
Articles
356

Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň kalbynda iň gowy gylyk-häsiýetleri kemala getirmek, ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, zähmete söýgi döretmek synp ýolbaşçylarynyň esasy wezipesidir. Okuwçylaryň edep kadalaryny pugta berjaý etmegini, ynsanperwer, zähmetsöýer adam bolup ýetişmegini gazanmaga synp sagatlaryny guranymyzda has-da üns berýäris. Terbiýe meselesi hemmetaraplaýyn çemeleşmäni talap edýär. Bu babatda ata-enelere we synp ýolbaşçylaryna uly jogapkärçilik degişlidir.
Ösüp gelýän ýaş nesliň bilimli, terbiýeli, aň-düşünjeli, döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan kämil ýaşlar bolup kemala gelmegi üçin orta mekdeplerde guralýan sapaklaryň has netijeli hem-de ýokary derejede bolmagyny gazanmak zerurdyr.
5-nji synplarda «Halal zähmet, arassa ahlak — kämillige tarap alyp gidýän ýoldur» diýen temadan guran synp sagadymyzda okuwçylarda zähmet terbiýesini kemala getirmekde we ösdürmekde işjeň usullardan peýdalanýarys.
Sapakda, ilki bilen, okuwçylara halal zähmet, arassa ahlak diýen sözleriň manysyny düşündirýäris. Olarda halallyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk düşünjeleriniň kemala gelmegi üçin birnäçe hünärler bilen tanyşdyrmak, hünäre söýgi döretmek gerek. Tema barada giňişleýin gürrüň berip, okuwçylara «Geljekde haýsy hünärde işlejek?» diýip, sorag berýäris. Okuwçylar bolsa bu soraga uly höwes bilen «Mugallym, lukman, halyçy, binagär, hukukçy, agronom, suratkeş, tikinçi, artist, tälimçi» diýip, hersi öz arzuw edýän hünäri hakynda jogap berýär. Soňra olara saýlap alan hünärlerinde halal zähmet çekmelidigi, yhlas bilen işläp, käriň hakyky eýesi bolmalydygy barada düşündirýäris. Halal zähmet bilen arassa ahlagyň, ynsany kämillige tarap alyp gidýän ýoldugy dogrusynda okuwçylara «Paýhas çeşmesi» atly kitapdaky nakyllaryň üsti bilen has giňişleýin düşünje berýäris: «Ýigide müň dürli hünär hem az», «Ýüz hünäri çala bilenden, bir hünäri doly bil», «Işiň ussasy — okamak», «Hünär — akar bulak, ylym — ýanar çyrag», «Hünärli — zor, hünärsiz — hor» nakyllary mysal getirýäris.
Synp sagadynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitabyndan dürdäne sözleri okuwçylara okap berýäris. «Iň gymmatly miras terbiýe, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir».
Arkadagly Gahryman Serdarymyz «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr» diýip belleýär. Soňra bu setirleriň manysy barada okuwçylara düşündirýäris. Multimedia tagtasynda synp sagadynyň temasyna degişli şekilli suratlary okuwçylara görkezip, suratlar boýunça gürrüň bermegi tabşyrýarys. Okuwçylaryň sözleýşini kämilleşdirmekde, dünýägaraýşyny giňeltmekde, aň-düşünjesini ösdürmekde bu usuldan peýdalanmak örän ähmiýetlidir.
Mekdepde terbiýeçilik işlerini geçirmegiň esasy maksady ýaşlarda halkymyzyň asyrlarboýy dowam edip gelýän milli ýörelgelere ygrarly bolmagyny gazanmakdan, watansöýüjiligi we belent adamkärçilik sypatlaryny terbiýelemekden ybaratdyr.
Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
Balkanabat şäheriniň Gumdag şäherçesindäki 30-njy orta mekdebiň mugallymy.