Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Centralized services and information portal of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan
slogan
Centralized services and information portal of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
Login

Articles

Sanly bilim

Çagalarda surat çekmek endigini kemala getirmegiň ähmiýeti

20.01.2025

249

Çagalarda surat çekmek endigini kemala getirmegiň ähmiýeti

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmekde uly işler alnyp barylýar. Ýurduň geljegi bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli we başarjaň bolmagy mugallymlaryň we bilim işgärleriniň çekýän päk zähmetine bagly bolup durýar. «Paýhas çeşmesi» kitabynda: «Bal süýji, baldan-da bala», «Çagany — ýaşdan, edebi — başdan» diýen ajaýyp nakyllar ýerleşdirilen. Biz — bilim işgärleri hem Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watana wepaly, berk bedenli, zähmete höwesli, ylym-bilimli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde yhlasly zähmet çekýäris.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen kabul edilen 12 ýyllyk umumy orta bilimiň mazmuny şahsyýeti kemala getirmekde ýaş aýratynlyklaryny hasaba alýar, ol şahsyýetiň ösüşiniň tapgyrlaýyn aýratynlyklaryna laýyklykda düzülendir. Bu tapgyrlaryň çaganyň ýaş aýratynlygyna laýyklykda, olaryň iş başarjaňlyklaryny göz öňünde tutýandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. Bu babatda ýurdumyzda mekdebe çenli bilim edaralarynyň öňünde hem belent we aýdyň maksatlar goýlandyr. Çagalaryň ruhy baýlygy, sagdynlygy we nesilden-nesle geçip gelýän milli edim-gylymlarymyza laýyklykda terbiýelenmekleri bu ulgamda zähmet çekýän her bir ynsan üçin belent borçdur. Ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, mekdebe çenli çagalara oňyn endikleri bermek we olary terbiýelemekde ene-atalar bilen işjeň gatnaşyklary alyp barmak esasy maksat bolup durýar. Çaga dünýäsi görýän zadyny kabul edýär. Şonuň üçin hem çaga terbiýesine ünsli çemeleşmek zerurdyr.

Şekillendiriş sungaty we surat çekmek çagalar bilen alnyp barylýan iň gyzykly we täsirli işleriň biridir. Şoňa görä-de, ene-atalar çagalaryna surat çekmegi öwretmelidirler. Çünki çagalar daşky dünýäni gyzykly we çeperçilikli beýan edip bilýärler.

Okuwçylara surat çekmegi öwretmäge başlamazdan ozal, şol sapagyň çagalara peýdasy barada düşündirmeli. Çaganyň şahsy durmuşynda surat çekmek esasy orny eýeleýär, sebäbi ol çaganyň pikirlenişi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Çaga göz öňüne getirmegi, deňeşdirmegi, düzmegi, şeýle-de ölçemegi we seljermegi öwrenýär. Bu sungatyň dowamynda çaga dünýäniň dürli öwüşginini we reňkini, ölçegini we ululygyny tanap bilýär.

Çagany howlukdyrmaly däldir. Ilkibaşda, çaga diňe galama üns berip, galam yzyndaky şekiline seredýär. Emma wagtyň geçmegi bilen, ol aýratyn bir şekil döretmäge synanyşyp başlaýar.

Çagalyk döwri göz öňüne getirmeleriň döwrüdir. Göz öňüne getirmek bilen, çaga özi barada pikir ýöredip başlaýar, özbaşdak bolýar, onuň döredijilige we sungata bolan höwesi artýar. Çaga diňe kagyz we galam bilen ýerine ýetirilýän hereketleri özleşdirmäge höweslenýär. Ol galamyň kagyz ýüzünde yz galdyrýandygyny görüp, şol hereketleri maksatly gaýtalaýar.

Bir ýarym ýaşyndan eýýäm çagada şekilli pursatlar peýda bolup başlaýar. Bu ýaşda çagalara surat çekmäge rugsat bermeli, bu bolsa çaganyň ösmegine kömek edýär. Iki ýaşynda çaga öňki hereketleri bilen surat çekmän, eýsem, galamy dogry tutmagy öwrenýär we özüniň çekip bilýän şekillerini birnäçe gezek gaýtalap çekmegi gowy görýär. Olar çylşyrymly şekilleri özleriçe ýeňilleşdirýär. Siz bu ýaşda ýaprakly gülüň suratyny çekip we çagaňyza ýapraklary dürli reňkde reňklemegi tabşyryp bilersiňiz.

Surat çekmegiň uly ähmiýeti bar. Bu işde çaganyň şahsyýet aýratynlyklary kemala gelýär, ygtyýarly ünsi we ýady ösüp başlaýar, çaganyň akyl taýdan ösüşine gowy ýardam berýär.

Şeýle hem çaga surat çekende, oňa sesiňi gataltmagyň ýa-da nägilelik bildirmegiň zerurlygynyň ýokdugyny ýatda saklamaly. Çaga ýüreginden syzdyryp hem-de höwes bilen surat çekýär, şonuň üçin onuň eden işini hökman öwüň we höweslendiriň. Uly adamlar çagalarda özbaşdaklygyň, döredijiligiň ösmegine ýardam bermelidirler. Olara özbaşdak pikirlenip, dürli suratlary çekmegi öwretmek esasy wezipeleriň biridir.

Ogulşat DURDYMEDOWA,

Beki Seýtäkow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

"Mugallymlar gazeti"

20.01.2025ý №6

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

Innovation Information Center. All rights reserved. 2024