Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Home
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

Sanly bilim

“Hakyda Göwheri” bilim ulgamynda

09.01.2025

1928

“Hakyda  Göwheri”  bilim  ulgamynda

Ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler , ýetilýän sepgitler eziz Watanymyzyň bedew badyna badalga bolýar. Halkara Parahatçylyk, ynanyşmak ýylymyzyň her biri güni taryhy ähmiýetli buýsandyryjy wakalara beslenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlary bilen , Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda her bir ulgamda uly üstünlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallarynyň netijesinde giň dünýägaraýyşly, kämil, watan söýüji ýaş nesiller kemala gelýär.

Ýanwar aýynyň 6-syna Daşoguz welaýat Saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynda  Türkmen halkynyň Milli Lideri , Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze neşir edilen “Hakyda Göwheri” atlykitabynyň milli buýsanja ýugrulan watançylyk, bilim berjilik weterbiýeçilik ähmiýetini pedagogik ideýalary, olary okatmagyňusulýetinde giňden peýdalanmak boýunça maslahat geçirildi. MaslahataTürkmenistanyň Milli Bilim institunyňBilim işgärleriniň hünär kämilleşdirişbölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapar Durdyýew, Türkmenistanyň baýry bilim işgäri, mirasgär, Türkmenistanyň “Gaýrat” we “Magtymguly Pyragy “ atly medallary bilen sylaglanan Nurnazar Jumanazarow , Daşoguz welaýatynyň umumy orta bilim edaralardan mugallymlar, mekdep müdirleri jemi 180 adam gatnaşdy.

Türkmenistanyň Milli Bilim institutynyň Bilim işgärleriniň hünär kämilleşdiriş bölüminiň müdiri, biologiýa ylymlarynyň doktory Sapar Durdyýew çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda Göwheri” atly ajaýyp kitabynyň elemize gelip gowuşmagy bilen ähli bilim işgärlerini gutlady. “Hakyda Göwheri” atly kitap iki sany bapdan ybarat bolup. I Bap . Taryha Syýahat. II Bap Ruhy Miras diýip atlandyrylýar. Kitabyň I babynda Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärlikleriniň taryhy barada gyzykly rowaýatlaryň üsti bilen beýan edýär.

Kitabyň II babynda türkmen halkyny dünýä meşhur eden “Oguznama” eseri barada beýan edilýär. II babyň bir bölümi “Oguznama “-dünýä baýlygy diýip atlandyrylýar. Bu bölümde Oguz han atamyzyň pähim parasatlygy , durmuş ýörelgeleri tymsal getirilýär. Gahryman Arkadagymyz kitapda Oguz han barada “Oguz han uzak ýörişdekä , öz il-ýurduny ýatlap , “nagty barka , amanata “ ymtynyp ýörmegi uslyp bilmän, öýüne dolanmagy hyýalyna getirmegi , halkymyzyň  öýe örküň baglydygyna pugta ynamynyň türkmen halkynyň tebigatyndandygyny äşgär edýär.”diýip eziz Watanyň mukaddesligi barada çuňňur many-mazmuna ýugrulan jümleler bilen beýan edýär.

Maslahatynyň dowamynda özüniň gyzykly gürrüňleri bilen Türkmenistanyň baýry bilim işgäri , mirasgär , Türkmenistanyň “Gaýrat” we “Magtmguly Pyragy” atly medallary bilen sylaglanan Nurnazar Jumanazarowçykyş etdi. Halypa  mugallym öz çykyşynda GahrymanArkadagymyzyň “Hakyda Göwheri” atly kitabyndan   taryhy ýadygärlikler bilen baglanyşyk birnäçe rowaýatlar barada gürrüň berdi.  Bu ajaýyp eseriň nesil terbiýesine ähmiýetiniň ulydygyny nygtap ýaş nesli milli ruhda , watansöýüji nesiller edip terbiýelemekde ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdi.

Maslahatynyň dowamynda bilim işgärleri bilen özara söhbetdeşlikler , sorag-jogap alyşmak guraldy. Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda Göwheri” atly ajaýyp eserini okuw-terbiýeçilik işinde giňden peýdalanmak, taryhy ýadygärlikler baradaky gyzykly rowaýatlary sapaklarda , synp sagatlarynda okuwçylara gürrüň bermek bilen ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde ähmiýetiniň uludygy barada mugallymlara usuly maslahatlar berildi.

Gahryman Arkadgymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen bilim işgärlerine döredijilikli zähmet çekmegä, watana wepaly ýaş nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge ähli mümkinçilikler döredilýär. Biz bilim işgärlerine ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Arkadagymyzyň jalary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan döwletli işleri rowaç bolsun!

Daşoguz welaýatyň  Daşoguz şäheriniň iňlis dili dersine

ýöriteleşdirilen 29-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy,

“Ýylyň mugallymy-2024” bäsleşiginiň ýeňijisi,

Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi,

Jennet Annamedowa.

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address