Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
Home
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

Articles

Sanly bilim

Ökdeler ýeňiji boldy

22.02.2025

256

Ökdeler ýeňiji boldy

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp ýaşlaryň arasynda daşary ýurt dillerini öwrenmek we özleşdirmek boýunça bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, ýakynda şeýle bäsleşikleriň biri Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda hem geçirildi.

Ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan edilen «Building Bridges with Spelling Bee» atly bäsleşikde ýaşlar iňlis dilinde sözleri harplap aýtmak boýunça bäsleşdiler. Ol parahatçylyk, ynanyşmak, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri bilen bagly sözleri hem-de BMG-niň çäginde ulanylýan adalgalary iňlis dilinde harplap aýtmakda bu dili öwrenmäge hyjuwly ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykardy.

Ýurdumyzda ilkinji gezek geçirilen bu bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň 19-syndan jemi 57 talyp gatnaşdy. Bäsleşikde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Selbi Allanazarowa 1-nji, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Kerimberdi Ataýew 2-nji, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby Aýlara Babajanowa bolsa 3-nji orna mynasyp boldy. Ýeňijilere ýadygärlik sowgatlardyr Hormat hatlary gowşuryldy.

Daşary ýurt dilini öwrenmegiň bu görnüşi boýunça bäsleşikleriň diňe bir dil öwrenmekde däl, eýsem, halkara hyzmatdaşlygy, dostlukly gatnaşyklary ösdürmekde hem uly ähmiýeti bar.

Aýsoltan HAÝDAROWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

"Türkmenistan"

22.02.2025ý №46

Çeşme: Turkmenmetbugat

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address