
Articles
171

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesil hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwrüldi. Ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagy, edep-terbiýeli, ata Watana, merdana pederlerimiziň ýol-ýörelgelerine wepaly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Şu nukdaýnazardan orta mekdeplerde sapaklar täsirli we döwrebap derejede guralýar. Sapaklarda multimedia tagtasyndan, kompýuter tehnologiýasyndan, okuw kitaplaryndan giňden peýdalanylýar. Başlangyç synplar üçin guralýan sapaklarda hem multimedia tagtasyndan ýerlikli peýdalanylýar we okuwçylara giňişleýin öwredilýär.
Orta mekdepleriň 2-nji synpynda türkmen dili sapagy üçin ýörite slaýd şekilleri, türkmen elipbiýindäki harplar, surat şekilleri ýaly görnüşleri ýörite ýazgylar bilen taýýarlaýarys. Bu ýazgyly şekiller sapagy işjeň hem-de guramaçylykly geçirmäge ýardam berýär. Başlangyç synplarda türkmen dili sapagy guralanda, esasan, okamak endikleri kämilleşdirilýär. Şunda ýeňil hekaýalar okalýar we okuwçylar sözleri depderlerine belläp alýarlar.
Sapakda okuw kitabyndaky gönükmeler, hekaýatlar multimedia tagtasynda görkezilýär. Sapakda çekimsiz sesler hem öwredilýär. Harplaryň we sesleriň aýratynlygyny özleşdiren okuwçylar çekimli we çekimsiz sesleriň bardygyny öwrenýärler. Munuň üçin çekimsiz sesleri multimedia tagtada ýörite harplar bilen belläp görkezýäris:
Türkmen dilinde jemi 21 sany çekimsiz ses bar.
Olar: b, ç, d, f, g, h, j, ž, k, l, m, n, ň, p, r, s, ş, t, w, ý, z.
Okuwçylar çekimsiz sesleri depderlerine ýazyp almak bilen, bu harplary ýat tutýarlar, 21 sany çekimsiz harplaryň bardygyny öwrenýärler. Şeýle hem multimedia tagtasynda ýörite sözler ýerleşdirilýär we bu sözleri bilelikde okaýarys. Her bir sözüň üstünde aýratyn durup geçýäris. Çünki sözleriň içinde näçe sany çekimsiz sesleriň bardygy, olaryň haýsydygy hakynda okuwçylar bilen pikir alyşýarys. Bu bolsa okuwçylaryň okamak we ýazmak endigini ösdürýär.
Sapagyň ahyrynda çekimsiz sesler bilen başlanýan on sany sözleri depderlerine ýazmaklaryny, çekimsiz sesleri gaýtalamaklaryny okuwçylara tabşyrýarys. Şeýle guramaçylykly geçirilýän sapaklar okuwçylaryň gyzyklanmasyny artdyrýar, türkmen dilini öwrenmäge höwes döredýär.
Mohira RAHIMBAÝEWA,
Balkanabat şäherindäki 1-nji orta mekdebiň mugallymy.