Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan
Portal of centralized services and information
of the Innovation Information Center
of the Ministry of Education of Turkmenistan

Independent Neutral Turkmenistan - the
homeland of purposeful winged horses

Portal of centralized services and information of the Innovation Information Center of the Ministry of Education of Turkmenistan.
About us
News
Articles
Images
Videos
Competitions
/_nuxt/en.CamCehN9.png
tk
tk
ru
ru
en
en
Login
tk
ru
en

News

Innovation information center

Türkmen alymlary ýerli çig maldan tehniki duz kislotasyny öndürýän täze tehnologiýa döretdiler

13.11.2023

140

Türkmen alymlary ýerli çig maldan tehniki duz kislotasyny öndürýän täze tehnologiýa döretdiler

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda himiýa senagatynyň dürli pudaklarynda düýpli we amaly barlaglar geçirilýär we olaryň netijeleri önümçilige ornaşdyrylýar. Mysal üçin, häzirki wagtda, esasan, dürli maksatly ulanmak üçin beýleki ýurtlardan getirilýän tehniki duz kislotasyny öndürmek boýunça himiýaçy alymlaryň oýlap tapan tehnologiýasynyň uly ykdysady ähmiýeti bar. Institutyň laboratoriýa şertlerinde tehniki duz kislotasyny almak üçin ylmy-barlaglaryň geçirilmegi netijesinde ony ýerli çig maldan öndürmegiň has amatly usuly saýlanyp alyndy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron saýtynda habar berildi.

Ylmy barlaglaryň netijelerini we taýýarlanan önümçilik tehnologiýasyny synagdan geçirmek üçin «Garabogazkarbamid» zawodynda Garabogazköl aýlagynyň baý mineral çig maly bolan bisofit bilen konsentrirlenen kükürt kislotasyny reaksiýa edip, tehniki duz kislotasyny öndürmek üçin zerur enjamlar taýýarlandy. Üstünlikli önümçilik synaglarynyň netijesinde 35 — 37,5% konsentrasiýaly tehniki duz kislotasy alyndy.

Geljekde Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň alymlarynyň döreden tehnologiýasyny ulanyp, ýerli çig maldan tehniki duz kislotasynyň doly derejeli önümçiligine başlanmagy nebit, gaz, himiýa, metallurgiýa kagyz pudaklarynyň, şeýle hem lukmançylygyň, himiýa barlaghanalarynyň we dürli boýaglardyr ýaglary öndürmekde talabyny kanagatlandyrar. Bu diňe bir daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurtda öndürmeklige saldamly goşant goşman, eýsem, bu zerur himiki önümleriň eksport edilmegine hem mümkinçilik döreder diýlip, habarda bellenilýär.

Similar news

Our partners

Digital systems

Rules for using materialsPrivacy policy
Contact

Our address