Aşgabat
Articles
78
Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynda dana Pyragyny öwrenmeklige ömrüni bagyşlan adamlar hakda-da ýatlanylyp geçilýär. Şolaryň hatarynda alym we şahyr Ahmet Mämmedowyň hem ady getirilýär. Biz ussadyň ylym-bilim, edebiýat ýüküni gerdenine atyp geçen ykbal ýoly barada kelam agyz gürrüň etmegi makul bildik.
Filologiýa ylymlarynyň doktory, şahyr we terjimeçi, Türkmenistanyň ussat mugallymy Ahmet Mämmedow 1942-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň şol wagtky Garahoja obasynda dünýä inýär. Kakasy Gadam aganyň ertekiçi, şygryýetiň aşygy bolmagy çagalykdan Ahmetde edebiýata bolan söýgini döredýär. 1957-nji ýylda Köneürgenç etrabynyň «Biziň Watanymyz» gazetinde ilkinji goşgusy çap edilen A.Mämmedow «Mydam taýýar» gazeti, «Pioner» žurnaly bilen döredijilik gatnaşygyny ýygjamladýar. Ol häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde okan ýyllarynda has-da joşgunly döredýär. Esasan-da, «Mugallymlar gazeti» gazetinde köp çykyş edýär. Uniwersiteti tamamlap, az wagtlyk Türkmenbaşy şäherinde mugallymçylyk eden A.Mämmedow zähmet ýoluny ilki Aşgabat telestudiýasynda, soňra «Mugallymlar gazeti» gazetinde dowam etdirýär. Soň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň şol wagtky Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda işe başlap, ylymlar dünýäsine berilýär. Z.Muhammedowa, S.Atanyýazow, Ş.Halmuhammedow, A.Bekmyradow, R.Rejebow, G.Nazarow, D.Nuralyýew, A.Meredow, B.Ahundow, M.Öwezgeldiýew, S.Garryýew ýaly ägirtler bilen bile geçilen ýoluň dowamynda ol 1973-nji ýylda «Gündogar poeziýasynda türkmen tematikasy» temasyndan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1991-nji ýylda bolsa filologiýa ylymlarynyň doktory bolýar. Ol ene dilimiziň aýratynlyklaryny, edebiýatyň inçeliklerini öwrenende-de nazaryny dana Pyragynyň äleminden aýyrmady. Alymyň 200-den gowrak ylmy işiniň birnäçesi Magtymguly Pyraga bagyşlanypdy.
A.Mämmedow dana Pyragynyň şygyrlarynyň Merkezi Aziýa halklarynyň dillerine terjime edilmeginde-de, dünýä halklarynyň ýazyjy-şahyrlarynyň eserlerini, halk döredijilik nusgalaryny türkmen diline geçirmekde-de uly işleri bitirdi. Aýratyn-da garagalpak nusgawy edebiýatynyň wekilleri Günhojanyň, Ajynyýazyň, Berdagyň we Ybraýym Ýusubowyň, Gülüstan Mätýakubowanyň, Tolybaý Kabulowyň, Abylkasym Örepbergenowyň şygyrlary Ahmet aganyň yhlasy bilen türkmen dilinde ýaňlanypdy. Bu dostlukly halkyň edebiýatyna bagyşlanan ençeme makalalary türkmen okyjylaryna ýetirdi. Şeýle hyzmatlar rehnetsiz galmady. Ol 1996-njy ýylda Garagalpagystanyň at gazanan medeniýet işgäri diýen hormatly adyň eýesi boldy.
Ylma, edebiýata bagyşlanan ömür Ahmet Mämmedowa iň uly gymmatlygy — halkyň söýgüsini bagyş etdi. Ýyllaryň dowamynda okyjylara ýetirilen «Otjagaz», «Göwün güzerim», «Gündiziň suraty», «Ýyldyzly köl», «Ylham çeşmesi» ýaly kitaplarda ýerleşdirilen, gazet-žurnallarda çap bolan şygyrlary halkyň ýüregine ebedi ýoly çekdi.
Mekan ARTYKOW,
Aşgabat şäher Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.
"Edebiýat we sungat"
24.01.2025ý №4
Çeşme: Turkmenmetbugat
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Innovation Information Center. All rights reserved. 2024