
Articles
255

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz ýaňy-ýakynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynda saparda boldy. Bu saparyň çäklerinde bolan duşuşyklarda Gahryman Arkadagymyz 1956-njy ýylda iňlis Şa zenanyna sowgat berlen Meleguşy ýatlady. Milli Liderimiziň parahatçylygyň ilçisi bolan ajaýyp ahalteke aty — Meleguş hem-de ony Angliýa äkiden türkmen atşynasy Babaly Taýmazow bilen baglanyşykly täsirli, tolgundyryjy pursatlary ýatlamagy bize hem örän ýakymly duýgulary bagyşlady. Şol Meleguş hem-de halypa atşynas Babaly Taýmazow barada bilýän maglumatlarymyzy, ýatlamalarymyzy okyjylar bilen paýlaşmagy makul bildik.
Gökdepäniň gadymy Babarap obasy ir döwürlerde-de köpleriň dilindedi. Bu obadaky gylýalçylyk fermasynda ahalteke atlarynyň köp sanlysy ösdürilip ýetişdirilýärdi. Atlar biri-birinden diňe bir ýüwrüklikde däl, eýsem, owadanlykda-da diýseň tapawutlanýardy. Şol döwürlerde atşynaslar Bajam Kowusdyr Myrat Rüstem şol fermada bile zähmet çekýärdiler. Olaryň behişdi bedewlere bolan yhlasy görnetin ýokarydy. Olar fermada bar bolan bedewlerden daşgary köpelýän täze taýlara-da eýeçilik gözi bilen garaýardylar. Olary edil öz perzentleri dünýä inen ýaly kabul edýärdiler. Durmuşyň hem tebigatyň döreden käbir kynçylyklaryny merdanalyk bilen gerdeninde çeken Bajam Kowusyň ýüregine diňe ahalteke atlary teselli berýärdi. Sapaly günleriň birinde Garakeýikden bir taý dogýar. Täze dogan taýy synlanyndan Bajam Kowusyň depesi gök direýär. Buşluk habary oba dolýar. Eýýäm taýlygyndan kalplara mähir çaýan bu taý gün geçdikçe gözlere mähir çaýýardy. Ol altynsow, mele reňkli at Meleguşdy.
1953-nji ýylda doglan Meleguş Mellek (oňa Meleke hem diýipdirler) bilen Garakeýigiň neslidir. Şu ýerde, ilki bilen, Meleguşuň atasy, altynsow mele at Mellek barada gysgaça ýatlalyň! Meleguşuň şeýlekin owadan, kaddy-kamatly beden gurluşy diýseň sazlaşykly at bolup ýetişmeginde Skagyň ugrundan bolan Mellegiň uly orny bar. Ol 1954-nji ýylda sap ganly ahalteke atlarynyň arasynda Moskwada geçirilen sergide hem owadanlykda çempion bolupdy. Atşynas hünärmenleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan Mellegiň nesilleriniň hem owadan, syrdam boýly, kaddy-kamatly bolmagy, elbetde, tebigydyr.
Şu ýerde ugurbaşy Skagy hem ýatlan ýagşy. Skak 1940-njy ýylda doglan. Ol — Gyzyl bilen Skalanyň nesli. Skagyň atasy Gyzyl Eýeberdi Telekäniň, enesi Skala bolsa Sluçaýyň neslidir. Skak örän daýaw, güýçli, süňklek at bolupdyr. Onuň nesilleri özleriniň göwresiniň iriligi, ajaýyp ýyndamlygy bilen aýratyn tapawutlanypdyrlar. Skagyň ugrundaky atlarda-da tohuma mahsus bolan gowy sypatlar ýeterlik saklanypdyr.
Dogrudan-da, Mellegiň nesli Meleguşuň diýseň owadan bolup ýetişmegi köpüň ünsüni özüne çekipdi. Meleguş owadanlygy ýaly ýüwrüklikde hem özüni görkezipdir. Ol ikiýaşar döwri Aşgabadyň aýlawynda dört gezek çapyp, hemmesinde-de baýrakly orunlara mynasyp bolupdyr. Oňa 1956-njy ýylda bantirowka (her bir tohum ata aýratynlykda köptaraplaýyn baha bermek) geçirilende, boýunyň 161 sm; kese uzynlygynyň 163 sm; döş göwrüminiň 178 sm; injiginiň ýogynlygynyň 20 sm bolandygyna baha berilmegi-de bellärliklidir. Şonuň ýaly-da oňa beýleki derejelerde 10, 10, 9,5, elita (naýbaşy) ýaly bahalar berlipdir. Meleguşa şeýle mynasyp bahalaryň berilmegi, atşynaslaryň arasynda aýdylyşy ýaly, “At aslyna çekermiş” sözüniň ýöne ýerden döremändigine kepil geçýän bolsa gerek.
Ine, meşhur Meleguşuň aňyrsynda şeýle şöhrata beslenen atlar bar. Neneň onsoň öz roýuny türkmen sährasynyň ajaýyplyklaryndan, Garagumuň gyrkylyk yzly guba çägesiniň reňkinden, atbakardyr seýsiň ýürek mährinden, yssy kalbyndan, söýgüleýän sözlerinden alan altynsow mele at — Meleguş şeýle zyba, düşbi, mährem bedew bolup ýetişmesin?!
Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýada saparda bolanda, ine, şu taryply aty ýatlap, onuň 1956-njy ýylda iňlis Şa zenanyna sowgat berlendigi barada şöhratly ahalteke bedewlerine bolan uly buýsanç bilen gürrüň berdi.
Meleguş ýatlanýarka, ony türkmen topragyndan alys ýurda äkiden Babaly Taýmaz barada hem kelam agyz gürrüň eden ýagşy. Bu barada Milli Liderimiziň behişdi bedewlere bagyşlap ýazan kitaplarynda-da gymmatly maglumatlar berilýär. Süňňi bilen behişdi ahalteke atlaryna berlen Babaly Taýmaz tutuş ömrüni, ykbalyny şolara bagyş eden pespäl ynsandy. 1917-nji ýylda doglan Babaly 1938-nji ýyldan tä ömrüniň ahyryna — 1996-njy ýyla çenli Aşgabat atçylyk zawodynda (häzirki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy) biregne 58 ýyllap päk ýürekden zähmet çekdi. Onuň tutuş zähmet ýoly, ömri, ykbaly at bilen bagly. Ol ýigitlik döwründen ykbalyny bedewler bilen baglaýar. Işe başlan günlerinden ýurdumyza belli halypa atşynaslardan hysyrdyly käriň inçe ýollaryny öwrenip ugraýar. Ýüregi bedew diýip urýan Babaly gysga wagtda ökde çapyksuwar, yhlasly seýis bolup ýetişýär. Onuň durmuş ýolunda, ykbalynda täsin wakalar bolup geçýär. Babaly Taýmaz bilen bagly wakalary şeýle ýatlaýarlar. Ine, olaryň käbiri:
O döwürler öňki soýuz respublikalarynda-da ahalteke atlary giňden ösdürilip ýetişdirilerdi. Şonuň üçinem her ýylda doganlyk respublikalaryň birinde ahalteke atlarynyň arasynda ýörite ýaryşlar geçirilerdi. Şeýle ýaryşlaryň biri 1941-nji ýylda Lwow şäherinde geçirilýär. Oňa biziň ýurdumyzyň şol wagtky atçylyk zawodyndan hem ajaýyp ahalteke atlarynyň ençemesi gatnaşýar. Ýaryş şowly geçse-de onuň soňy garaşylmadyk waka bilen gutarýar. Duýdansyz turan uruş adamlary aldym-berdime salýar. Ýaryşa baran türkmenistanly atşynaslar Babaly Taýmazow, Taýly Taýmazow, Annaguly Kiçiýew, Halmuhammet (Halmy seýis ady bilen belli bolan) Geldiýew hem-de beýlekiler haýdan-haý atlaryny tükelläp, yzyna — Türkmenistana gaýtmagyň gamyny iýip ugraýarlar. Şol pursatlar harby düzgün girizilensoň, hany saňa atlary başbitin yzyna getirer ýaly ulag-beýleki barmy?! Ýöne olar türkmen halkynyň milli mirasyny, milli buýsanjyny yzyna aşyrmak — Türkmenistana getirmek üçin jan edýärler. Çabga ýaly ýagýan okuň astyndan atlaryny başbitin alyp çykmak üçin bu ýigitler köp kynçylyklara döz gelmeli bolýarlar. Mümkinçilik bolan halatynda atlary kä wagonlara, kä ulaglara ýükleseler-de, köp ýagdaýlarda münüp alyp gaýtmaly bolýarlar. Şeýle kynçylykly pursatlary şol döwürler Babaly aga-da öz kärdeşleri bilen bile başdan geçirmeli bolupdyr.
Gahryman Arkadagymyz bu wakany “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” diýen kitabynda şeýle beýan edýär: “Men Meleguşa atlanyp, Şa zenanyňka ugradym. Egnimde gyrmyzy don, başymda-da ak telpek bardy. At özüni sylaýandyklaryny duýup, oýnap başlady. Men bolsa ol dili gysga etmez diýip oýlanýardym. Patyşa zenan ýylgyryp, ýeňillik bilen el çarpýar. Soňra jylawy iňlis seýsiniň eline gowşurýaryn. Ol ýaş oglan ekeni. Çakganlyk bilen ata böküp mündi. Birden patyşa zenan eliniň hereketi bilen şol iňlisiň atdan düşmegini düşündirdi. Ol göýä: “Türkmen bedewinden düş, öz atynda oturmak türkmene ýaraşýar” diýmek islän ýaly boldy. Patyşa zenan paýhasly zenandy. Ilkinji görende, türkmen atynyň diňe türkmene muwapykdygyny kesgitledi”.
Her iki sözüniň biri at barada bolan Babaly aga bu wakany öz kärdeşleriniň arasynda-da gürrüň berende babaraplylaryň Meleguşuny wasp etmän durup bilmezdi. “Meleguşuň edýän oýun-bazlaryny, onuň boýuny, başyny dik tutup, seýkin basyp, üýtgeşik bir ýöriş edip, birdenem ajaýyp gyýa bakyp, ençe wagtlap doňup durşuny taryp etmäge söz gerekdi” diýip aýdardy. “Ýöne şeýlekin duýgurdan näzik, owadan at bilen hoşlaşyp, yzyma — Türkmenistana gaýtmak maňa gaty kyn düşdi. Alma dek balkyldap duran gözlerinden syrygýan gözýaşlary synlap durmak maňa-da aňsat düşmedi. Bu pursady deň paýlaşdyk” diýip, halypa seýis gama batardy.
Hawa, asly halal seýisçilige baş goşup, ondan bagt tapan ussat çapyksuwar, ussat seýis, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Babaly Taýmazow öz döwründe biri-birinden ajaýyp atlary ösdürip ýetişdirdi. Olar ýyndamlykda aýlawlarda taý tapylmaýan atlar bolup taryha girdiler. Onuň ýetişdiren atlary barmak büküp sanardan kän. Ýöne şeýle-de bolsa, olaryň käsini ýatlan ýagşy. Şolara mysal edip, Angary, Gyrsakary, Gazanjygy, Sektory, Senagaty, Kömegi, Keýmir-2-ni, Ýeňşi, Gaçgyry, Gaçakçyny, Gerdeni, Garazady, Günbatary aýtsa bolar.
Onuň meşhurlyk gazanan atlary bilen birlikde, ýetişdiren şägirtlerem az däl. Olar häzirki günlerde halypasyndan öwrenen seýisçilik sungatyny dowam edip, toý-baýramlarymyza ýaraşyk berýän nurana atlary ösdürip ýetişdirýärler. Meşhur halypanyň oguldyr agtyklary, çowluklary atasynyň gol beren kesbi-kärini ynamly dowam edýärler.
Ine, tanymal, halypa atşynas Babaly Taýmaz şeýdip, seýisçilik sungatynda özboluşly yz goýup giden ynsandy.
Annabaýram PAÝAÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.