Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Main
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

Innovation information center

Şahyryň setirleri aýdym-saz sungatynda

22.02.2025

1643

Şahyryň setirleri aýdym-saz sungatynda

Watançylyk, mertlik türkmene nusgalyk häsiýetdir. Elbetde, muňa ilkinji nobatda taryh şaýatlyk edýär. Merdana halkymyzyň gerçek yigitleriniň taryhyň dürli döwürlerinde ata Watany goramak üçin ata çykan pursatlary sanardan köpdür. Emma, bu ýolda halky watançylyk ruhunda terbiýelemek, üstesine muny şygryýet üsti bilen amal etmek aýratyn sungat bolup durýar. Ine, şeýle watançy şahyrlarymyzyň biri hem Seýitnazar Seýdidir.

Seýitnazar Seýdi öz döwründe ata Watany goramaga çagyryş bilen seslenen, bu ugurda ençeme goşgy setirlerini döreden türkmen edebiýatynyň beýik söz ussatlarynyň biridir. Şahsyýeti kemala getirmek we oňa mynasyp terbiýe bermek hemişe türkmen halkynda däbe öwrülen kadadyr. Bu terbiýe ýoluny bolsa ilkinji nobatda watançylyk teriýesinden başlamak zerurdyr.

Gahryman Arkadagymyz özüniň ajaýyp "Hakyda göwheri" atly ajaýyp eserinde şeýle belläp geçýär: "Eziz halkymyzyň ykbaly beýikler bilen baglanyşýar, ajaýyplyklar bilen sazlaşýar. Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar beýik taryhy döredýar". Hakykatdan-da watançy şahyr ýaş nesillere edep-terbiýäniň iň esasy sütüni bolan ata Watana söýgä ýugrulan ajaýyp eserleriniň uly toplumyny miras goýup gitdi. Elbetde, söz ussadynyň döreden bu ajaýyp şygyrlary geljek nesilleri ahlakly we watançyedip ýetişdimäge uly ýardam edýär. Şahyr öz "Görülsin indi" atly goşgusynda şeýle belläp geçýär:

Möwlam bermiş bize niçe galany,

Kytnamy, Perwerdi, Halaç, Çylany,

Şahyr bu şygyr setirleri bilen halky iň uly gymmatlyk bolup durýan Watan topragyny goramaga çagyrýar.

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ussat şahyryň baý medeni mirasy çuňňur öwrenilýär. Seýitnazar Seýdiniň "Görülsin imdi", "Baraly begler", "Dönmenem begler" we başgada birnäçe goşgylary aýdym-saz sungaty bilen utgaşdyrylýar. Watançylyk mekdebine öwrülen bu ajaýyp aýdymlar halkyň kalbynda öz mynasyp ornuny tapýar.

Şirin Rozyýewa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet

mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address