Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Hytaý dünýädäki ilkinji ýokary tizlikli aragatnaşyk magistral ulgamyny işe girizdi

18.11.2023

136

Hytaý dünýädäki ilkinji ýokary tizlikli aragatnaşyk magistral ulgamyny işe girizdi

Hytaý indiki nesil internetiň dünýädäki ilkinji ýokary tizlikli magistral ulgamyny işe girizdi diýip China daily habar berýär.

Munuň özi ählumumy internet infrastrukturasynda möhüm waka boldy.

Ýokary tizlikli aragatnaşyk ulgamy Sinhua Uniwersiteti tarapyndan China Mobile, Huawei, şeýle hem Hytaý bilim we ylmy-barlag tory bilen hyzmatdaşlykda işlenilip taýýarlanyldy. Aragatnaşyk ulgamy üç müň kilometrden gowrak bolup, Pekini, Hubeý welaýatyndaky Uhany we Guandun welaýatyndaky Guançžouny birleşdirýär.

Sekuntda 1200 gigabit tizligi bolan bu ulgam ýokary durlukdaky 150 filmi bary ýogy bir sekuntda geçirmäge ukyplydyr.

Şunda maglumaty geçirmegiň netijeliligi 10 esse uludyr.

Bilermenleriň belleýşi ýaly, bu tizlige 2025-nji ýylda ýetmäge garaşylýardy, ýöne hytaýly hünärmenler bu maksada has ir ýetdiler.

Ulgam programmalara we enjamlara özbaşdak gözegçilik edýär, bu bolsa onuň tehnologiýa mümkinçiliklerini dünýäde öňdäki orunlara çykarýar.

Sinhua Uniwersitetiniň Ulgamlaýyn ylymlar we kibergiňişlik institutynyň wekili professor Sýuý Minweý ýokary tizlikli indiki nesil aragatnaşyk magistral ulgamyny demirýoluna meňzetdi.

“Ozal sany barha artýan ýolagçylary ýerleşdirmek üçin 10 sany demirýol gerekdi, indi bolsa ýekeje ýokary tizlikli demirýoly hem ýeterlik” diýip ol belledi.

Magistral aragatnaşyk ulgamy, munuň özi internet hyzmatlary bilen meşgullanýanlara ulgamlaýyn hyzmatlary amala aşyryp bilýän ýokary tizlikli maglumat geçiriji ulgamdyr.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address