň we hünärlere ugrukdyrmagyň iş tejribesinden.
XXXIII. MEKDEP KITAPHANAÇYLARY ÜÇIN:
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşlarynyň many-mazmunyny, taryhy, syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini okuwçylara düşündirmegiň ýollary.
2. «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny talabalaýyk berjaý etmek boýunça hem-de umumybilim edaralarynyň kitaphanalarynyň işini döwrebaplaşdyrmakda we kämilleşdirmekde mekdep kitaphanaçylarynyň wezipeleri, olary amala aşyrmagyň ýollary.
3. Eziz Diýarymyzda bellenilýän şanly seneleri, milli baýramlary mekdep kitaphanalarynyň işinde şöhlelendirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
4. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny we onuň many-mazmunyny, maksadyny, wezipelerini hem-de bu möhüm Kanunda kesgitlenen hukuk düzgünleriniň berjaý edilmegini wagyz etmekde mekdep kitaphanaçylarynyň alyp barmaly işleri.
5. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk kitaplarynyň mazmunyny, ýaş nesle çuňňur bilim, asylly terbiýe bermek baradaky parasatly sözlerini, gymmatly sargytlaryny wagyz etmegiň iş tejribesinden.
6. «Iň ýaş okyjy», «Ýaş kitap synçysy», «Ýaş kitap bezegçisi», «Ýaş kitap waspçysy» ýaly ugurlar boýunça öňdebaryjy ýaşlary kesgitlemek we höweslendirmek üçin bäsleşikleri guramagyň iş tejribesinden.
7. Mekdep kitaphanaçysynyň işini meýilnamalaşdyrmagyň, iş resminamalaryny talabalaýyk ýöretmegiň, kitaphana gaznasyny tükellemegiň we sanlylaşdyrmagyň, kitaphananyň içini talabalaýyk bezemegiň, arassaçylyk we kitaplary abatlaýyş işlerini geçirmegiň öňdebaryjy iş tejribesinden.
8. Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillerde kitap okamaga söýgi döretmek baradaky beýik başlangyjy esasynda hem-de «Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, «Kitap okamagyň biraýlygy» atly çäräni meýilleşdirmegiň we guramagyň iş tejribesinden.
9. Mekdep kitaphanaçysynyň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da kämilleşdirmeginiň, öňdebaryjy tejribäni öwrenmeginiň we ulanmagynyň ýollary.
10. «Okuw kitaplarymyzy aýawly saklalyň!» atly bäsleşik çärelerini geçirmegiň iş tejribesinden.
11. Umumybilim berýän orta mekdeplerde elektron kitaphana ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça taýýarlanylan «E — kitaphana» programma üpjünçiligini ornaşdyrmagyň iş tejribesinden.
12. Mekdep okuwçylarynyň kitap okamaga bolan höwesini we gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak, olaryň döredijilik, pikirleniş ukyplaryny ösdürmek, çagalarda ylmy dünýägaraýşy kemala getirmek maksady bilen, mekdep kitaphanasynda okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň ýazarlary, alymlar, ýazyjy-şahyrlar hem-de medeniýet-sungat işgärleri bilen döredijilik duşuşyklaryny guramagyň iş tejribesinden.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty.