
Articles
771

DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA ENE DILI WE EDEBIÝATDAN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGY ÜÇIN HÖDÜRLENILÝÄN DÜZME TEMALARY
I. Erkin temalar
1. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany».
2. Watan iň beýik mukaddeslikdir.
3. Garaşsyz Watanym — diller senasy.
4. Parla, ýaşyl Baýdagym!
5. Änew — gadymy şäher.
6. «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym».
7. Ene kalby — mähir deňzi.
8. Kitap — ruhy hazyna.
9. Dost — dostuň aýnasy.
10. Arkadag şäheri — geljegiň şäheri.
11. Mermer şäher — Aşgabat.
12. Halk gahrymanlaryny unutmaýar.
13. Gözel ülkämiň tebigaty.
14. Türkmen halysy — milli guwanjym.
15. Atym — ganatym.
16. Milli mirasym — ebedi mirasym.
17. Men Watanyň esgeri!
18. Mugallym meniň durmuşymda.
19. ХХI asyr —– tehnologiýalaryň asyry.
20. Magtymgulynyň arzuwlan zamanasy.
21. Dil bilen dünýäni gezer.
22. Meniň söýgüli şahyrym.
23. Türkmen edebiýatynda myhmansöýerlik temasy.
24. Meniň halaýan kärim.
25. It adamyň iň wepaly dosty.
II. Türkmen we daşary ýurt edebiýaty boýunça temalar
26. Türkmen halk döredijiliginde watançylyk temasy.
27. Berdi Kerbabaýewiň «Japbaklar» powestinde agzybirlik.
28. Oguz ýörelgeleriniň ösdürilmeginde Gorkut atanyň orny.
29. «Oguznamada» agzybirlik, döwletlilik hakyndaky ýörelgeler.
30. «Görogly» eposynda halkyň taryhy ykbalynyň şöhlelendirilişi.
31. Türkmen halk döredijiliginde milli däp-dessurlaryň orny.
32. Garajaoglanyň şygryýetinde Watana, il-güne bolan päk söýgi.
33. «Şasenem —–Garyp» dessanynda Garybyň keşbi.
34. Ýunus Emräniň goşgularynda dostluk-doganlyk duýgulary.
35. «Nejep oglan» dessanynda aýdym-saz sungatyna sarpa.
36. Türkmen dessanlarynda edermen zenanlarymyzyň keşbi.
37. Nurmuhammet Andalyp —–ussat dessançy.
38. Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eserinde perzent terbiýesi.
39. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk, agzybirlik temasy.
40. Magtymguly Pyragynyň mertlik, adamkärçilik hakyndaky garaýyşlary.
41. Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ahlaklylygyň waspy.
42. Magtymguly we halk döredijiligi.
43. Abdylla Şabendäniň «Gül — Bilbil» dessanynda Bilbiliň çeper keşbi.
44. Şeýdaýynyň döredijilik aýratynlygy.
45. Mahmyt Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» eseriniň terbiýeçilik ähmiýeti.
46. Gurbanaly Magrupynyň dessanlarynda watansöýüjilik.
47. XIX asyr türkmen edebiýatynda öwüt-nesihat temasy.
48. Mämmetweli Keminäniň türkmen edebiýatynyň taryhynda tutýan orny.
49. Seýitnazar Seýdiniň döredijiliginde harby-gahrymançylyk.
50. Gurbandurdy Zeliliniň döredijiliginde durmuşyň beýany.
51. Annagylyç Mätäjiniň ömri we döredijiligi.
52. Mollanepesiň «Zöhre — Tahyr» dessanynda Tahyryň keşbi.
53. Annagylyç Mätäji —– watançy şahyr.
54. Berdi Kerbabaýewiň «Aýgytly ädim» romanynda Artygyň keşbi.
55. Berdinazar Hudaýnazarowyň döredijiliginde ahlak meselesi.
56. Aman Kekilowyň «Söýgi» romanynyň ideýasy.
57. Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» powestinde Şüküriň keşbi.
58. Beki Seýtäkowyň «Doganlar» romanynda gozgalýan meseleler.
59. Gara Seýitliýew — lirik şahyr.
60. Gurbannazar Ezizow — türkmen şygryýetiniň görnükli ussady.
61. Wasiliý Ýanyň «Çingiz han» romanynda türkmen serkerdesi Jelaleddiniň edermenligi.
62. Gara Seýitliýewiň goşgularynda ahlak temasy.
63. Annaberdi Agabaýewiň döredijiliginde uruş we parahatçylyk temasy.
64. Çingiz Aýtmatowyň «Ilkinji mugallym» powestinde mugallyma hormat.
65. Ata Gowşudowyň «Perman» romanynda taryhy hakykat.
66. Naryman Jumaýewiň «Ýuwaş gelin» powestinde millilik.
III. Garaşsyzlyk eýýamynyň edebiýaty boýunça temalar
67.Gahryman Arkadagymyz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Hakyda göwheri» atly kitabynda milli ruhy we medeni gymmatlyklarymyzyň beýany.
68.Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Älem içre at gezer» romanynda durmuş hakykatynyň çeper beýany.
69. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romanynda ýetginjek Mälikgulynyň çeper keşbi.
70. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda öwüt-ündewler.
71. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti.
72. Garaşsyzlyk eýýamynyň publisistikasynda döwrüň ösüşleriniň beýany.
73. Garaşsyzlyk eýýamynyň öňdebaryjy döredijilik wekilleri.
74. Garaşsyzlyk eýýamynyň kyssa eserlerinde milli ruhuň ýüze çykmagy.
DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA YNSANPERWERLIK-DURMUŞ BILIMLERI UGRY BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ TARYHYNDAN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGYNYŇ SORAGNAMALARY
1-nji soragnama
1. Türkmenistanyň taryhy dersi nämäni öwredýär?
2. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnamanyň kabul edilmegi.
2-nji soragnama
1. Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri.
2. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň döredilmegi.
3-nji soragnama
1. Türkmenistanda iň gadymy adamlar we olaryň ýaşaýyş-durmuşy.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmegi.
4-nji soragnama
1. Iň gadymy adamlaryň esasy kärleri we zähmet gurallary.
2. Garaşsyz Türkmenistan — demokratik, hukuk we dünýewi döwlet.
5-nji soragnama
1. Jeýtun medeniýeti.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow.
6-njy soragnama
1. Altyndepe iň gadymy şäher-döwletdir.
2. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary hem borçlary.
7-nji soragnama
1. Gadymy Marguş ýurdy.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna girizilen üýtgeşmeler.
8-nji soragnama
1. Gadymy Oguz Türkmen döwleti.
2. Garaşsyz Türkmenistan —–hemişelik Bitarap döwlet.
9-njy soragnama
1. Gadymy Horezm döwletiniň döremegi.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasaty.
10-njy soragnama
1. Aleksandr Makedonlynyň Orta Aziýa ýörişi.
2. Türkmenistanyň Halk Maslahaty.
11-nji soragnama
1. Änew medeniýeti.
2. Garaşsyz Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesi.
12-nji soragnama
1. Parfiýa döwletiniň döremegi.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary.
13-nji soragnama
1. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwleti.
2. Garaşsyz Türkmenistanda senagatyň ösüşi.
14-nji soragnama
1. Beýik Ýüpek ýolunyň döremegi we ähmiýeti.
2. Garaşsyz Türkmenistanda telekeçiligiň ösüşiniň ähmiýeti.
15-nji soragnama
1. Parfiýanyň medeniýeti.
2. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi.
16-njy soragnama
1. Göktürkmenleriň döwletiniň döremegi.
2. Garaşsyz Türkmenistanda jemgyýetçilik-syýasy guramalar.
17-nji soragnama
1. Araplaryň Türkmenistanyň ýerlerine aralaşmagy.
2. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi.
18-nji soragnama
1. Türkmenleriň mongol basybalyjylaryna garşy gahrymançylykly göreşi.
2. Garaşsyz Türkmenistanda döwlet eýeçiliginiň hususylaşdyrylmagy.
19-njy soragnama
1. Sarahs söweşi we onuň netijeleri.
2.Türkmenistanyň Raýat kodeksi we onuň ähmiýeti.
20-nji soragnama
1. Garrygala söweşi we onuň netijeleri.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň Maşgala kodeksi we onuň ähmiýeti.
21-nji soragnama
1. Gökdepe söweşi.
2. Garaşsyz Türkmenistanda medeniýetiň we sungatyň gülläp ösmegi.
22-nji soragnama
1. VII —–IX asyrlarda Türkmenistanda medeniýet.
2. Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksi.
23-nji soragnama
1. Orta Aziýada milli-döwlet bölünişigi.
2. Garaşsyz Türkmenistanda ulag ulgamynyň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginiň ähmiýeti.
24-nji soragnama
1. Beýik Seljuk döwletiniň gülläp ösmegi.
2. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy».
25-nji soragnama
1. XVIII — XIX asyrlarda türkmenlerde ýer-suw eýeçiliginiň görnüşleri.
2. «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanuny (rejelenen görnüşi).
26-njy soragnama
1. ХVII asyrda türkmenleriň ýerleşişi.
2. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek, dikeltmek, rejelemek we goramak.
27-nji soragnama
1. Horezmşalar döwletiniň gülläp ösmegi.
2. Türkmenistanyň Jenaýat kodeksi.
28-nji soragnama
1. XVIII — XIX asyrlarda türkmen halkynyň medeniýeti.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşy.
29-njy soragnama
1. XX asyrda türkmen halkynyň medeniýetiniň ösüşi.
2. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby we onuň ähmiýeti.
30-njy soragnama
1. Türkmenistanlylaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşmagy (1941—1945 ý.).
2. Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli gatnaşyklarynyň ösüşi.
DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA TEBIGY BILIMLER UGRY BOÝUNÇA BIOLOGIÝADAN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGYNYŇ SORAGNAMALARY
1-nji soragnama
1. Monogibrid çaknyşdyrma. Birinji nesliň gibridleriniň birmeňzeşligi. Dominirleme düzgüni (G.Mendeliň birinji kanuny).
2. Wiruslar ýaşaýşyň öýjüksiz görnüşidir.
3. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek işleriniň amala aşyrylyşy.
Ýerleriň meliorasiýasy, agrosenozlaryň önümliligini artdyrmak babatda Türkmenistanda geçirilýän çäreler.
2-nji soragnama
1. Antropogeneziň hereketlendiriji güýçleri.
2. Suw, onuň bedendäki tutýan orny.
3. Populýasiýa. Biosenozda dürli görnüşleriň populýasiýalarynyň özara gatnaşyklary.
3-nji soragnama
1. Bir öýjükli we köp öýjükli organizmler. Dokumalar, organlar, organlar ulgamlary, olaryň özara baglanyşygy, köp öýjükli organizmleriň bitewüliginiň esasy hökmünde.
2. RNK-nyň görnüşleri, gurluş aýratynlyklary we öýjükdäki ähmiýeti.
3. Ýer ýüzünde ýaşaýşyň döreýşi baradaky garaýyşlaryň ösüşi. Lui Pasteriň tejribesi.
4-nji soragnama
1. Organiki dünýäniň ulgamy. Bakteriýalar, kömelekler, ösümlikler, haýwanlar şalyklary we olaryň aýratynlyklary.
2. Öýjügiň metobolizmi (plastik we energetik çalşyklary).
3. Biogeosenozlaryň mysallary: sähra (Garagum), daglar (Köpetdag, Köýtendag, Sünt-Hasardag), derýalar (Amyderýa, Murgap, Tejen, Sumbar), tebigy (Sarygamyş) we emeli köl («Altyn asyr» Türkmen köli), iri suw howdanlary (Saryýazy, Hanhowuz, Köpetdag).
5-nji soragnama
1. Haýwanlaryň, ösümlikleriň we bakteriýalaryň öýjükleriniň gurluşyndaky tapawutlar. Eukariot we prokariot öýjükleriň deňeşdirme häsiýetnamasy.
2. Adam jynslary.
3. Türkmenistanda seleksiýa işleri. Türkmenistan ─ garaköli we saryja goýunlarynyň Watany. Ahalteke aty, arwana düýesi, türkmen tazysy we alabaý iti, türkmeniň ak bugdaýy, gawun-garpyzy, ir-iýmişli agaçlary türkmen halkynyň milli buýsanjydyr.
6-njy soragnama
1. Umumy biologiýanyň tebigat baradaky ylymlaryň ulgamynda tutýan orny. Biologiýanyň ähmiýeti we beýleki ylymlar bilen baglanyşygy.
2. Öýjük — janly organizmleriň gurluş we funksional birligi. Häzirki zamanyň öýjük taglymaty we onuň esasy düzgünleri.
3. Organizmleriň daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşmalarynyň ýüze çykmagy. Uýgunlaşmanyň otnositel häsiýeti.
7-nji soragnama
1. Janly tebigatyň bitewüligi. Biosferanyň janly maddalarynyň elementar we molekulýar düzümi.
2. Fermentler we olaryň ähmiýeti. Witaminler we olaryň organizmde ýerine ýetirýän işleri.
3. Agrosenozlar. Türkmenistanyň agrosenozlary.
8-nji soragnama
1. Janly bedenleriň umumy häsiýetleri.
2. Tebigy we emeli seçgiler. Emeli seçginiň döredijilik orny we ähmiýeti.
3. Türkmenistanyň Gyzyl kitaby (2024 ý.). Etalonlar we tebigy ýadygärlikler.
9-njy soragnama
1. Ikinji nesliň gibridleriniň alamatlarynyň dargamagy.G.Mendeliň ikinji kanuny.
2. Bedende uglewodlaryň we ýaglaryň tutýan orny.
3. Mezozoý eýýamynda ýaşaýşyň ewolýusiýasy. Türkmenistanda tapylan Mezozoý eýýamyna degişli ýaşaýyş yzlary.
10-njy soragnama
1. Digibrid çaknyşdyrma. Garaşsyz nesle geçijilik kanuny we onuň sitologik esaslary. G.Mendeliň 3-nji kanuny.
2. Bedende DNK-nyň gurluşy we ähmiýeti.
3. Ekologik bilim we terbiýe — biosferany goramagyň we ony aýap saklamagyň möhüm şerti.
11-nji soragnama
1. Bedende beloklaryň ýerine ýetirýän işleri.
2. Mitoz — öýjügiň ýaşaýyş aýlawynyň bölegi. Mitozyň döwürleri.
3. Kaýnozoý eýýamynda ýaşaýşyň ösüşi.
12-nji soragnama
1. Glikoliz (glýukozanyň kislorodsyz dargamagy), onuň ähmiýeti.
2. Mikro we makroewolýusiýa — umumy ewolýusion hadysanyň tapgyrlary.
3. Genetika — nesle geçijiligiň we üýtgeýjiligiň kanunalaýyklyklary baradaky ylym. Genetikanyň wezipeleri we ony öwrenmegiň usullary.
13-nji soragnama
1. Jyns genetikasy.
2. E.Gekkeliň we K.Mýulleriň biogenetik kanuny.
3. Biologiki progresiň ösüşindäki aromorfozlar, idioadaptasiýalar (diwergensiýa we konwergensiýa) hem-de degenerasiýalar.
14-nji soragnama
1. Beloklaryň biosintezi.
2. Gen — nesle geçijiligiň elementar birligi. Geniň düzümi we gurluşy, onuň mutasiýalary geçirmäge bolan ukyby.
3. Ewolýusiýanyň sintetiki teoriýasy — darwinizmiň, genetikanyň, ekologiýanyň we beýleki biologiýa ylymlarynyň ösmeginiň netijesi.
15-nji soragnama
1. Janly organizmleriň (ösümlikler, haýwanlar we beýlekiler) ýaşaýşynda uglewodlaryň tutýan orny. Biopolimerleriň — polisaharidleriň gurluşy, biologik orny we ähmiýeti.
2. Biotehnologiýa. Gen we öýjük inženeriýasy. «Türkmenistanda biotehnologiýany toplumlaýyn ösdürmegiň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy».
3.Arheý we Proterozoý eýýamlary.
16-njy soragnama
1. Ýadro-öýjügiň ýaşaýyş işjeňligini üpjün edýän merkezdir. Öýjügiň ýadrosynyň gurluşy we onuň ýerine ýetirýän işleri.
2. Hemosintez we onuň ähmiýeti.
3. Ç.Darwine çenli döwürde ewolýusion garaýyşlaryň ösüşi.
17-nji soragnama
1. Glýukozanyň kislorodly okislenmegi. Krebsiň aýlawy.
2. Mutasion üýtgeýjilik (genom, hromosom, gen mutasiýalary) we onuň görnüşleri.
3. Türkmenistanyň BMG-niň konwensiýalaryna goşulmagy: «Çölleşmä garşy göreş», «Biologik dürlülik barada», «Ozon gatlagyny goramak barada», «Klimatyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýa» we beýlekiler.
18-nji soragnama
1. Belok molekulasynyň gurluşy, düzümi.
2. T. Morganyň nesle geçijiligiň hromosoma taglymaty.
3. Görnüş. Görnüşiň kriteriýalary: morfologik, fiziologik, genetik, biohimik, ekologik, geografik.
19-njy soragnama
1. Ýaşaýşyň döreýşiniň häzirki zaman garaýyşlary. A.I.Opariniň gipotezasy.
2. Ýaglar — öýjük membranasynyň esasy gurluş düzümi (komponenti) we energiýa çeşmesi.
3. Köp öýjükli organizmleriň hususy ösüşi.
20-nji soragnama
1. Oňurgaly haýwanlaryň düwünçek (embrional) we düwünçekden soňky postembrional ösüşi.
2. Haýwanlary eldekileşdirmek we ösümlikleri medenileşdirmek — seleksiýanyň başlangyç tapgyry. Medeni ösümlikleriň gelip çykyş merkezleri.
3. Üýtgeýjiligiň görnüşleri. Modifikasion üýtgeýjilik.
21-nji soragnama
1. ATF — janly organizmler üçin energiýanyň çeşmesi.
2. Köpelişiň görnüşleri. Ösümlikleriň we haýwanlaryň jynssyz köpelişi.
3.Adamyň gelip çykyşy baradaky Ç. Darwiniň garaýyşlary. Adamyň gelip çykyşynyň subutnamalary.
22-nji soragnama
1. Sitoplazmatik nesle geçijilik. Alamatyň kemala gelmeginde genotipiň we daşky gurşawyň täsiri.
2. Ewolýusiýanyň subutnamalary.
3. Jyns öýjükleriniň emele gelşi. Tohumlanyş. Jynsly köpelişiň biologik ähmiýeti.
23-nji soragnama
1. Sitoplazmanyň, plazmatik membrananyň gurluşy we ýerine ýetirýän işleri.
2. Fotosintez we onuň kosmiki ähmiýeti.
3. Kömelekleriň gurluşy we köpelişi. Maýa kömelekleri. Kömelekleriň biotehnologiýada ulanylyşy we halk hojalygynda ähmiýeti.
24-nji soragnama
1. Ýaşaýyş ugrunda göreş we onuň görnüşleri.
2. Paleozoý eýýamy. Ösümlik dünýäsindäki uly aromorfozlar.
3. Akademik W.I.Wernadskiniň biosfera baradaky ylmy taglymatynyň mazmuny we ähmiýeti.
25-nji soragnama
1. Bakteriýalar, olaryň gurluşy we ýaşaýyş işjeňligi.
2. Meýoz: reduksion we ekwasion bölüniş.
3. Adamyň ewolýusiýasy.
DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA TAKYK BILIMLER UGRY BOÝUNÇA FIZIKADAN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGYNYŇ SORAGNAMALARY
1-nji soragnama
1. Ýarymgeçirijilerde elektrik togy. Ýarymgeçirijileriň hususy we garyndyly geçirijiligi.
2. Mendeleýew — Klapeýronyň deňlemesi.
3. Tejribe işi: Gaty jisimiň dykyzlygyny kesgitlemek.
2-nji soragnama
1. Atmosfera basyşy we onuň ölçenilişi. Torriçelliniň tejribesi.
2. Üýtgeýän toguň zynjyrynda aktiw, sygym we induktiw garşylyklar.
3. Linzanyň formulasyna degişli mesele.
3-nji soragnama
1. Içki energiýa. Termodinamikanyň birinji kanuny we onuň izoproseslerde ulanylyşy.
2. Geçirijiniň elektrik garşylygy. Udel garşylyk. Reostatlar.
3. Arhimed güýjüni hasaplamaga degişli mesele.
4-nji soragnama
1. Ýadro reaktory. Termoýadro reaksiýalary.
2. Doýgun däl we doýgun buglar. Suwuklyklaryň gaýnama temperaturasynyň basyşa baglylygy.
3. Hemişelik toguň işini we kuwwatyny hasaplamaga degişli mesele.
5-nji soragnama
1. Elektromagnit induksiýa kanuny. Lensiň düzgüni. Öz-özünde induksiýa. Induktiwlik koeffisiýenti.
2. Geçirijiniň elektrik garşylygy. Garşylygyň temperatura baglylygy.
3. Tejribe işi: Geçirijileriň yzygider birikdirilişini öwrenmek.
6-njy soragnama
1. Egriçyzykly hereket. Töwerek boýunça deňölçegli hereketde tizlik we tizlenme.
2. Radioişjeň öwrülmeler. Radioişjeň dargama kanuny.
3. Suwuklygyň üstdartuw güýjüni hasaplamaga degişli mesele.
7-nji soragnama
1. Yrgyldyly kontur. Yrgyldyly konturda energiýanyň öwrülişi.
2. Kwant generatorlary. Lazerler. Geýzenbergiň kesgitsizlikler gatnaşygy.
3. Deňtizlenýän hereketde geçilen ýoly hasaplamaga degişli mesele.
8-nji soragnama
1. Kulonyň kanuny. Elektrik meýdany.
2. Kogerentlik. Ýagtylygyň interferensiýasy we onuň ulanylyşy.
3. Gazyň basyşyny hasaplamaga degişli mesele.
9-njy soragnama
1. Arhimed güýji. Jisimleriň ýüzme şertleri. Suw ulaglarynyň Türkmenistanda ulanylyşy.
2. Atomyň gurluşy. Rezerfordyň tejribesi.
3. Elektrik meýdanynyň potensialyny hasaplamaga degişli mesele.
10-njy soragnama
1. Boruň kwant postulatlary. Kwantlanma düzgüni. Frankyň we Gersiň tejribesi.
2. Howanyň çyglylygy. Howadaky suw buglary. Absolýut we otnositel çyglylyk.
3.Ýadro reaksiýalaryna degişli mesele.
11-nji soragnama
1. Tok güýji. Zynjyryň bölegi üçin Omuň kanuny.
2. Fotoeffekt. Fotoeffektiň nazaryýeti.
3. Tejribe işi: Erkin gaçmanyň tizlenmesini kesgitlemek.
12-nji soragnama
1. Atom ýadrosynyň gurluşy. Izotoplar.
2. Ses tolkunlary. Ses tolkunlarynyň ýaýraýşy. Sesiň tizligi. Infra we ultrasesler.
3. Fotoeffekte degişli mesele.
13-nji soragnama
1. Matematiki maýatnik.Yrgyldylaryň amplitudasy, periody, ýygylygy we fazasy.
2. Uran ýadrosynyň bölünişi. Zynjyrly reaksiýa.
3. Bütindünýä dartylma kanunyna degişli mesele.
14-nji soragnama
1. Agyrlyk güýjüniň täsirindäki hereket. Aşaagramlylyk we agramsyzlyk.
2. Ýagtylyk akymy. Ýagtylyk güýji. Ýagtylandyryş. Ýagtylandyryşyň kanunlary.
3. Tejribe işi: Ýapgyt tekizlik boýunça ýokary galdyrylan jisimiň PTK-syny kesgitlemek.
15-nji soragnama
1. Fotoeffekt. Fotoeffektiň ulanylyşy. Türkmenistanda Gün energiýasynyň ulanylyşy.
2. Deňtizlenýän hereket. Deňhaýallanýan hereket.
3. Ýylylyk mukdaryny hasaplamaga degişli mesele
16-njy soragnama
1. Tok çeşmesiniň yzygider we parallel birikdirilişi. Kirhgofyň düzgüni.
2. Ideal gazyň molekulýar-kinetik teoriýasynyň esasy deňlemesi.
3. Geçirijiniň elektrik garşylygyny hasaplamaga degişli mesele.
17-nji soragnama
1. Transformator. Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişi we aralyga geçirilişi.
2. Görälik nazaryýetiniň postulatlary. Massanyň energiýa bilen baglanyşyk kanuny.
3. Geçirijileriň parallel birikdirilişine degişli mesele.
18-nji soragnama
1. Jisimiň impulsy. Impulsyň saklanma kanuny. Reaktiw hereket.
2. Hemişelik toguň işi we kuwwaty. Toguň işiniň we kuwwatynyň ölçeg birligi.
3. Difraksiýa gözenegine degişli mesele.
19-njy soragnama
1.Toguň magnit meýdany. Elektromagnitler we olaryň ulanylyşy.
2. Kondensatorlar. Kondensatorlaryň parallel we yzygider birikdirilişi. Zarýadlanan kondensatoryň elektrik meýdanynyň energiýasy.
3. Puržinden asylan ýüküň yrgyldysyna degişli mesele.
20-nji soragnama
1. Elektromagnit meýdany. Gersiň wibratory. Elektromagnit tolkunlary we olaryň häsiýetleri.
2. Ýangyjyň energiýasy. Ýangyjyň ýanmagynyň udel ýylylygy.
3. Yrgyldyly herekete degişli mesele.
21-nji soragnama
1. Gaz kanunlary. Izoprosesler.
2. Ýagtylygyň difraksiýasy. Difraksion gözenek. Golografıýa barada düşünje.
3. Termodinamikanyň birinji kanunyna degişli mesele.
22-nji soragnama
1. Magnit meýdany. Amperiň güýji. Lorens güýji.
2. Maddanyň gurluşy. Maddanyň agregat hallary we olaryň molekulýar-kinetik nukdaýnazardan düşündirilişi.
3. Elektromagnit induksiýa hadysasyna degişli mesele.
23-nji soragnama
l. Güýç. Nýutonyň ikinji kanuny. Jisimiň impulsy.Güýjüň impulsy. Güýçleriň goşulyşy.
2. Ýagtylygyň basyşy. Ýagtylygyň himiki täsiri.
3. Atmosfera basyşyna degişli mesele.
24-nji soragnama
1. Doly zynjyr üçin Omuň kanuny.
2. Radioişjeňlik. Alfa, beta, gamma şöhlelenmeleri.
3. Izoproseslere degişli mesele.
25-nji soragnama
1. Suwuklyklardaky we gazlardaky basyş. Paskalyň kanuny.
2. Elektrolitlerde elektrik togy. Elektroliz we onuň kanunlary.
3. Mendeleýewiň — Klapeýronyň deňlemesine degişli mesele.
26-njy soragnama
1. Bölejikler we antibölejikler.
2. Rentgen şöhlelenmeleri we onuň ulanylyşy. Kompton effekti.
3. Geçirijileriň yzygider birikdirilişine degişli mesele.
27-nji soragnama
1. Mejbury yrgyldylar. Rezonans.
2. Agyrlyk güýji. Agyrlyk güýjüniň täsirindäki hereket.
3. Kulonyň kanunyna degişli mesele.
28-nji soragnama
1. Bugarma. Kondensasiýa. Gaýnama. Bug emele gelmeginiň udel ýylylygy.
2. Ýagtylygyň dispersiýasy. Gýugensiň-Freneliň prinsipi. Freneliň zona (zolak) usuly.
3. Howanyň çyglylygyny hasaplamaga degişli mesele.
29-njy soragnama
1. Mehaniki iş we kuwwat. Işiň we kuwwatyň ölçeg birlikleri.
2. Ýarymgeçiriji diod. Tranzistor.
3. Elektromagnit yrgyldylarynyň amplitudasyny, periodyny, ýygylygyny hasaplamaga degişli mesele.
30-njy soragnama
1. Içki energiýa. Ýylylyk mukdary. Ýylylyk mukdaryny hasaplamak.
2. Gýugensiň prinsipi. Ýagtylyk tolkunlarynyň serpikmesi we döwülmesi.
3. Joul-Lensiň kanunyna degişli mesele.
DÖWLET UMUMYBILIM EDARALARYNDA JEMGYÝETI ÖWRENIŞ DERSINDEN JEMLEÝJI DÖWLET SYNAGYNYŇ SORAGNAMALARY
1-nji soragnama
1. Jemgyýeti öwreniş dersi we ony öwrenmegiň ähmiýeti.
2. Ykdysadyýet düşünjesi.
2-nji soragnama
1. Adamyň gelip çykyşy baradaky taglymatlar.
2. Önümçilik.
3-nji soragnama
1. Şahsyýet.
2. Telekeçilik.
4-nji soragnama
1. Adamyň iş hereketleri düşünjesi.
2. Ykdysady ulgamlar.
5-nji soragnama
1. Islegler we bähbitler.
2. Bazar düşünjesi.
6-njy soragnama
1. Aň düşünjesi.
2. Ykdysady bäsdeşlik we onuň görnüşleri.
7-nji soragnama
1. Öz-özüňi aňmak we özüňe akyl ýetirmek.
2. Döwletiň ykdysady syýasaty.
8-nji soragnama
1. Tebigy zehin, talantlylyk we geniallyk.
2. Döwlet býujeti.
9-njy soragnama
1. Zähmet işleri.
2. Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy.
10-njy soragnama
1. Hakykylyk, ýalan, azaşmak.
2. Jemgyýetiň esasy toparlary.
11-nji soragnama
1. Ylmy däl akyl ýetiriş.
2. Sosial toparlar we gatlaklar.
12-nji soragnama
1. Ylmy akyl ýetirişiň usullary.
2. «Ortalyk gatlak» düşünjesi.
13-nji soragnama
1. Jemgyýet düşünjesi.
2. Türkmenistanda döwletiň orta we kiçi telekeçiligi ösdürmek babatynda ýöredýän syýasaty.
14-nji soragnama
1. Jemgyýetçilik gatnaşyklary.
2. Maşgala we jemgyýet.
15-nji soragnama
1. Jemgyýetçilik gatnaşyklaryny sazlaşdyryjy kadalar.
2. Türkmenistanyň syýasy ulgamy.
16-njy soragnama
1. Ylym we tehnika.
2. Hukuk we onuň döreýşi.
17-nji soragnama
1. Jemgyýet sistema hökmünde.
2. Sosial goraglylyk.
18-nji soragnama
1. Sungat düşünjesi we onuň wezipeleri.
2. Türkmen maşgalasynyň mukaddeslikleri we gymmatlyklary.
19-njy soragnama
1. Häzirki döwürde Türkmenistanyň jemgyýetçilik durmuşynyň aýratynlyklary.
2. Hukuk döwleti düşünjesi.
20-nji soragnama
1. Jemgyýetiň taryhy görnüşleri.
2. Hukuk kadalary.
21-nji soragnama
1. Din we onuň jemgyýetdäki orny.
2. Türkmenistanyň kanunçylygy.
22-nji soragnama
1. Siwilizasiýalar we olaryň köpdürlüligi.
2. Döwletiň daşary syýasaty.
23-nji soragnama
1.Häzirki zaman siwilizasiýasynyň ösüş aýratynlyklary.
2. Raýat jemgyýeti düşünjesi.
24-nji soragnama
1. Türkmenistanda postindustrial jemgyýetiň kemala gelmegi.
2. Saýlaw ulgamy.
25-nji soragnama
1. Jemgyýetiň ösüşiniň ewolýusion we rewolýusion ösüş ýollary.
2. Köpçülikleýin habar beriş, aragatnaşyk we maglumatlar serişdeleri.
26-njy soragnama
1. Progres we regres.
2. Syýasat düşünjesi.
27-nji soragnama
1. Medeniýet düşünjesi.
2. Syýasy häkimiýet.
28-nji soragnama
1. Jemgyýetiň ruhy durmuşy.
2. Döwlet.
29-njy soragnama
1. Ahlak gymmatlyklary.
2. Syýasy ulgam.
30-njy soragnama
1. Bilim.
2. Ýaşlar we jemgyýet.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi. Türkmenistanyň Milli bilim instituty.