
Articles
322

2025-nji ýyl berkarar döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň dabaraly çäreleri bilen şöhratly taryhymyza giren bolsa, 2026-njy ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen buýsançly şygar astynda rowaç menzillere bat aldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bu şanly ýyla aýratyn öwüşgin çaýyp, çuňňur many-mazmun berýär. Sebäbi ahalteke bedewleriniň bady ähli üstünliklerimiziň, belent maksatlara tarap okgunly hereketlerimiziň nyşany bolup durýar. Golaýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda bolup, Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanşan mahalynda hem behişdi bedewlere bolan ählihalk söýgüsi öz beýanyny tapdy.
Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde ýerleşýän bu atçylyk toplumynda türkmen bedewiniň şanyna tutuljak uly toýuň esasy wakalary we dabaralary guralar. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, toý-dabaralar şu ýylyň şygaryna laýyklykda ýokary derejede geçiriler, bu meselelere toplumlaýyn esasda çemeleşiler. Häzir Ahalteke atçylyk toplumynyň binalaryny döwrebaplaşdyrmak, onuň çäklerini abadanlaşdyrmak işleri güýçli depginde dowam edýär. Toplumyň binalarynyň içinde bedewleriň heýkellerini ýerleşdirmek, otaglaryň bezeginde surat eserlerini ulanmak göz öňünde tutulýar. Hut ahalteke bedewiniň keşbi ruhy we ykdysady galkynyşyň nyşany bolup durýar.
Halkymyz milli buýsanjyna hem-de tutuş adamzadyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewleriniň waspyny ýetirýän ençeme ajaýyp jümleleri, rowaýatlary, bolup geçen wakalar baradaky gürrüňleri aýawly saklap, biziň günlerimize çenli getiripdir. Ylmyň we tehnikanyň ösen döwründe hem türkmenleriň arasynda atyň öz ähmiýetini ýitirmeýändigine köpler haýran galýar. Şu sebäpli-de oňyn özgerişlikleriň batly depginini suratlandyrmak üçin biz, köplenç halatda, adata öwrülip giden “bedew bady bilen” diýen sözleri ulanýarys. Şu sözler, hakykatdan-da, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkyň belent ruhuny, döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösüşiniň ýokary depginlerini has aýdyň şöhlelendirýär. Gadymy döwürlerden bäri bedewleri berekediň, döwletliligiň hem-de abadançylygyň nyşany hasaplaýan halkymyzyň ajaýyp däp-dessurlaryndan ugur alsak, täze ýylyň ilkinji günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, Türkmen bedewiniň milli baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görmek babatda degişli ýolbaşçylara gymmatly maslahatlaryny bermegi — 2026-njy ýylda Watanymyzyň öňegidişligiň we gülläp ösüşiň belentliklerine barýan ýolda gazanjak ägirt uly üstünlikleriniň ýene bir oňat alamaty bolup durýar. Dünýä behişdi bedewleri sowgat eden türkmen halkynyň mundan beýläk-de şeýle ajaýyp üstünlikleri gazanjakdygyna şek-şübhe bolup bilmez.
Geçen ýylyň şanly wakalary we seneleri hem bedewlerimiziň ýelden ýüwrük bady, dünýä dolan at-owazasy bilen başlanypdy. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, festiwalyň Altyn baýragyna hem-de ýörite baýraklara mynasyp bolmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň rowaçlyklarynyň başyny başlan waka boldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ähli zerur şertler bilen üpjün edilýän bu toparyň agzalary öz ussatlyklaryny artdyrýarlar hem-de ýerine ýetirýän hereketlerini yzygiderli kämilleşdirýärler. Olar özleriniň ussatlyklary bilen sahna sungatynyň ajaýyp görnüşlerini kämil derejede ýerine ýetirýärler. Çünki toparyň çykyşlarynyň üstünliklere beslenmegi ugrunda edilýän yzygiderli aladalar at üstündäki oýunlary ýerine ýetirýän ussatlary örän buýsandyrýar we guwandyrýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda atçylyk sungatyny ösdürmäge gönükdirilen işlere aýratyn uly üns berilýär. Atçylygyň gadymdan gelýän milli däpleri täze ösüşe eýe boldy. Milli atçylyk-sport ulgamyny türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň gerimi barha giňelýär. Şeýle işjeň tagallalar özüniň oňyn netijesini berýär. Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda mynasyp orun almagy bolsa ähli watandaşlarymyzy buýsandyrýar.
“Akylly” şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň sebiti ady rowaýata öwrülen ahalteke bedewleriniň mekany hasaplanylýar. Şu gadymy toprakda ýaşan meşhur seýis we çapyksuwar Aba Annaýewiň milli atşynaslyk sungatyny ösdürmäge, onuň däplerini nesillere geçirmäge, ahalteke tohumly atlary gorap saklamaga we kämilleşdirmäge goşan goşandy juda uludyr. Arkadag şäherindäki Halkara atçylyk akademiýasyna Aba Annaýewiň adynyň dakylmagy halkymyzda uly şatlyk döretdi. Ýokary okuw mekdebiniň açylan gününde oňa halkara şahadatnamalaryň birnäçesi gowşuryldy.
Gahryman Arkadagymyz: «Ahalteke bedewi biziň üçin açyşdyr hem ýetilen ylym-bilim belentligidir. Milli paýhasyň derejesi hem şondadyr. Bu hakyda bilen nesillerden nesillere geçen ylym-bilim gymmatlygydyr» diýip nygtaýar. Akademiýada «Ahalteke atlary — parahatçylygyň ilçileri” atly ÝUNESKO klubunyň döredilmegi ýokary okuw mekdebiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen düzüminiň arasynda netijeli, işjeň gatnaşyklaryň üstünlikli alnyp barylýandygynyň nyşanydyr. Her ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň birnäçesiniň atçylyk akademiýamyzda guralmagy bizi buýsandyrýar. Bu döwrebap şäherde Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň hem-de Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň bolmagy ýaşlara atçylyk we atşynaslyk sungaty boýunça bilimini önümçilikde kämilleşdirmäge, öz ugurlary boýunça döwrebap ylmy-barlag işlerini alyp barmaga ýardam edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň goldaw-hemaýaty bilen behişdi ahalteke bedewleriniň gadymy mekany bolan Arkadag şäherinde ähli ýaşdaky raýatlaryň bu atlara bolan söýgüsini artdyrmak hem-de olara erk etmegi öwretmek, şeýle hem atçylyk we atly sportuň dürli görnüşleri, daşary ýurt dilleri, tebigy we takyk ugurlar boýunça ýörite maksatnama esasynda goşmaça okuwlary alyp barmak üçin Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň garamagynda “At — myrat” atly okuw merkezi döredildi. Bu okuw merkezinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlygynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde bejergi alýan çagalary ata mündürip gezim etdirmek arkaly bejermek hem ýola goýuldy. Ata-babalarymyz «Bedew münen hassa bolmaz» diýipdirler. At münmegiň köp keselleri bejerýändigi ylmy taýdan subut edilen hakykatdyr. Tebigatyň täsiri esasynda bedewlerde ynsan syzgyrlygy, paýhaslylygy kemala gelipdir.
Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz behişdi atlara belent sarpa goýýan ussat seýis, halypa çapyksuwardyr, bedewlerimiziň çyn hossarydyr. Milli Liderimiz işiniň örän köpdügine garamazdan, bedewler bilen yzygiderli didarlaşýar, olara edebi döredijiliginde uly orun berýär. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen atlary barada döreden “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” diýen ajaýyp kitaplary diňe ildeşlerimizde däl, daşary ýurtly okyjylarda hem uly gyzyklanma döretdi. Taryhy hem-de döwrüň maglumatlarynyň seljerilmegi we umumylaşdyrylmagy esasynda ýazylan bu eserler ruhy-edebi gymmatlyklaryň hatarynda durýar. «Ahalteke bedewi — eýýamlaryň bedewi. Olarda ähli döwürleriň tejribesi jemlenendir» diýip, Milli Liderimiz nygtaýar.
Behişdi bedewlerimize uly sarpa goýýan, milli atşynaslyk mekdebiniň ylym we sungat derejesinde kämilleşdirilmegi hem-de ösdürilmegi ugrunda ägirt uly tagallalar edýän baş halypamyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Pygy BAÝRAMDURDYÝEW,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň rektory, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň halk atşynasy.