Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

Sanly bilim

Göwünleri galkyndyran «Galkynyş»

03.02.2025

323

Göwünleri galkyndyran «Galkynyş»

Şu ýylyň ilkinji aýynda Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem gatnaşmagy we ondaky üstünlikli çykyşlarynyň gyzgyn garşylanylyp, birnäçe abraýly baýraklara mynasyp görülmegi behişdi bedewlerini hemişe ýakyn syrdaşy, gadyrly gardaşy, wepaly ýoldaşy saýyp gelen halkymyz üçin göwünleri galkyndyran ajaýyp waka boldy. Munuň özi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bedew batly ösüşlere beslenjekdiginiň buşlugy bolup, sportuň hem sungatyň parahatçylygy berkidiji, halklary dostlaşdyryjy güýje eýediginiň ýene bir aýdyň güwäsidir. Watandaşlarymyzyň gazanan täze halkara üstünliginiň şanyna Arkadag şäherinde ýaýbaňlandyrylan dabaralaryň, tutumly toýuň çäklerinde biz «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen söhbetdeş bolup, olaryň birnäçesiniň beren buýsançly gürrüňlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Serdar PYGYÝEW,

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi — topar ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy:

 — Monte-Karloda 47-nji gezek geçirilen halkara sirk sungaty festiwalyna dünýäniň onlarça ýurdundan köp sanly sirk artisti, dürli toparlar gatnaşdy. Elbetde, olaryň arasyndan saýlanmak, has tapawutlanmak, talapkär tomaşaçylaryň, sirksöýüjileriň goldawyna, berekellasyna mynasyp bolmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Biziň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparymyzyň tejribeli, ussat jigitleriniň muny başaryp, abraýly festiwalda üstünlikli çykyş etmekleri, netijede, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy milli buýsanjymyzy, atşynaslyga yhlas-höwesimizi, behişdi bedewlerimize söýgimizi, ýelden ýyndam ahalteke atlarymyzyň dünýädäki şan-şöhratyny has-da artdyrdy. Hut şol günlerde Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygyna saparyny amala aşyrmagy, Fransiýanyň Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde toparymyzyň agzalary bilen duşuşyp, gazanan üstünliklerimiz bilen gutlamagy biziň buýsançly başymyzy göge ýetiren, unudylmajak ýakymly pursatlara beslenen taryhy waka boldy. Ata Watanymyza dolanyp gelenimizden soň bolsa, ynha, behişdi bedewlerimiziň gadymy mekany — Arkadag şäherinde toparymyzyň halkara üstünliginiň şanyna tutumly toýlaryň tutulmagy, Milli Liderimiziň, döwlet Baştutanymyzyň uly möçberli pul sowgatlary bilen sylaglanmagymyz şatlygymyza şatlyk, buýsanjymyza buýsanç goşdy. Dabaraly pursatlarda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen maňa «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly adyň dakylmagy ykbalymda asla unudylmajak ýakymly wakadyr. Bu meni mundan beýläk-de yhlasly, netijeli zähmet çekmäge ruhlandyrýar hem-de borçlandyrýar. Şa serpaýlary, ýaşlygymyza garamazdan, bildirilýän belent ynam üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza alkyş aýdýaryn.

 Çapyksuwaryň çapyp barýan iki atyň aşagyndan geçen, türgenlerimiziň bedewiň üstünde minara şekilini emele getirip, ýaşyl tugumyzy hem-de dostlukly ýurduň baýdagyny belentden parladan pursatlaryny festiwala gatnaşyjylar has-da gyzgyn garşyladylar. Täze görnüşli oýunlar bilen toparymyzyň çykyşlarynyň üsti yzygiderli ýetirilýär. «Aty ýüpden bökdürmek» diýen oýun hem şolaryň biri. Şeýle oýunlary üstünlikli ýerine ýetirmekde at bilen onuň üstüne münen ýigidiň dil tapyşmagy, birek-birege dogry düşünişmegi örän möhüm. Diňe şonda görkezilýän çykyş şowly bolýar.

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary mundan ozalam birnäçe gezek halkara derejede uly üstünlikleri gazandy. Şol üstünlikleriň her biri Milli Liderimiziň behişdi bedewlerimize bolan egsilmez söýgüsiniň, toparymyza döredip beren giň mümkinçilikleriniň, goldawynyň ajaýyp miwesidir. Dünýäde sirk sungaty boýunça iň abraýly Monte-Karlo festiwalyna gatnaşmak uly arzuwymyzdy. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň saýasynda şol arzuwymyz hem hasyl boldy. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.

Arslan ANNAMYRADOW,

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy, Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň baş direktorynyň orunbasary:

 — Dünýäde sirk sungaty boýunça iň iri we abraýly gözden geçirilişe — Monte-Karlo festiwalyna gatnaşmak uly arzuwymyzdy. Ruhubelentlik, röwşen geljege synmaz ynam bilen gadam basylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýynda şol arzyly arzuwymyz wysalyna gowuşdy. Festiwala gatnaşmak üçin irginsiz taýýarlyk gördük. Üstünlige ýetmegiň baş şerti hökmünde, festiwala gatnaşmaga çakylyk gelen gününden başlap, oňa özümiziň-de, bedewlerimiziň-de hem ruhy, hem fiziki jähetden doly derejede taýýar bolup barmagyny öňümizde esasy maksat edip goýduk. Yhlasymyz gowşup, çykyşlarymyz şowly geçdi. Tomaşaçylaryň şowhuny, gyzgyn el çarpyşmalar bilen goldamagy bizi has-da ruhlandyrdy. Nissa şäheriniň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzyň biziň bilen duşuşyp, gazanan halkara baýraklarymyz bilen gutlamagy bolsa täze üstünliklere ynamymyzy, buýsanjymyzy has-da artdyrdy. Milli Liderimiz ýaňy-ýakynda hem Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine gelip, biziň bilen duşuşdy we toparymyzyň gazanan üstünligi bilen ýene bir ýola gutlap, şatlygymyzy paýlaşdy. Elbetde, şeýle ýakymly pursatlar, üstünligimiziň şanyna Arkadag şäherinde giňden guralan dabaralar, toparymyzyň ähli agzalaryna ajaýyp sowgat-serpaýlaryň gowşurylmagy bizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar. Milli Liderimiziň, hormatly Prezidentimiziň, halkymyzyň ynamy bize güýç berýär.

 Ykbalymyň iň ýakymly, ýatdan çykmajak wakalary behişdi bedewlerimiz, «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary bilen bagly. «At — myrat» diýlişi ýaly, men bu topara agza bolmak bilen, hem bagt, hem döwlet tapdym. Özüm ýaly bu toparyň agzasy bolan Jennet bilen maşgala gurmagym, bagt toýumyzyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bir günde tutulmagy, Gahryman Arkadagymyzyň bize ak pata bermegi durmuşymyzda hiç mahal unudylmajak, hakydamyza, ýüregimize müdimilik ornan ýakymly wakalardyr. Milli Liderimiziň ak patasy bizi ak ýollara, nurana geljege atardy. Agzybir maşgalamyzda, döwletli ojagymyzda ýelden ýyndam atlarymyza belent sarpa goýulýar, olara aýratyn mähir bilen garalýar. Bize milli gymmatlyklarymyza sarpa goýmagyň, Watany söýmegiň beýik göreldesini görkezýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Lilianna ANNAÝEWA,

«Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzasy, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymy:

 — Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň taýsyz tagallalary bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary ýelden ýyndam ahalteke atlarynyň gadymy şan-şöhratyny şu günki günde dünýäde dabaralandyrmakda öwgä mynasyp üstünlikleri gazanyp gelýär. Bu toparyň agzasydygyma, onuň üstünlikli çykyşlaryna gatnaşýandygyma örän buýsanýaryn.

«Galkynyşyň» Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyndaky şowly çykyşlary ýurdumyzda atşynaslygyň, sirk sungatynyň ýeten belent derejesini ýene bir gezek dünýäde ykrar etdirdi. Festiwalda toparymyzyň çykyşlaryna dürli milletlerden bolan tomaşaçylar örän uly gyzyklanma bildirip, gyzgyn garşyladylar. Behişdi bedewlerimiziň owadanlygy, ýyndamlygy, düşbüden akylly hereketleri, jigitlerimiziň çalasynlygy, at üstünde dürli oýunlary ussatlyk bilen görkezişleri olary haýran galdyrdy.

Arkadag şäherinde Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, goldawlary bilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň döredilmegi-de ýurdumyzda atşynaslygy, sirk sungatyny ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Halkara atçylyk akademiýasynda ata-babalarymyzdan gelýän atşynaslygyň, milli seýisçilik sungatynyň däplerini mynasyp dowam etdirip, ony mundan beýläk-de döwrebap derejede ösdürjek hünärmenler taýýarlanylýar. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp eserleri bolsa biziň ýankitaplarymyz, gymmatly gollanmalarymyz.

Halkymyz «At agynan ýerde toý bolar» diýýär. Şöhratly taryhymyzda «asman atlary» diýen at bilen meşhur bolan ahalteke bedewleriniň gadymy mekanynda — Arkadag şäherinde toparymyzyň gazanan halkara üstünligi mynasybetli uludan tutulan toý-dabaralar, gowşurylan sowgat-serpaýlar göwnümizi ganatlandyrdy. Çykyşlarymyza, halkara üstünliklerimize uly ähmiýet berip, bizi hemişe goldaýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde diňe rowaçlyk arzuw edýäris.

Ýazga geçiren Aýmyrat PIRJIKOW.

«Türkmenistan»

03.02.2025ý №29

Çeşme: Turkmenmetbugat

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address