
Articles
2109

Magtymguly — türkmeniň pelsepe ummanynyň dartyş güýji. Hut şonuň üçin-de, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Asyrlar aýlanyp, ýyllar kerwen gurap geçse-de, biz türkmen danasy, dünýä akyldary Magtymguly Pyragydan daşlaşmaýarys». Hormatly Prezidentimiz «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda şeýle nygtaýar: «Dünýä içre ýene bir ajaýyp dünýä bar, oňa Magtymguly Pyragynyň dünýäsi diýilýär».
Mälim bolşy ýaly, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby onuň Alyjenaby Magtymguly fenomenini açyp görkezmekde entek bärden gaýdýan ýüzlerçe, müňlerçe synanyşyklaryň üstüni täzeçe pikir goýazylyklary, ozal aýdylmadyk açyşlar bilen dolduran pelsepe diwanydyr. Munuň şeýledigine Magtymgulynyň türkmen halkynyň geçen ýa-da şu wagtky müňýyllygynyň döwletli nesibesidigi, pygamber paýhasyny özüne ýol edinen ol ägirt äriň, Görogly gaýratly gerçegiň diňe türkmen halkynyň däl, eýsem, ähli adamzadyň bagtly paýydygy, döwletli nesibesidigi baradaky täzeçe aýdylan örän dürs açyşlaryň ençemesini kitabyň gatlaryndan okanymyzda magat göz ýetirýäris.
Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda akyldaryň döredijilik dünýäsine düşünmegiň açaryny türkmen hem-de dünýä okyjysyna bagyş edýär. Eýsem, şol açar bize maglum bolmadyk haýsy syrlary açmaga ýardam edýär?!
Birinjiden, Magtymgulynyň döredijiliginiň gymmatyna heňňamyň, döwrüň täsir etmeýändigi baradaky hakykat. «Magtymgulynyň baryp üç asyr ozal döwür, durmuş, adam ahwallary baradaky pähim-paýhasly jümleleri şu günki günde hem gymmatyny gaçyrmaýar. Akyldaryň goşgulary häzirki ylym hem innowasiýalar, sanly tehnologiýalar babatda iňňän ösen döwrüň garaýşyna, adamzadyň örän kämilleşen aňyýetiniň derejesine hem laýyk gelýär». Hormatly Prezidentimiziň kitabyndaky şu jümleleriň hakykatdygyna akyldaryň tutuş bir ýyllap 300 ýyllygynyň toýunyň dabaraly ýagdaýda toýlanan ýylynda dünýä jemgyýetçiliginiň aňryýany bilen göz ýetirendigini aýdan ýagşy.
Ikinjiden, Magtymgulyny dünýä ýaýmak — şahyryň arzuw-umytlaryny hakykata öwürmekdir. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly: «Şol pähim-paýhaslar, öwüt-nesihatlar, jaý maslahatlar arkaly halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkidýäris. Medeni gatnaşyklary ilerletmek bilen, dünýä halklarynyň arasynda ýürekleriň we maksatlaryň bir bolmagyny gazanýarys».
Üçünjiden, Magtymguly — öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldar. Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Jemgyýetiň kämilligi üçin zerur bolan edep kadalary, gylyk-häsiýetleri, aýratynlyklary Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur diýip pikir edýärin» diýip, örän jaýdar belleýär.
Dördünjiden, Magtymgulynyň goşgulary — ömrüň formulasy. Hormatly Prezidentimiziň bu açyşy Magtymgulynyň şygyrlary bilen älemiň gurluşynyň arasynda hem meňzeşlik bardygyny subut edýär. Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny eliňden düşürmän, ürç edip okasaňam, her gezekde täze we täsin bir pikirleriň seriňde peýda bolýandygyny aýan edýär.
Bäşinjiden, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymgula düşünmegiň birinji ädiminiň akyldar şahyrymyzyň eserlerini yzygiderli, dowamly, ürç edip okamakdygyny bize salgy berýär.
Altynjydan, türkmen ruhy — bu Magtymguly Pyragynyň eserlerine çuňňur düşünmegiň ýene bir açary. Bu açar hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak: «...il-günüňe, halkyňa bolan hormat-sylag, mähir-söýgi bilen berk baglanyşyklydyr. Çünki aryf şahyrymyzyň goşgularynda türkmen ruhy ýaşaýar».
Ýedinjiden, türkmen paýhasyny umumadamzat ruhy gymmatlyklary bilen utgaşdyryp, sünnäläp söze sygdyran akyldar öz mekdebini döredip, has belentliklere galan şahsdyr. Adamzadyň bitewüligi, bölünmezligi hakyndaky düşünje Magtymguly Pyragy mekdebinde dörän baş pelsepedir. Özünden öň döredip ötenlerden, Eflatundan başlap Garajaoglana çenli taglym alan Pyragy özünden soňky söz ussatlarynyň ählisi üçin ylhamdar bolup gelýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby biz — bilim işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak terbiýe mekdebidir. Ondaky: «Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris» diýen pentler her bir mugallym üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolmalydyr.
Biz — bilim işgärleri ýaşlara edep-terbiýe, bilim berenimizde, hormatly Prezidentimiziň täze kitabyndaky Magtymguly Pyragynyň eserleriniň mizemez binadygy, bu binanyň sütünleriniň älem-jahana, barlyga hem-de barlygy bar edene söýgüden gurlandygy, bakylyk suwuna eýlenendigi, halkyna hem-de ähli adamzada bolan mähre ýugrulandygy, akyldar şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä edebiýatynyň naz-nygmatly desterhanydygy, munda söz nygmatlarynyň, paýhas maňyzlarynyň, labyz hoşalarynyň müň derde derman bolup durandygy, Magtymgulynyň edebi mirasynyň Gündogar edebiýatynyň naýbaşy äheňlerini özünde jemleýän bagy-bossandygy, sözleriniň çuňňur manyly, setirleriniň syrly hem bolsa, bu dünýäniň her kime açykdygy baradaky täzeçe pikir-garaýyşlary olaryň aňyna guýmagy başarmalydyrys.
Kitapda ylym-bilime aýratyn uly sarpa goýan halkymyzyň Magtymgulynyň şygyrlar diwanyny hökman öwrenilmeli we öwredilmeli kitaplaryň biri hökmünde görendigi nygtalýar. Şygryýet dünýäsinde älemleriň ýaradylyşy, jümle-jahanyň hakykaty, görünýän we görünmeýän barlyklar, ynsanyň ömür salyndaky üýtgeşmeler, pygamberler, pirler, taryhy şahsyýetler baradaky rowaýatlardyr taryhy hakykatlar — bularyň barysy bilim işinde geçilýän ähli derslerde mugallymlar üçin bahasyna ýetip bolmajak ylmy çeşmedir, hakykaty subut etmek üçin anyk delildir. Maksat — şol delilleri nesil terbiýesinde jaý ýerinde ulanyp bilmegimizde. Magtymguly Pyragynyň ömrüň, ýaşamagyň manysyna düşünmäge kömek edýän eserleri her bir okuwçynyň, talybyň öwrenmek, mugallymyň-terbiýeçiniň bolsa öwretmek işinde mydama hemrasy bolmalydyr.
Üns berilse, täze kitapda bize Magtymgulynyň mirasynyň pedagogik jähetini açmagyň ylmy usuly anyk salgy berilýär. Muny kitapdaky şu sözler subut edýär: «Magtymguly Pyragy hakynda söz açylanda duýgy-düşünje, bilim-başarnyk, ukyp-zehin güýçleriniň ählisini netijeli peýdalanmak gerek. Akyldar şahyrymyzyň goşgularynda adamzadyň öňündäki iň wajyp meseleleriň — «Kim bolmaly? Nähili bolmaly?» diýen sowallaryň jogaby bar». Bilim işiniň ähli basgançaklarynda möhüm bolan bu sowallara jogap tapmakda «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitap mugallymlaryň ýankitaby bolmalydyr. Şonda islendik terbiýeçi, mugallym öz işinde üstünlik gazanyp biler. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nygtaýşy ýaly, «Dana şahyrymyzyň sözlerine näçe çuňňur düşünip bilsek, ömrüň manysyna hem şonça çuň akyl ýetirip bileris».
Magtymgula düşünmegiň ilkinji ädimi hökmünde ýaşlarda akyldaryň eserlerini yzygiderli okamak, şeýle hem şahyryň öwüt-ündewlerine amal etmek, diýenlerini ýerine ýetirmäge, berjaý etmäge çalyşmak endiklerini terbiýelemek hem biziň borjumyz bolup durýar.
Islendik şahsyýet öz-özlüginde däl-de, jemgyýetiň bilim gurşawynda kemala gelýär. Magtymguly hem öz döwrüniň kämil bilim ojaklarynyň birnäçesinde dünýewi we dini bilim maksatnamalaryny birkemsiz özleşdiripdir. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymgula düşünmegiň ikinji ädimi hökmünde onuň okan kitaplaryny okamagy salgy berýär. «Akyldar şahyryň ýaşan döwründe mekdep-medreselerde nähili sapaklar berlen bolsa, şol kitaplary okamak arkaly Magtymguly Pyraga belli bir derejede düşünmegi başararys. Sebäbi dana şahyrymyzyň şygyrlary maňzy dok dürdäne sözlerden doly» diýip ýazýar. Hormatly Prezidentimiziň bu kitaby bize Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň pedagogik pikiriniň ösüş tapgyrlaryny içgin öwrenmekde hem gymmatly çeşme bolup durýar. Uly medreselerde ylmyň dürli ugurlaryndan sapak berlip, dil, edebiýat we taryhyň hökmany sapaklar bolandygy, hasap-hesip, matematika, algebra, himiýa, astronomiýa, zoologiýa, geografiýa, filosofiýa, logika ýaly beýleki birnäçe ylmy ugurlaryň ymykly özleşdirilendigi baradaky setirler bize XVIII asyryň uniwersitetleriniň okuw meýilnamasyny göz öňüne getirmäge mümkinçilik berýär.
Bilim ojaklarynda Magtymgulynyň öwüt-ündewlerine ygrarly ýaş nesli terbiýelemek biziň mukaddes borjumyza öwrülmelidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň: «Magtymgula düşünmek üçin halkyňy söýmeli! Magtymgula düşünmek üçin Watanyňy söýmeli! Magtymgula düşünmek üçin barlygy söýmeli!» diýen pähimlerini ýaş neslimiziň aňyna guýmalydyrys. Hormatly Prezidentimiziň Magtymgulynyň bir ummandygy, düýbüne çümmeseň, onuň dürlerini çöpläp bilmejekdigiň, Magtymgulynyň bir asmandygy, ýyldyz bolup beýgelmeseň, onuň belentligine göz ýetirip bilmejekdigiň, Magtymgulynyň bir ynsandygy, beýik häsiýetlere eýe bolmasaň, onuň kämilligine akyl ýetirmegiň mümkin däldigi, Magtymgulynyň bir yhsandygy, onuň adamzat üçin rehmetdigini duýmaýan adamyň paýhasly sözüň nygmatdygyna hem düşünýän däldigi hakdaky täzeçil pikir-garaýyşlaryny biz — pedagoglar bilim-terbiýeçilik işimiziň esasy ugur alyş nokadyna öwürmelidiris.
Hormatly Prezidentimiziň: «Magtymguly diýmek — türkmen, türkmen diýmek Magtymguludyr» diýen sözleri bilim işinde şahyryň tutuş mirasynyň esasy sütün, özen hökmünde alynmalydygyny bize salgy berýär. «Aslynda, her bir türkmen magtymgulyşynasdyr. Her bir türkmen ömrüniň dowamynda Magtymgula düşünmäge çalyşýar» diýen sözler terbiýeçilerdir mugallymlaryň çagalar bagyndan başlap, bilimiň ähli beýleki basgançaklarynda Magtymgulyny öwretmek işine örän çuňňur hem-de jogapkärçilikli çemeleşmelidigini aňladýar. Kitapda getirilýän baý maglumatlar orta mekdeplerde türkmen dili we edebiýaty, taryh, geografiýa, biologiýa, fizika, himiýa, ýaşaýyş-durmuş esaslary, özüňi alyp barmagyň medeniýeti, ýokary okuw mekdeplerinde türkmen edebiýatynyň taryhy, filosofiýa derslerinde Magtymgulynyň döredijiligini ulgamlaýyn esasda öwretmekde bahasyna ýetip bolmajak çeşmedir. Şu ýerde ýene bir zada ünsi çekesimiz gelýär. Hormatly Prezidentimiziň örän adalatly nygtaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň «Magtymguly Pyragynyň çuňňur many-mazmunly setirlerine, sözlerine berýän düşündirişleri, şol sözleriň şu günümize täsiri, geljegimize ähmiýeti, Magtymgulynyň sözleri bilen nesilleri terbiýelemek baradaky söhbetleri, berýän maslahatlary, dogrusy, aýratyn bir pedagogik gollanma, düýpli bir eser».
Asly dünýäde iň abraýly hünär bolan mugallymlar maşgalasyndan bolan hormatly Prezidentimiz öz maşgalasynda Magtymguly Pyragynyň ahlaklylyk, lebiz, kiçini söýmek, ululary sylamak, mätäji goldamak ýaly pikirlerine hemişe hormat goýulýandygyny aýratyn belleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitabynda öz maşgala dowamatynyň Magtymgulynyň goşgularynyň ruhunda terbiýelenendigi baradaky berýän gürrüňleri has-da täsirli. Atasynyň atasy Anna aganyň «Akyl sandyklary» hazynasynda Magtymguly Pyragynyň döwletlilik, mertlik, gaýratlylyk ýaly çuňňur watançylyga ýugrulan goşgularyndan bölekleriň bardygyny buýsanç bilen belleýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby diňe bir edebiýat däl, eýsem, taryh we jemgyýetçilik ylymlary derslerini täzeçe, Magtymgula düşünip okatmakda bize örän köp pikir-garaýyşlary berýär. Magtymgula parahatçylygyň şahyry nukdaýnazaryndan çemeleşmek — bu Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletiniň üçünji müňýyllygyň çylşyrymly geosyýasy şertlerinde daşary syýasatda dünýä teklip edýän «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgeleriniň düýp manysyna göz ýetirmekdir. Bu ýörelgeler geçmişden sapak alyp, şu günüň rahatlygyny, geljegiň aýdyňlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz Magtymgulyny syýasatçy, taryhçy, ilkinji nobatda bolsa, agzybirligiň ündewçisi, parahatçylygyň şahyry hökmünde häsiýetlendirýär. Kitapdaky: «XVIII asyrda Magtymgulynyň şygyrlary ruhy konstitusiýa hasaplanypdyr» diýen örän jaýdar kesgitleme mundan üç asyr çemesi ozalky türkmen jemgyýetçilik durmuşyna düşünmegiň açarydyr.
«Gul bolgul» goşgusyndaky:
Gargyş gurduň zürýadyny azaldyr,
Goýun kibi çar tarapa il bolgul! —
diýen bary-ýogy şu iki setirinde Magtymgulynyň dünýäni türkmençe görşi, halkara gatnaşyklarda diňe parahatçylygy ündemek pikiri jemlenendir. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara gatnaşyklarda öňe süren «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly täze filosofiýasynyň binýatlyk esaslarydyr.
Hormatly Prezidentimiz: «Dana Pyragynyň eserleriniň binýadynda: «Dünýäni ýagşylyk, dostluk, hoşniýetli hyzmatdaşlyk, mähirlilik, adamkärçilik halas edýär» diýen pikir durýar» diýip ýazýar. Kitapda Magtymguly Pyragynyň sözüniň dünýäde türkmeniň sözi, türkmeniň paýhasy bolup dabaralanýandygy nygtalýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitaby beýik söz ussady Magtymguly Pyraga sözden dikilen heýkeldir. Halkymyz bu gün Magtymgulynyň ady bilen hem, şöhraty-şany bilen hem ýene bir mertebe beýgeldi. Magtymguly hakda ýazylan bu kitap türkmen halkynyň bakylygy hakdaky kitapdyr.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň bilim ministri.
"Türkmenistan"
11.01.2025ý №10
Çeşme: Turkmenmetbugat