
Articles
84

Indoneziýa Respublikasynyň Malang şäherinde ýaşlaryň arasynda 5-nji halkara ylym-sergi bäsleşigi geçirilip, onda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymy Atamyrat Altyýewiň ýolbaşçylygyndaky talyplar topary ýurdumyza wekilçilik etdi. Bäsleşikde bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary Süleýmanmuhammet Şamuhammedow bilen Aýmyrat Halnazarowyň «Senagat galyndy materialyndan sement almagyň ylmy esaslary» atly ylmy işi altyn medala mynasyp boldy. Jemgyýetçilik ylymlary, daşky gurşaw, innowasion ylymlar we inženerçilik ýaly ugurlar boýunça geçirilen halkara bäsleşige 24 ýurtdan 446 topar gatnaşdy.
Öňdebaryjy tejribeleri özleşdirip
Ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň hünärmenleri bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň Daşary işler edarasynyň işgärleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Dostlukly ýurduň bilim ulgamyndaky öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmek hem-de olary milli bilim ulgamyna ornaşdyrmak duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan esasy meseleler boldy. Hytaýly hünärmenleriň belleýşi ýaly, Gansu welaýatynyň Lançžou uniwersitetinde 2020-nji ýyldan bäri Türkmenistany öwreniş ylmy-barlag merkezi hem-de Jiatong uniwersitetinde türkmen medeniýeti boýunça merkez hereket edýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen teklipleriň birnäçesini öňe sürmek bilen, olary tapgyrlaýyn esasda ýerine ýetirmek üçin bilelikde «Ýol kartasyny» taýýarlamagy hem-de «tegelek stol» duşuşyklaryny geçirmegi maksadalaýyk hasapladylar.
Türkmen wekiliýetiniň Koreýa sapary
Ylym-bilim, medeniýet we sungat köpugurly türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Ýurdumyzyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitindäki iri hyzmatdaşy bolan Koreýa Respublikasynyň Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilen halkara maslahat hem munuň aýdyň güwäsi boldy. Kangwon milli uniwersitetiniň guramagynda «Bilelikdäki geljek: ählumumy zehin we ýerli jemgyýet» atly halkara foruma gatnaşmak üçin türkmen wekiliýeti dostlukly ýurtda iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde koreý biliminiň iň öňdebaryjy tejribeleri öwrenildi. Şeýle hem Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary öz kärdeşlerini ýurdumyzda ýaşlara koreý dilini öwretmekde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyrdylar.
«Almaty Tech Cup — 2025»
Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda «Almaty Tech Cup — 2025» atly inženerçilik we robototehnika boýunça halkara çempionat badalga aldy. Ýaşlary STEM (ylym, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) derslerini öwrenmäge ruhlandyrýan bu halkara çärä ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryndan düzülen iki topar gatnaşyp, inženerçilik taslamalary bilen çykyş etdiler. Hindistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Mongoliýadan, Türkiýeden, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen ýaş inženerleri, programma düzüjileri, oýlap tapyjylary bir ýere jemlän halkara intellektual çempionat oňa gatnaşyjylaryň robototehnika, programmirleme we tehniki taslamalary taýýarlamak boýunça bilimlerini hem-de başarnyklaryny ýüze çykardy. Türkmenistanly mekdep okuwçylary ýurdumyzda sanly bilim ulgamynyň, innowasion tehnologiýalaryň işjeň ösdürilýändigini ýene bir ýola görkezmegi başardylar.
Gurbanmämmet SEÝITDÄÝEW.
«Türkmenistan»
27.02.2025ý №50
Çeşme: Turkmenmetbugat