Aşgabat

Aşgabat
Balkan
Ahal
Mary
Lebap
Daşoguz
tm
ru
en
Centralized services and information portal of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan
slogan
Centralized services and information portal of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
Login

Articles

Sanly bilim

Röwşen geljegiň şuglasy

09.04.2025

28

Röwşen geljegiň şuglasy

Islendik döwletiň we jemgyýetiň ösüş derejesi bilimiň we ylmyň ösüşi bilen kesgitlenilýär. Şeýle ýagdaýda jemgyýetiň agzalarynyň her biri döredijilikli işlemäge doly mümkinçilik tapýar. Şeýlelikde, öňdebaryjy bilim, ylym döwletiň ösüşini herekete getirýän güýje öwrülýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim, ylym ulgamlaryny dünýä ülňülerine laýyk derejede ösdürmek baradaky syýasaty barha rowaçlanýar. Munuň özi döwrebap tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleriň barha artmagyny, netijede Watanymyzyň ýyl-ýyldan gülläp ösmegini şertlendirýär. Bu bolsa ylym-bilimiň uly baýlykdygyna şaýatlyk edýär.

Biziň orta hünär okuw mekdebimizde ýaşlara döwrebap bilim, asylly terbiýe bermäge, saýlan ugurlary boýunça ökde hünärmenler bolup ýetişmäge zerur şertler döredilendir. Häzirki zaman tehnologiýalaryny öwrenmek üçin multimedia tagtalary, okuw-görkezme esbaplary bilen abzallaşdyrylan okuw otaglarynda sapaklary täsirli guraýarys. Kompýuter otaglarynda internet ulgamynyň işlemegi talyplara ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Aýratyn hem, ýaşlaryň kämil hünärli bolmaklary barada ýurt möçberinde edilýän alada bizi has-da guwandyrýar. Milli bilim ulgamynda döwrebap işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde agzybir, zähmetsöýer mugallymlarymyzyň tagallalary uludyr.

Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynda ylym-bilimi ösdürmek esasy ugurlaryň biridir. Şunda ylym-bilimli kämil ýaşlary kemala getirmek, döwrebap mümkinçilikleri ösdürmek, okatmagyň hilini has-da kämilleşdirmek ýaly ugurlara üns berilýär. Munuň özi ösüşiň ýoludyr, röwşen geljegimiziň binýadydyr.

Orazjemal TUWAKOWA,

Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

"Mugallymlar gazeti"

Çeşme: Turkmenmetbugat

neutrality.gov.tm

Similar articles

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

+993 12 36-19-25

+993 12 36-19-26

+993 65 50-31-84

info@bilim.tm

Our address

744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house

Innovation Information Center. All rights reserved. 2024