
Articles
181

Nakyllar biziň halkymyzda hakykatyň jedelsiz beýany saýylýar. Nakyla uýmazlygam gelşiksiz görülýär, ýöne il agalary we käbir ussatlar barada oýlananyňda, «Adam edenini adam eder» diýlen nakyl, birhili, böwrüňi diňledýär. Hemme adamam durmuşda ençeme mugallymy görendir, özleri mugallym adamlaram kän. Şu makalamyň gahrymany, Türkmenistanyň at gazanan mugallymy, Şa serpaýlarynyň eýesi Ata Akbäbäýewem hemmämiz ýaly adam. Onda-da adama mahsus hemme gylyklaram bolandyr. Adaty durmuşda oňa egnimizi-agramymyzy deňläp biljegimiz kändir, ýöne okuw otagynda, okuwçynyň öňüne geçýänleriň içinde Ata mugallymyň derejesinde sapak berip biljegimiz gaty seýrekdir. Ynanaýyň, men ömrümde öwrenmek, barlamak, seljermek, tejribe ýaýratmak maksatlary bilen juda kän mugallymyň sapagyna gatnaşdym. Gowusy, ussady, kämili kän, ýöne Ata mugallym juda üýtgeşikdi. Meniň pikirimçe, ol mugallym bolup, halypa bolup doglan adam. Megerem, ol hiç ýerde özüni sapakdaky ýaly erkin duýan däldir. Megerem, onuň iň ajaýyp gylyk-häsiýetleri, mähribanlygy hiç ýerde sapakdaky ýaly doly açylan däldir.
Tanymal mugallym — usulyýetçi Ata Akbäbäýew 1947-nji ýylda Murgap etrabynyň Daşaýak obasynda dünýä inýär. Makalanyň sözbaşysyny hem onuň söýgüli kärine garaýşyny beýan edýän şygryndan aldyk.
2000-nji ýylda halypa-şägirtlik we usulyýet babatda düýpli özgerişlikler başlanypdy. Şol döwürde welaýat türkmen-türk mekdebinde işläp ýören türkmen dili we edebiýaty mugallymy Ata Akbäbäýewi hem müdirlige getirmek pikiri döredi. Sapaklaryny dynandyr-da diýip, günortana ýakyn baranymda, ol soňky sapagyna girjek bolup duran ekeni. Menem çagyranda «Atam, şu mahal ýadawsyň, indiki sapar irräk geläýerin» diýsem:
— Saňa sapagy ýadaw mahalyň nähili geçmelidigini görkezeýin-le, ýör hany! — diýip, yzyna düşürdi.
Edebiýat sapagy. Synpy iki topara bölüp, garşylyklaýyn oturtdy. Birnäçe sagatda özleşdirilen «Gül-Bilbil» dessany boýunça jemleýji sapak. Ata mugallym dessana degişli bir sowaly orta oklap, alyp baryjyny belledi-de:
— Biz myhman bilen bir käse çaý içip, diňläris, başlaberiň! — diýdi.
Sapak gutarýança guýlan çaýdan ýeke owurdam içmändirin. Jogaplaryň berlişi, doldurylyşy, garşydaş topar tarapyndan seljerilişi, jedelleşmeler, Ata mugallymyň käte ardynjyrap «Jedel — bu dawa däl» diýip, medeniýete çagyrmasy — bularyň hemmesi taýýarlanybam gurap bolmajak edebi gepleşik ýaly bir zat. Sapagyň bütin dowamynda mugallym bary-ýogy bäş sany sowal berdi, ahyrynda-da sapagy gysgaça jemledi. Galan wagty sapakda mugallym ýok ýaly, çagalar dessan barada, gahrymanlaryň hüý-häsiýeti, hereketleri barada beletlik bilen gürrüň etdiler. Hatda käbir halatlarda «eger şeýdäýen bolsa...» diýip, dessanyň mazmunyny bütinleý özgerdäýjek pikirleri hem orta atdylar.
Hawa, şol gezek Ata Akbäbäýewiň sapagy ýadawlykda nähili geçýänini gördüm. Ol, dogrudanam, şol sapakda ýadamady, ýöne okuwçylaryň özlerini şeýle sapaga taýýarlaýança, onuň adaty aýlykçy mugallymlardan on esse artyk ýadandygy welin bellidi.
Onuň özi biziň teklibimize göwnese-de, türk kärdeşlerimiziň razylygyny alaýmak ýolbaşçymyza az zähmet bermedi. Barybir, halypanyň aýdyşy ýaly, ýagdan gyl sogran ýaly etdi. Ata mugallym hem gelensoň, müdirligiň usuly işleri has giň we täzeçe gerim bilen ýaýbaňlandy. Hepdelik okuwlaryň diňe bir diňleýjileri däl, eýsem, sapak berýän söhbetçiler hem Ata mugallymyň we beýleki ussatlaryň söhbetlerini diňläp baýlaşdylar.
Şol döwürde Türkmenistanyň Bilim ministrligi mekdeplerde sapaklary interaktiw usulda guramagyň tejribesini ornaşdyrmak boýunça çäreleri belledi. Bu mesele boýunça ilki Aşgabatda, soň welaýatlarda ýörite maslahatlar geçirildi. Bu usuly nädip düşündirmeli, sapagy nähili taýýarlamaly, ony kim guramaly? Şu zatlaryň gürrüňi gidip durka, Ata mugallym ýerinden turaga-da, özüne käte mahsus gödeňsilik bilen:
— Näme pikir edişip otyrsyňyz, ýerini belläň-de, ýygnaň näçe adamyňyz bolsa! Şol sapagy men geçip bereýin — diýdi.
Iki günden soň, Mary şäherindäki gimnaziýanyň zalyna etraplardyr şäherlerden degerli adamlar, bilimiň ýolbaşçylary ýygnandylar. Okuwçy hökmünde gimnaziýanyň gutardyş synplarynyň biri alyndy. Welaýat okuw-usuly merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde çäräniň jogapkärçiligini duýýardym, tolgunýardym, dogrusy, ýaýdanýardym. Ýanymda işläp ýören Ata mugallyma ynamym baram bolsa, onuň bijaý rahatlygy, sapaga gatnaşjak synp bilen ýeke gezegem duşuşmazlygy mende asla rahatlyk goýmady.
Zal adamdan doly, okuwçylar sahnada, kiçeňräk synp tagtasy asylan. Mugallym görnenok. Alyp gelýärkäm «azajyk sarym gaýnaýar, alma alyp iýjek» diýip, bazaryň deňinde düşüp galypdy. Şol barmana zala Ata mugallymyň öňki işlän mekdebinden hem bir synp okuwçy gelip girdi. Bize aýtman çagyrypdyr. Olaram sahnada ýerleşdirdik. 6-njy hem 10-njy synplar bir sapakda. Çärä başlamaga ýarym sagat bar. Täze gelen okuwçylaryň biri turdy-da:
— Ata mugallym bize myhmanlary boş garaşdyrman güýmemegi tabşyrdy — diýdi-de, labyzly ses bilen Magtymgulynyň bir goşgusyny okap başlady. Zal dym-dyrslyk, çagalar gezekli-gezegine şeýle bir gowy goşgulary okaýarlar, hut iniň dygyrdaýar. Başlygyň maňa soragly garaýan nazarynda mähir ýok, ynam hem görnenok. Şol barmana Ata mugallym gelip girdi, salam berdi-de, başlaberdi...
Tolgunmalar, ýaýdanmalar ýom-ýok boldy, sähel salymdan biri-birini asla tanamaýan, 5 ýaş tapawutly çagalar grammatikanyň dünýäsine şeýle bir girişdiler, sahna-da sapak däl-de, hut sungat eseri görkezilýän ýalydy. Mugallymyň ýüzi, sesi rahat hem bolsa, ýekeje sekunt-da bir ýerde säginenok. Sowal ýagdyrýar, jogaplary okuwçylara seljerdýär, barmagy bilen alamatlandyrýan bahalaryny bir okuwçy belläp otyr. Ata mugallymyň maňlaýyndan der, dilinden dür, barmaklaryndan bäşlikler seçilýär. «Berekella, balam!», «Sag bol, oglum!», «Akyllym!», «Pikirlen, guzym!».
Sapak ortalaberende, ýanymda oturan başlygym Myratlyýew gulagyma pyşyrdap:
— Şu çagalara gözüm gidýär, bizi Ata mugallym okatmandy — diýdi. Bu guran çärämize-de, mugallyma-da berlen ýokary bahady.
Sapakdan soň synlasam, Ata mugallymyň kostýumynyň arkasyna der çykypdyr. Synlaýanymy aňan halypa hoşwagt ýylgyrdy-da, «Şumat joraplarym hem gury däl» diýdi. «Jalawadan der akdyrmak» diýlenini şonda görüpdim.
Pikirlenip otursaň, şol sapaga köp tarapdan bellik edip bolardy, ýöne mugallym bilen okuwçynyň arasyndaky işjeňlik gatnaşygy, sapagyň wagtynyň netijeli ulanylyşyny, ähli okuwçynyň sapaga çekilişini we bahalandyrylyşyny mundan gowy edip görkezmek mümkin däldi.
Dürli barlaglara gidilende, Ata mugallym wagt tapyp, tutuş sapagy ýa-da onuň bölegini özi geçip görkezende, diňe ýaşlar däl, eýsem, tejribeli mugallymlar-da kän-kän zatlary öwrenýärdiler. Beýleki hünärmenlerden hem onuň bu göreldesine eýerýänler bardy.
Şol döwürlerde hiç bir mugallymyň «Barlagçy gelýär» diýip, Ata Akbäbäýewden çekinmändigini arkaýyn aýdyp bolar. Kärdeşlerimiz şeýle hünärmenlere halypa, maslahatçy hökmünde garaýardylar. Şol bir wagtyň özünde-de ony käýindirmekden, gynandyrmakdan, onuň ynamyndan gaçmakdan çekinýärdiler.
Iňňän synçy we sowatly hünärmen hökmünde Ata mugallym hemişe belli bir waka ýa-da ýagdaýa däl-de, umumy akyma, häsiýetli, köp ýerde, kän gezek gaýtalanýan kemçilikleri we ýalňyşlyklary seljermeklige ýykgyn edýärdi. Hut şeýle seljermelerden soň, Akbäbäýewiň welaýat, hatda döwlet derejesinde ýaýradylan onlarça usuly hatlary döreýärdi.
«Gorkunç hünärmen däl-de, peýdaly hünärmen boljak boluň!». Ine, Ata mugallymyň öz kärdeşlerine beren maslahatynyň biri.
Hakyky usulçy, halypa mugallym Ata Akbäbäýewi beýleki ussatlardan tapawutlandyrýan, «aý, Atam eýgertmez» diýdirýän bir tarapy bardy. Ol öz pikirini, tekliplerini, maslahatlaryny saldamly, saýhally, ýürege gaplanaýjak setirlere salyp, metbugat, radio we telewideniýe arkaly halk köpçüligine ýetirip bilýän kämil galamgärdi. 1984-nji ýylda Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Ata Akbäbäýewiň iş tejribesi öwrenilip, ýurdumyzyň mekdeplerine ýaýradylýar. Murgaply täzelikçi mugallymyň ýazýan makalalary, girizýän täzelikleri, öňe sürýän teklipleri üns bererlikdi, olar eýýäm Türkmenistanyň çäginden daşarda-da öwrenilip başlanypdy. 1988-nji ýylda on sany okuwçysy bilen türkmen telewideniýesinde beren nusgalyk sapagy ony ýurdumyzyň magaryfçylarynyň arasynda tanymallyga ýetirdi.
Ata Akbäbäýewiň türkmen diline, onuň okadylyşyny kämilleşdirmäge degişli bitiren işlerini, dürli bäsleşiklerde mynasyp bolan derejelerini bir makalanyň çägine sygdyrmak mümkin däl. Onuň 1991-nji ýylda ilkinji gezek geçirilen «Ýylyň mugallymy» bäsleşiginiň ýeňijisi bolandygyny, «Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri» adyna eýedigini, orta mekdepler üçin türkmen dilinden okuw kitaplarynyň ençemesiniň, «Türkmen dilinden usuly gollanmanyň», «Mährem mugallym», «Mukaddes ojak» ýaly usuly kitaplaryň «Orta mekdepler üçin türkmen dilinden we edebiýatyndan barlagnamalaryň» awtorydygyny agzamak artykmaçlyk etmese gerek.
Hawa, Ata Akbäbäýew hakyky halypa, ussat, täzelikçi mugallym hökmünde hemişe tapawutlandy. Ýurdumyzda bilim ulgamyny özgertmek baradaky başlangyçlara seslenýän şägirtleriniň uly toparyny döretmegi başardy. Guwandyrýan ýeri, şägirtleriniň arasynda onuň öz maşgala agzalary hem bar. Onuň maşgalasyndaky mugallymlaryň hataryna agtyklary hem goşulyp gidip otyr.
Öz halkyny Gün kimin çoýup, işlemäge, ýaşamaga, Watana, halka ak ýürekden gulluk etmäge, halal zähmet bilen bereketli rysgala ýetmäge şert döredýän mähriban we Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutumly işleri rowaç bolsun!
Muhammetberdi ANNAGELDIÝEW.
«Türkmenistan».