Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Hytaý ykjam aragatnaşyk ulgamynda dünýäde ilkinjileriň hatarynda bolmagyny dowam edýär

25.11.2023

134

Hytaý ykjam aragatnaşyk ulgamynda dünýäde ilkinjileriň hatarynda bolmagyny dowam edýär

Hytaýyň tehnologiýa goşandy dünýäniň ykjam aragatnaşyk ulgamyna ägirt uly täsir etdi, aragatnaşyk çykdajylaryny azaltmaga we onuň elýeterliligini gowulandyrmaga ýardam berdi.

Hytaý ählumumy maglumat ulgamyny döretmekde dünýäde birinji orny eýeleýär. Hytaýyň 5G ulgamy ulanyjylaryň sany we gurşap alýan meýdany boýunça dünýäde iň uly 5G ulgamydyr.

Munuň özi geljekde Hytaýyň ykjam aragatnaşyk pudagynyň optiki we hemra aragatnaşyk, şeýle hem ulag serişdeleriniň Intertedi ulgamynda dünýäde ilkinjileriň hataryna geçjekdigini çaklamaga mümkinçilik berýär.

Hytaýyň maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalary korporasiýasynyň (Сhina Information аnd Сommuniсation Teсhnologies Group Сorporation) baş direktorynyň orunbasary we baş inženeri Çen Şanži Сhina daily web-saýtyna beren interwýusynda Hytaýyň maglumat-kommunikasiýa pudagynda giň zolakly elýeterlilik, utgaşdyrmak, durnuklylyk we howpsuzlyk ýaly ugurlaryň ösdürilmegine uly üns berjekdigini aýtdy.

Onuň aýtmagyna görä, ýokary geçirijilik ukybyny gazanmak we hemra hem-de ýerüsti ykjam aragatnaşygyny utgaşdyrmak zerur bolup durýar. Aragatnaşygyň emeli intellekt bilen utgaşdyrylmagy, daşky gurşawa zyňyndylaryň azaldylmagy beýleki möhüm ugurlar bolup durýar.

“Bularyň hemmesi müşderilerimize we umuman tutuş pudaga toplumlaýyn çözgütleri teklip etmäge mümkinçilik berer” diýip, Çen Şanži belledi.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address