Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Centralized services and information portal of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan
slogan
Centralized services and information portal of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
Login

Articles

Sanly bilim

Açyk halkara internet olimpiadasy

19.03.2025

77

Açyk halkara internet olimpiadasy

Ýakynda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda nazary mehanika dersi boýunça IV Açyk halkara internet olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 22-sinden 184 talyp, daşary ýurtlaryň 17-sine wekilçilik edýän 85 ýokary okuw mekdebinden bolsa jemi 517 talyp gatnaşdy.

Ders bäsleşigi ösen häzirki zaman tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanylyp, şahsy we toparlaýyn görnüşlerde geçirildi. Şahsy görnüşde geçirilen bäsleşige gatnaşyjylara nazary mehanika dersiniň statika, kinematika we dinamika bölümlerine degişli çylşyrymly 8 meseläni çözmek üçin 240 minut wagt berildi. Netijede, 20 sany birinji orna mynasyp bolan ýeňijiler kesgitlenildi. Şolaryň 9-sy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr. Has takygy, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary Dursunjemal Ataýewa we Aýna Ýazjumaýewa, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Aýşirin Sähetmyradowa bilen Didar Saparow, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary Gülşirin Saryýewa hem-de Täzegül Hojaýewa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyndan Yhlas Gylyjow, Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinden Maksat Agaýew, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyndan Öwezmuhammet Söýünhanow baýrakly birinji orna mynasyp boldular. Şahsy görnüşdäki bäsleşikde 53 sany ikinji orna mynasyp bolanlaryň 8-si ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarydyr.

Toparlaýyn görnüşde geçirilen ders bäsleşiginde düzümi 5 talypdan köp bolmadyk toparlar zehin babatda özara bäsleşdiler. Olar berlen 60 minudyň dowamynda nazary mehanika boýunça bäş meseläni çözdüler. Netijede, 8 topar, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplar toparlary birinji orunlara mynasyp boldular. Moskwanyň Fizika we tehnologiýa institutynyň topary bolsa baş baýragy eýelemegi başardy. Ikinji baýrakly orna dürli ýurtlardan 16 topar, şol sanda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryndan düzülen 6 topar mynasyp boldy. Toparlaýyn görnüşdäki üçünji baýrakly orna hem dürli ýurtlardan 24 topar mynasyp boldy.

Açyk halkara internet olimpiadasy nazary mehanika dersi boýunça zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary täze üstünliklere ruhlandyrmak üçin amatly mümkinçilikleri döretdi. Onuň jemleýji gününde şahsy we toparlaýyn görnüşdäki bäsleşiklerde ýeňiji bolan talyplar degişli diplomlardyr höweslendiriji sowgatlar bilen sylaglandy.

Olimpiadanyň geçirilen günlerinde institutymyzda medeni we okuw çäreleriniň hem birnäçesi geçirildi. “Altyn asyryň altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň rus dili boýunça döwlet tapgyrynda 11-nji we 12-nji synplarda okaýan iň zehinli okuwçylar saýlandy. Şeýle hem 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi, ýetip gelýän Milli bahar baýramy mynasybetli dürli medeni-köpçülikleýin çäreler, mugallymlaryň gatnaşmagynda okuw-usulyýet maslahaty, wagyz-nesihat we döredijilik duşuşyklary guraldy.

Ogulbäbek ABDYKADYROWA,

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň elektromehanika kafedrasynyň müdiri.

"Türkmenistan"

19.03.2025ý. №68

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

Innovation Information Center. All rights reserved. 2024