Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

The Ministry of Education of Turkmenistan

Bagtyýarlyk bagynyň bilbilleri

12.03.2026

552

Bagtyýarlyk bagynyň bilbilleri

Düýn Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» atly şadyýan bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Bilim ministrligi tarapyndan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli yglan edilen bäsleşigiň döwlet tapgyryna welaýatlarda, Aşgabat, Arkadag şäherlerinde geçirilen deslapky tapgyrlarda 1-nji we 2-nji orunlara eýe bolan zehinli gyzjagazlar uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.

Her ýylda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bäsleşige ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan zehinli gyzjagazlar gatnaşýarlar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesliň sungata we döredijilige bolan söýgüsini artdyrmakda, zehinli çagalary ýüze çykarmakda, olary bilimler dünýäsine, sungata höweslendirmekde bu bäsleşik uly ähmiýete eýedir.

Jemleýji tapgyrda eýjejik gyzjagazlaryň 15-si üç şert boýunça özara bäsleşdi. Olar aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmek, milli lybaslary geýip, ony şahyrana sözler bilen wasp etmek ýaly ugurlarda öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Gyzjagazlaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda, aýdan goşgularynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň belent ruhy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde alnyp barylýan tutumly işleriň, ata Watanymyzyň, bagtyýar çagalygyň, dost-doganlygyň, parahatçylygyň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň, mähriban enelerimiziň, bahar paslynyň waspy öz beýanyny tapdy.

 Bäsleşigi guraýjy düzümleriň wekillerinden, belli medeniýet we sungat işgärlerinden ybarat eminler topary gyzjagazlaryň her bir çykyşyna, el işlerine mynasyp baha berdi. Netijede, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüniň 4-nji synp okuwçysy Leýli Mowlamowa bäsleşigiň baş baýragyna mynasyp boldy. Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Zöhre Saparowa 1-nji, Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Aýperi Annaberdiýewa hem-de Babadaýhan etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ogulşirin Annalyýewa 2-nji, Gyzylarbat etrabyndaky maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Merýem Dyrdyýewa, Oguzhan etrabyndaky takyk we tebigy ugurlardan ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Eneş Daňatarowa we Aşgabat şäherindäki 33-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Ogultagan Nuryşewa bolsa 3-nji orunlary eýelediler.

Eminler toparynyň gelen çözgüdine laýyklykda, ukyp-başarnyklary bilen aýratyn tapawutlanan beýleki ýaş zehinler hem «Mahmal owazly gyzjagaz», «Milli zynatly gyzjagaz», «Çeper waspçy gyzjagaz», «Watançy gyzjagaz», «Şahandaz gyzjagaz», «Saýrak dilli gyzjagaz», «Şirin owazly gyzjagaz», «Eli hünärli gyzjagaz» ýaly atlara mynasyp boldular.

Baýrakly orunlara, degişli atlara mynasyp bolan hem-de bäsleşige işjeň gatnaşan gyzjagazlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Bilim ministrligi tarapyndan Hormat haty, ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

(Ýörite habarçymyz).

Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.

Çeşmesi:Türkmenmetbugat

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address