
Articles
211

Geň galdyrýan sport ýaryşlary
Sepaktakraw, bossabol, şahboks... Ýalňyş okandyryn öýtmäň, bular klawiaturada tötänleýin basylan harplar däl. Bular dünýäniň dürli künjeklerinde müňlerçe janköýeri bolan, resmi ýaryşlary we dünýä çempionatlary geçirilýän hakyky sport görnüşleridir. Eger siz sport diňe adaty futbol ýa-da basketboldan ybaratdyr öýdýän bolsaňyz, bu sanaw sizi haýran galdyrar:
Suwasty hokkeý
Hokkeý diňe buz üstünde oýnalýar öýdýän bolsaňyz, ýalňyşýarsyňyz! "Suwasty hokkeý" — bu adaty sport düşünjelerini üýtgedýän geň hem-de gyzykly oýunlaryň biri. Bu sportuň esaslandyryjysy daýwing boýunça amerikan instruktory Alan Beýkdir. Oýnuň kadasy ýönekeý ýaly görünse-de, ýerine ýetirilişi diýseň çylşyrymly: türgenler suwuň düýbündäki derwezä şaýbany geçirmeli. Buz üstündäki hokkeýden tapawutlylykda, bu ýerde klýuşkalar bary-ýogy 30 santimetr. Ýagny, adaty klýuşkalardan 5 esse gysga! Her tarapda 6 sany esasy oýunçy bolup, ýene 4 sanysy suwuň ýokarsynda öz gezegine garaşýar. Suwuň güýji adamlaryň fiziki agramyny deňleýär. Şonuň üçin jynsyna, ýaşyna ýa-da güýjüne garamazdan, her kim bu oýunda deňhukukly bäsleşip bilýär. Suwasty hokkeý häzirki wagtda dünýäde durnukly ösýär. Eýýäm dünýä ýüzünde 228 sany professional klub bu sport bilen işjeň meşgullanýar.