Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Ýurdumyzda halkara internet olimpiadalary geçiriler

18.11.2023

127

Ýurdumyzda halkara internet olimpiadalary geçiriler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýylyň ahyryna çenli talyplaryň arasynda birnäçe internet olimpiadalary geçiriler. Bu barada wise-premýer Nurmuhammet Amannepesow Ministrler Kabinetiniň anna güni geçirilen mejlisinde mälim etdi.

Bellenilişi ýaly, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde ekologiýa dersi boýunça II açyk halkara internet olimpiadasyny, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça II halkara internet olimpiadasyny, Türkmen oba hojalyk institutynda inžener we kompýuter grafikasy boýunça II halkara internet bäsleşigini, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda rus dili dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda III açyk halkara fizika dersi boýunça internet olimpiadasyny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem 2024-nji ýylyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde mekdep okuwçylarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasyny Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda geçirmek göz öňünde tutulýar. Oňa gatnaşyjy daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäheriniň hem-de paýtagtymyzyň gözel ýerlerine gezelençlerini guramak meýilleşdirilýär.

Halkara olimpiadalara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen bir hatarda, daşary ýurtlaryň abraýly okuw mekdepleriniň zehinli ýaşlarynyň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address