Aşgabat
Articles
52
Düýn Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda V Açyk halkara matematika olimpiadasy (OMOUS — 2025) badalga aldy. Geçirilmegi asylly däbe öwrülen zehin bäsleşigine gatnaşmak üçin daşary ýurtlaryň birnäçesinden zehinli talyplar paýtagtymyza geldiler.
Uniwersitetiň binasynyň eýwanynda bilim ulgamynda ýetilen sepgitler, talyp durmuşy we ýaşlaryň üstünlikleri bilen tanyşdyrýan özboluşly sergi hem guraldy. Halkara ders olimpiadasynyň açylyş dabarasynda çykyş eden dostlukly ýurtlaryň wekilleri bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin türkmen tarapyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Bellenilişi ýaly, halkara zehin bäsleşikleri ýaşlaryň dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaklarynda we olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan ýylda geçirilýän bu halkara ders olimpiadasy hem diňe bir bäsleşik bolman, eýsem, dostlukly gatnaşyklary giňeltmek we berkitmek, bilimleri alyşmak, dünýäniň akademiki jemgyýetçiliginiň wekilleriniň arasynda ýakyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin amatly mümkinçilikleri döredýär.
Şu gezekki bäsleşige daşary ýurtlaryň 8-sinden jemi 31 ýokary okuw mekdebine wekilçilik edýän talyplaryň 137-si gatnaşýar. Olar Russiýanyň, Özbegistanyň, Indoneziýanyň, Eýranyň, Polşanyň, Rumyniýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlardyr. Paýtagtymyzda geçirilýän bu halkara ders olimpiadasyna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Hindistanyň talyplary ilkinji gezek gatnaşýarlar. Bäsleşige ýurdumyzyň 26 ýokary okuw mekdebinden 400-den gowrak talyp gatnaşýar. Takyk bilim ugry boýunça ýurdumyzyň ussat mugallymlary bilen bir hatarda, ady agzalan ýurtlardan gelen 30-dan gowrak mugallym olimpiadanyň üstünlikli geçirilmegine özleriniň ýardamyny bererler.
Olimpiada ýekebara we toparlaýyn görnüşde geçirilýär. Onuň ilkinji gününde talyplar ýekebara görnüşde geçirilen bäsleşiklere gatnaşyp, bellenen wagtyň dowamynda matematika degişli çylşyrymly meseleleri çözdüler. Ýurdumyzyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary olimpiadanyň kada laýyk we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegine gözegçilik ederler.
Ders bäsleşigine gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza gelen wekiliýetler üçin ýörite medeni maksatnama hem taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp ýerlerine gezelençleriň guralmagy meýilleşdirilýär. Myhmanlar olimpiadanyň birinji gününiň dowamynda paýtagtymyzyň döwrebap söwda-dynç alyş merkezlerinde bolup, wagtlaryny gyzykly geçirdiler.
— Bu ders olimpiadasy gysga wagtyň içinde matematika ugry boýunça halkara bilim giňişliginde belli bäsleşikleriň biri boldy. Zehin bäsleşigine gatnaşýanlaryň sanynyň ýyl-ýyldan artmagy munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. Onuň maksady takyk bilimleri ösdürmäge, ýaşlaryň we mugallymlaryň özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, ylym-bilim arkaly dost-doganlygy, parahatçylygy berkitmäge ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu ýörelgeler şu ýyl şanly 30 ýyllygy giňden baýram edilýän hemişelik Bitaraplygymyzyň öňe sürýän taglymlaryna hem laýyk gelýär. Olimpiada 18-nji aprelde dabaraly ýagdaýda jemleniler — diýip, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy Pirmyrat Gurbanow söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.
Begli ABDYKADYROW.
«Türkmenistan»
Çeşmesi: Turkmenmetbugat
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Innovation Information Center. All rights reserved. 2024