
Articles
997

Ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemek, olaryň watansöýüji bolup ýetişmeklerini gazanmak mugallymlaryň baş aladalarydyr. Şunda nusgawy edebiýatyň hem, ene dilimiziň hem uly orny bardyr. Milli terbiýe ene dilimizde döredilen edebi gymmatlyklardan başlanýar. Şonuň üçin halkymyzyň milli ýörelgelerini çeper edebiýatyň, dilimiziň baýlygynyň mysalynda düşündirmek bolar. Türkmen dili sapagynda milli ýörelgelerimiz hakynda beýan etmek, ene dilimiziň baýlygy barada düşünje bermek esasy ugur bolup durýar. Şonuň üçin hem türkmen dili sapagynda okuwçylara nusgawy edebiýata degişli goşgulary, dessanlary okamagy wagyz edýäris. Çünki nusgawy edebiýatda dilimiziň gadymdan gelýän baýlyklary bardyr. Şeýle hem nusgawy edebiýatdaky goşgularda watansöýüjilik, il-güne bolan söýgi giňişleýin beýan edilýär.
Orta mekdepleriň 7-nji synpynda türkmen dili sapagynda işlikler barada giňişleýin düşünje berilýär. Işlikler barada aýdylmak bilen, iş atlary hakynda hem öwredilýär. Şunda ýörite prezentasiýalary, multimedia tagtasy üçin tablisalary, görnüşleri taýýarlamak örän ähmiýetlidir. Esasan hem, iş atlary hakyndaky kesgitlemäni, iş atlarynyň ýasalyşy hakyndaky mysallary, sözleri multimedia tagtasynda görkezmek okuwçy üçin has-da täsirli bolýar.
Sapagyň başynda geçilenleri gaýtalamak bilen, işlikler barada gürrüň berýäris, käbir sözleri mysal getirýäris. Şeýlelikde, işliklerden iş atlarynyň ýasalýandygyny okuwçylara düşündirýäris. Şunda okuw kitabyndan peýdalanyp, iş atlary hakynda kesgitlemäni aýdyp, multimedia tagtasynda görkezýäris. Işiň, gymyldy-hereketiň adyny aňladyp gelýän sözlere iş atlary diýilýändigini, iş atlaryň düýp işligiň yzyna işlikden at ýasaýan goşulmalaryň goşulmagy bilen ýasalýandygyny düşündirýäris. Has takygy, bu goşulmalary multimedia tagtasynda görkezýäris:
-ma, -me, -yş, -iş, -uş, -üş, -ýyş, -ýiş, -asy, -esi goşulmalary.
Mysal üçin:
Gönük – gönükme;
Ýaşa — ýaşaýyş;
Ös — ösüş;
Ek — ekiş;
Oka — okaýyş.
Iş atlary hakynda düşündirmek bilen, bu sözleriň dürs ýazuwy, morfologik gurluşy hakynda hem beýan edýäris. Şonuň üçin sapagyň dowamynda iş atlaryna degişli sözlemleri okaýarys, iş atlaryna ünsi çekýäris we sözleri morfologik derňew edýäris. Her bir okuwçy depderine iş atlaryny ýazyp alýar, morfologik derňew edýär. Munuň özi okuwçylaryň sapaga has içgin düşünmekleri üçin ähmiýetlidir.
Sapagyň ahyrynda sowal-jogap alyşmagy, okuwçylaryň düşünjelerini barlamagy örän ähmiýetli hasaplaýarys. Çünki, sowal-jogaplaryň üsti bilen, okuwçylar iş atlary hakyndaky pikirlerini beýan etmegi, mysallara ýüzlenmegi öwrenýärler. Şunda olaryň pikirlenişi ösýär, sapaga bolan işjeňligi artýar. Öýe ýumuş hökmünde iş atlaryna degişli sözleri ulanyp, sözlemleri düzmegi we degişli sözleri morfologik derňew etmegi tabşyrýarys.
Kakamyrat TÖRÄÝEW,
Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky 66-njy orta mekdebiň mugallymy
Çeşmesi: Turkmenmetbugat