
News
201

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara Bitaraplyk güni we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döredijilik ýaryşyny — iňlis dilinde çeper ýazuw bäsleşigini geçirýär. Bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen tassyklanan Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmagyň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak we Türkmenistan Diýarymyzda sanly žurnalistikany ösdürmek maksady bilen guralýar.
Bäsleşige ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşyp biler. Her bir gatnaşýan talyp https://iuhd.edu.tm/competition internet sahypasy arkaly hasaba alynmalydyr. Bäsleşige gatnaşyjylary hasaba almak işi 2023-nji ýylyň 5 — 25-nji noýabry aralygynda dowam eder.
Bäsleşige gatnaşyljak işiň temasy: «Berkarar döwlet istärin» («Ussat şahyr Bitaraplyk zamanamyzda», «Magtymguly, budur türkmen binasy»).
Bäsleşige gatnaşýan talyp özi hakyndaky maglumatnamany dolduryp, işi bilen bilelikde bir word görnüşinde iuhd.socialcontest@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.
Bäsleşige gatnaşýan talyp diňe bir iş hödürläp biler. Hödürlenýän işler guramaçylyk toparynyň iuhd.socialcontest@gmail.com elektron salgysyna 2023-nji ýylyň 30-njy noýabryna çenli ugradylmaly.
Bäsleşige hödürlenýän işler hiç bir ýerde çap edilmedik bolmaly.