Aşgabat
News
47
Amerikan işewüri Ilon Maska degişli hem-de emeli intellekt ulgamynda ýörüteleşen xAI startapy özüniň Grok atly ilkinji neýro ulgamynyň nusgasy bilen tanyşdyrdy.
Kompaniýanyň habar bermegine görä, Grok “Awtostop bilen galaktikada gezelenjiň” nusgasy boýunça işlenip taýýarlanyldy. Ol islendik soraga jogap bermäge, şeýle hem haýsy soraglary bermelidigini aýtmaga ukyplydyr.
Grok X sosial ulgamyndaky kontentlere görä taýýarlanandygy üçin, onuň maglumat binýady X sosial ulgamynda täze kontentleriň peýda bolmagy bilen yzygiderli täzelenip durýar. Munuň özi onuň esasy artykmaçlygydyr. Ilon Maskyň aýtmagyna görä, bu neýroulgam soraglara degişme bilen hem jogap berip biler.
Şeýle hem işewür xAI startapy tarapyndan işlenip taýýarlanylan emeli intellekti X sosial ulgamyna ornaşdyrmagy hem-de bu çat-bota X-den aýratynlykda elýeterliligi üpjün etjek goşundyny çykarmagy meýilleşdirýändigini habar berdi.
Ilon Maska degişli xAI kompaniýasy we X sosial ulgamy özbaşdak düzümler bolsa-da, olar birek-birek bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýärler.
744000, Turkmenistan, Ashgabat city, Baktyarlyk etrap, Magtymguly avenue, 136 house
Turkmenistan Ministry of Science and Education. Innovation Information Center. 2024