
Articles
235

Başlangyç bilim çaganyň geljekki bilim dünýäsiniň binýadydyr. Şol binýadyň iň möhüm sütünleriniň biri-de matematika dersidir. Matematikany oňat özleşdiren okuwçy diňe sanamagy däl, eýsem, pikirlenmegi, deňeşdirmegi, çözgüt gözlemegi hem öwrenýär. Emma başlangyç synp okuwçysy üçin matematika diňe sanlar we düzgünler hökmünde görkezilse, sapak tiz wagtda içgysgynç bolup biler. Şonuň üçin häzirki zaman başlangyç synp mugallymynyň esasy wezipesi matematikany çaga söýdürip öwretmekdir.
Bu ýaşdaky çagalar dünýäni oýun, hereket, surat, ses we gyzykly wakalar arkaly kabul edýärler. Şol sebäpli matematika sapagy hem, olaryň ýaş aýratynlygyna laýyklykda, janly, täsirli we durmuş bilen baglanyşykly bolmalydyr.
Başlangyç synp okuwçysy abstrakt düşünjeleri doly kabul edip bilmeýär. Ol gözi bilen gören, eli bilen degen zadyny has çalt özleşdirýär. Mugallym muny göz öňünde tutup, her täze düşünjäni görkezme esbaplar arkaly düşündirmelidir. Mysal üçin, 10+5 amalyny diňe multimedia tagtada ýazmagyň ýerine, stoluň üstünde 10 sany galam goýup, soň ýene 5 galam goşmak arkaly düşündirse, okuwçy netijäni diňe eşidip däl, eýsem, görüp hem kabul edýär. Şeýle ýagdaýlarda matematika gyzyklanma artýar. Çaga sanlary ýatda saklamak üçin däl-de, düşünmek üçin öwrenýär.
Matematikany gyzykly öwretmegiň iň täsirli usullarynyň biri oýun usulydyr. Sebäbi oýun çaganyň tebigy dünýäsidir. Oýun arkaly öwredilen maglumat çalt ýatda galýar we okuwçy sapaga höwes bilen gatnaşýar.
Mysal üçin, mugallym «Sanlary tap!» atly oýny gurap biler. Multimedia tagtasynyň ýüzi dürli sanlar bilen doldurylýar. Mugallym:
— 15-den uly, 20-den kiçi sany tapyň!
— Jübüt sanlary aýdyň!
— Iki san goşulanda 12 bolýan sany tapyň!
— diýip, tabşyryk berýär. Okuwçylar bolsa bäsleşik görnüşinde jogap berýärler. Şeýle sapaklarda hatda öň sapaga çekinjeň gatnaşýan çagalar hem işjeňleşýär.
Ertekili meseleler hem matematika sapagyny täsirli edýär. Çaga meselede özüne gyzykly wakany görse, ony çözmäge höweslenýär.
Meselem:
«Bir towşanjyk 14 sany käşir ýygnady. Ol 6 sanysyny dostlaryna paýlady. Towşanjygyň özünde näçe käşir galdy?».
Bu ýerde okuwçy diňe amal çözmeýär. Ol towşanjygy göz öňüne getirýär, paýlaşmagy duýýar we wakanyň içinde ýaşaýar. Şeýle ýagdaý matematika bilen çuňňur duýguly baglanyşyk döredýär.
Başlangyç synplarda mesele çözmek aýratyn ussatlygy talap edýär. Köp çagalar sanlary goşmagy başarýarlar, ýöne meseläniň mazmunyna düşünmekde kynçylyk çekýärler. Şonuň üçin mugallym ilki meseläniň şertini okuwça okatmaly, düşündirmeli, soňra bolsa olaryň özlerine gürrüň berdirmelidir.
Mysal üçin:
«Bir agaçda 9 sany guş otyrdy. Ýene 4 guş gelip gondy. Indi agaçdaky guş näçe boldy?».
Mugallym şeýle soraglar bilen okuwçynyň pikirlenmesini ösdürip biler:
— Ilki näçe guş bardy?
— Soň näçe boldy?
— Guşlar azaldymy ýa köpeldimi?
— Haýsy amal gerek?
Şeýle usul okuwçynyň diňe jogaba däl, eýsem çözgüdiň ýoluna hem düşünmegine kömek edýär.
Matematika durmuş bilen baglanyşykly bolanda has gyzykly bolýar. Çaga «Bu maňa näme üçin gerek?» diýen soraga jogap tapmaly. Mugallym gündelik durmuşdan mysallar getirse, okuwçy matematikanyň hakykatdanam peýdalydygyny duýýar.
Netijede, başlangyç synplarda matematikany öwretmek diňe sanlary öwretmek däl, eýsem, pikirlenmegi öwretmekdir. Oýun, hereket, durmuş mysallary, ertekiler we mähirli gatnaşygyň utgaşmagy arkaly matematika sapagy çaganyň durmuşynda ýatdan çykmajak gyzykly dünýä öwrülýär. Şeýle sapaklarda diňe mesele çözýän däl, eýsem, pikirlenýän, döredijilikli we öz güýjüne ynanýan şahslar kemala gelýär.
Mahym NAZAROWA,
Aşgabat şäherindäki tebigy ugurly dersleri çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 75-nji orta mekdebiň mugallymy.