
Articles
367

Çagalaryň döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmek
Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpelerimiz surat çekmegi, ýelimlemegi, şekilleri ýasamagy gowy görýärler. Ýelimlemek sapaklarynda, esasan, reňkli kagyzlar bilen işleýäris. Plastilin bilen şekilleri ýasamagy öwredýäris. Ýaz paslynyň gelmegi bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli körpelere gülleriň, sowgatlyklaryň dürli görnüşlerini ýasamagy öwredýäris. Ak kagyzyň ýüzüne ýelimlemek üçin reňkli kagyzdan gülleriň dürli şekillerini, tebigatyň gözel görnüşlerini, guşlaryň şekillerini taýýarlaýarys. Şeýle hem ýaz paslynyň gelmegi bilen tebigatyň janlanmagyna we janly-jandarlaryň herekete gelşi bilen bagly gyzykly maglumatlary öwredýäris. Tebigatyň eçilen baýlyklaryna aýawly garap, olardan akylly-başly we tygşytly peýdalanmagyň ekologik ýagdaýy gowulandyrmagyň esasy şertleriniň biridigini gürrüň berýäris. Muny çagalara ähli sapaklarda hem öwretmek bolýar.
Şekil ýasamakda körpeler bilen plastilinden haýwanjyklaryň şekiljiklerini, agaçlary, onuň baldaklaryny, miweleriň dürli görnüşlerini, guşuň höwürtgesini bilelikde taýýarlaýarys. Çagalaryň baýramçylyk mynasybetli ýelimlän sowgatjyklaryny, ýasan şekiljiklerini mähriban enelere sowgat edýäris. Öýde hem çagalar plastilinden we reňkli kagyzlardan özbaşdak şekiljikleri ýasap, ýelimläp höweslenýärler. Bu bolsa olaryň döredijilik başarnyklarynyň kämilleşmegine getirýär.
Merjen AÝUPOWA,
Türkmenbaşy etrabyndaky 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.
* * *
Täsirli sapaklar
Her bir guraýan sapaklarymyzda okuwçylaryň işjeňligini gazanmak mugallymlar üçin esasy zerurlyklaryň biridir. Ýaşaýyş-durmuş esaslary sapagynda «Görüş. Göz üçin maşklar. Okamagyň medeniýeti» diýen temany geçenimizde, okuwçylara gözlerini heniz kiçiliginden oňat goramak, arassaçylygyň düzgünlerini pugta berjaý etmek öwredilýär. Gözüň kömegi bilen adam daş-töweregindäki zatlary görýär, olaryň reňkini, görnüşini, ölçegini, ýerleşişini tapawutlandyrýar. Predmetiň hereketlenýändigini ýa-da hereketsizdigini anyklap bilýär. Gözüň ähli işlerde adamyň iň zerur beden agzasy bolup durýandygyny okuwçylara mysallar arkaly düşündirýäris.
Gözüň görşüni goramak üçin ýagtylygyň ähmiýeti barada hem belläp, göz üçin ýagtylygyň öte ýiti bolmaly däldigini okuwçylara aýdýarys. Kompýuterde işläp otyrkaň, göreje zyýan ýetmez ýaly, belli düzgünleri berjaý etmelidigi dogrusynda düşündirýäris. Okuwçylara kompýuterde uzak wagtlap işlemegiň görşüň peselmegine getirip bilýändigini aýdýarys. Gözüň görşüni goramak üçin göz maşklaryny ýerine ýetirmelidigini hem öwredýäris. Görşüňi gowulandyrmak üçin witaminlere baý bolan iýmitleri köpräk iýmelidigini, şol önümlere nämeleriň degişlidigini düşündirýäris. Göze aýawly seretmegiň möhümdigine okuwçylaryň ünsüni ýene bir gezek çekýäris. Olara gözi tozandan, hapadan we ýiti ýagtylykdan goramalydygyny düşündirýäris. Şeýle hem gözüň goragçysynyň kirpikler bolup durýandygy, olaryň gözi tozandan we ownuk hapalaryň düşmeginden goraýandygy barada hem maglumat berýäris.
Çemen KAKAÝEWA,
Daşoguz şäherindäki 13-nji orta mekdebiň mugallymy.